2025-nji ýylda dünýäde deňiz kruizleriniň ýolagçylarynyň sany ilkinji gezek 37 million adamdan aşyp, täze taryhy rekord boldy. Halkara kruiz kompaniýalary birleşiginiň (CLIA) çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda bu görkeziji 38 milliondan geçer, 2029-njy ýyla çenli bolsa 42 million adama ýeter.
Ykdysady durnuksyzlyga, energiýa göterijileriniň ýokary nyrhlaryna we halkara dawalara garamazdan, deňiz kruizleriniň dünýä bazary ösmegini dowam etdirýär. Ykdysatçylar bu ýagdaýy sarp ediji endikleriniň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýar: köp syýahatçylar awtomobil, mebel we beýleki harytlary satyn almaga gidýän çykdajylary azaltmak bilen, dynç alyşdan we täze täsirlerden ýüz öwürmezligi makul bilýär.
Kruiz kompaniýalarynyň girdejileriniň ep-esli bölegini diňe bir petek satuwy däl, eýsem gäminiň bortundaky goşmaça hyzmatlar hem üpjün edýär. Ekskursiýalar, restoranlar, spa-programmalar, kazino we içgileriň satuwy operatorlara uly möçberde girdeji getirýär.
Deňiz kruizleriniň iň iri bazary ABŞ bolmagynda galýar, ol ýerde geçen ýyl syýahatçylar 20,6 million kruiz syýahatyny amala aşyrdy. Ikinji orunda Germaniýa ýerleşýär: 2025-nji ýylda bu ýurduň ýaşaýjylary deňiz kruizlerine, takmynan, üç million gezek gitdi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 10% töweregi köpdür.
Pudagyň ösüşi bilen bir hatarda kynçylyklar hem saklanýar. Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlyk sebäpli kruiz kompaniýalary ugurlara täzeden seredýär, ekologiýa talaplarynyň güýçlendirilmegi bolsa zyýansyz suw gämilerini gurmaga we täze ýangyç görnüşlerini ulanmaga maýa goýumlary talap edýär. Mundan başga-da, operatorlar pandemiýanyň netijelerinden soň biznesi täzeden dikeltmegi dowam etdirýär. Muňa garamazdan, analitikler deňiz kruizlerine bolan dünýä isleginiň mundan beýläk-de artmagyna garaşýar.