Abu-Dabiniň Kazyýet departamenti (ADJD) emeli aňyň esasynda dünýäde ilkinji toplumlaýyn kazyýet platformasy taslamasyny durmuşa geçirmäge başlady. Ulgam adamyň hökmany gözegçiligi astynda kazyýet we hukuk çözgütlerini kabul etmegi goldamak üçin niýetlenendir.
«WAM» agentliginiň habar bermegine görä, taslamanyň ilkinji tapgyrynyň işe girizilmegi sentýabr aýyna meýilleşdirilýär. Ornaşdyrmak işi tapgyrlaýyn amala aşyrylar we 18 aý dowam eder.
Platforma prosessual hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, kazyýet işiniň has takyk we ylalaşykly bolmagyny üpjün etmäge, şeýle hem işleri gözden geçirmegi çaltlandyrmaga gönükdirilýär. Şol bir wagtyň özünde ähli çözgütler adam tarapyndan barlagdan geçiriler.
Abu-Dabiniň Kazyýet departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýusef Said Al-Abri bu taslamanyň BAE-niň Prezidenti şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň geljegiň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly innowasiýalary ösdürmäge we döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga bolan maksadyny görkezýändigini belledi.
ADJD-yň maglumatlaryna görä, kazyýet işiniň dürli tapgyrlarynda emeli aňyň ulanylmagy ýokary netijelilik we ygtybarlylyk standartlaryny berjaý etmek bilen kazyýet ulgamynyň sanly özgerişine ýardam etmelidir.