Ben Afflek «Kim millioner bolmak isleýär?» oýun şüweleňinde bir million dollar utdy

02.08.2026, 16:0311,946

Aktýor we režissýor Ben Afflek hem-de meşhur amerikan telewiktorinasynyň («Jeopardy!») ýeňijisi Jeými Din «Kim millioner bolmak isleýär?» şüweleň gepleşiginde bir million dollar utdular. Bu barada «People» neşiri habar berýär.

Olar bäsleşigiň ABC teleýaýlymynda 30-njy iýulda çykan sanynda ähli soraglara dogry jogap berdiler. Gazanylan puluň ählisini olar Kongo Demokratik Respublikasyndaky jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen meşgullanýan aktýoryň «Eastern Congo Initiative» haýyr-sahawat gaznasyna geçirmegi meýilleşdirýärler.

Final soragynyň öň ýanynda gatnaşyjylar «The New York Times» gazetinde adamzadyň muny ýene 1-10 million ýyla çenli gazanyp bilmejekdigi baradaky makala çap edilenden iki aý soň bolup geçen üstünligi atlandyrmalydylar. Görkezilen wariantlaryň arasynda aşakdakylar bardy:

  • a. atomyň bölünişi,
  • b. süýdemdirijiniň ekiz taýynyň döredilmegi,
  • c. uçarda ilkinji uçuş,
  • d. poliomielite garşy sanjymyň döredilmegi.

Din «50-50» kömegini ulanyp, uçarda ilkinji uçuşy saýlady. Jogap dogry bolup çykdy. Gürrüň 1903-nji ýylda doganlar Wraýtlaryň taryhy uçuşy barada eken.

1 million dollarlyk soňky sorag ABŞ-nyň Prezidentleri tarapyndan Minnetdarlyk gününiň öň ýanynda hökümet tarapyndan görkezilýän hindi guşlarynyň däp bolan görkezme günä geçişligi bilen baglanyşyklydy. Oýunçylar teklip edilen jogaplaryň arasynda haýsy adyň jübütiniň hiç wagt bolmandygyny kesgitlemelidiler:

  • a. Peanut Butter we Jelly (Pisse ýagy we Žele),
  • b. Tater we Tot (Ýeralma we owuntyk),
  • c. Mac we Cheese (Makaron we Peýnir),
  • d. Spaghetti we Meatball (Spagetti we Frikadelka).

Afflek bilen Din «Alyp baryjydan soramak» kömeginden peýdalandylar. Jimmi Kimmel anyk bilmeýändigini, ýöne Spagetti we Frikadelka jogabynyň özüne nätanyş eşidilýändigini aýtdy. Afflek alyp baryjyny goldap, ony «şunuň ýaly ownuk-uşak zatlar boýunça dünýäde iň gowy hünärmen» diýip atlandyrdy we onuň duýgurlygyna bil baglamagy ýüregine düwdi. Diniň «Dosta jaň» goşmaça kömegi netijede peýda bermedi, sebäbi dosty jogap berip ýetişmedi.

Kimmeliň pikirine bil baglap, oýunçylar dogry jogaby berdiler, şondan soň studiýada ýeňişlerini baýram etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.