Günorta Koreýanyň BTS topary 2027-nji ýylyň fewralynda geçiriljek «Grammy» baýragyny gowşurylyşynyň 69-njy dabarasyna gatnaşmak üçin arza bermezlik kararyna geldi. Olar bu karary «Aziýa pop-sazynyň iň gowy ýerine ýetirilişi» diýen täze ugruň girizilmeginden soň kabul etdiler.
Toparyň ähli agzalary birmeňzeş beýanat çap edip, bu ýyl özlerini baýraga dalaşgärlige hödürlemejekdiklerini habar berdiler.
«Biz bu ýyl «Grammy» baýragyna dalaş etmeýäris. Aýdymlarymyzyň sebitlere ýa-da dillere bölünmän, bolşy ýaly diňlenilmegine we söýülmegine umyt edýäris» diýlip, toparyň beýanatynda aýdylýar.
Täze nominasiýa ABŞ-nyň Saz ýazgy sungaty we ylymlary milli akademiýasy (NARAS) tarapyndan bir aý töweregi öň girizilipdi. Ol K-pop, J-pop we C-pop ýerine ýetirijileri üçin niýetlenendir.
BTS öň hem birnäçe gezek dürli ugurlar boýunça «Grammy» baýragyna dalaşgär görkezilipdi, emma bir gezek hem ýeňiji bolmandylar. Toparyň ýedi agzasynyň hemmejesi 2019-njy ýyldan bäri NARAS-yň agzasy bolup durýarlar we öň bu baýragy almagy öz karýeralarynda esasy maksatlaryň biri edip goýandyklaryny birnäçe gezek agzapdylar.