ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) ýolagçy oturgyçlarynyň nädogry gurnalan bolmagynyň ähtimallygy sebäpli ýurtda hasaba alnan 453 sany Boeing 737 MAX uçaryny barlamagy teklip etdi. Bu ýolagçylaryň howpsuzlygyna howp salyp biler diýip, «Reuters» habar berýär.
Edaranyň habar bermegine görä, ýokary agram düşmelerinde, güýçli turbulentlikde ýa-da adatdan daşary gonuşda oturgyçlaryň berkitmeleri relsden aýrylyp biler. Bu bolsa ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň şikes almagyna getirip biler, şeýle hem oturgyçlar geçelgäni petiklese, ewakuasiýa işini kynlaşdyrar.
Uçuşa ýaramlylyk boýunça gözükdirijiniň taslamasy ýolagçy oturgyçlarynyň nädogry gurnalandygy baradaky maglumat alnandan soň taýýarlandy. FAA-nyň bahalandyrmagyna görä, bir uçarda şeýle oturgyçlaryň 69-ysy bolup biler. Her berkitmäniň gözden geçirilmegi bir sagat töweregi wagt alar, bejeriş üçin hem ýene bir sagat töweregi wagt gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde, şaýlary çalşyrmak talap edilmeýär.
Boeing uçarlarynyň hil meseleleri 2024-nji ýylyň başynda bolup geçen wakadan soň ýene-de üns merkezine düşdi, şonda Alaska Airlines awiakompaniýasynyň täze diýen ýaly Boeing 737 MAX uçarynyň uçuş wagtynda ätiýaçlyk çykalgasynyň gapagy gopupdy.
Häzirki wagtda dünýäde, takmynan, 2 300 sany Boeing 737 MAX uçary ulanylýar, olaryň 823-üsi ABŞ-dadyr. FAA-nyň ýurisdiksiýasy diňe amerikan awiagatnadyjylaryna degişli bolsa-da, başga ýurtlaryň awiasiýa düzgünleşdirijileri hem köplenç edaranyň maslahatlarynyň esasynda şular ýaly çäreleri görýär.