Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy. Bu barada TDH habar berýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy boýunça «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Çemmerli» gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga burawlandy. Synag işleriniň netijesinde 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralykdan bir gije-gündizde 150 — 200 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gazyň akymy alyndy.
Täze gaz akymynyň alynmagy ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny berkitmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini iri eksport ediji döwlet hökmündäki halkara ornuny has-da pugtalandyrýar.