Ronalduwyň «Al-Nasry» kyn ýagdaýa düşdi, klubuň bergileri $200 milliondan geçdi

29.07.2026, 10:0610,087

Kriştianu Ronalduwyň çykyş edýän «Al-Nasr» saud futbol kluby çynlakaý maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Saud KHBS-iniň maglumatlaryna görä, ýurduň häzirki çempionynyň bergisi 800 million rialdan (200 million dollardan gowrak) aşdy.

Habar berlişi ýaly, kynçylyklar geçen möwsümde klubuň ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilen maliýe çözgütleri sebäpli ýüze çykdy.

Oýunçylaryň bir bölegi eýýäm zähmet haklarynyň gijikdirilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Esasy düzümiň käbir futbolçylary iýun aýynyň töleginiň diňe bir bölegini aldy. Klub bergini ýakyn wagtda üzmäge söz berdi.

Çökgünlik sebäpli «Al-Nasr» transfer bazaryndaky işini hem wagtlaýyn saklady. Hususan-da, şu tomus topardan giden ýarymgoragçy Marselo Brozowiçiň ornuny tutjak oýunçyny gözlemek işi yza süýşürildi. Maliýe ýagdaýy durnuklaşýança, täze satyn almalar amala aşyrylmaz.

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, kluba gözegçilik edýän Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) çökgünlige garşy meýilnama işläp düzdi. Ol täze şertnamalar baglaşylanda ýolbaşçylaryň ygtyýarlyklaryny çäklendirmegi, garaşsyz maliýe we hukuk geňeşçilerini çekmegi, şeýle hem täze maýadary gözlemegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem klubuň bir bölegini satmak barada iki sany teklip gözden geçirilýär.

Maliýe kynçylyklaryna garamazdan, topar täze baş tälimçi Ange Postekoglunyň ýolbaşçylygynda Portugaliýada möwsümden öňki taýýarlygy dowam etdirýär.

KHBS-iň maglumatyna görä, klubuň paýlarynyň 15%-ine eýelik edýän 41 ýaşly Ronaldu geçen möwsümde 30 gol geçirdi. Portugaliýaly türgen topar bilen bilelikde çempionlyk titulyny goramaga çynlakaý ýapyşýar. Onuň «Al-Nasr» bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.