Antarktidada temperatura soňky 14 ýylyň içinde ilkinji gezek −84 °C-dan aşak düşdi

03.08.2026, 23:587,150
1 / 3

Antarktidadaky «Konkordiýa» ylmy stansiýasynda 18-nji iýulda termometrler −84,1 °C görkezdi. Bu 2012-nji ýyldan bäri Ýerde iň pes temperaturadyr diýip, «Live Science» neşiri ýazýar.

Aşa sowuk howany Gündogar Antarktidada deňiz derejesinden, takmynan, 3200 metr beýiklikde ýerleşýän stansiýanyň hünärmenleri hasaba aldy. Bu sebit ýokary beýikligi, ummandan uzaklygy we uzak dowam edýän polýar gijesi sebäpli planetanyň iň ýowuz künjekleriniň biri hasaplanýar.

Gyş günleri «Konkordiýa» sebitinde temperatura ýygy-ýygydan −80°C-dan aşak düşýän hem bolsa, häzirki görkeziji soňky 14 ýylyň içinde iň pes görkeziji boldy. Birden sowamagyň sebäbi buz belentliginde örän sowuk we gury howanyň emele gelmegi boldy. Gün şöhleleriniň ýoklugynda ýeriň üsti tiz wagtda ýylylygyny ýitirýär, dykyz sowuk howa massasy bolsa pesliklerde we yklymyň beýik ýerlerinde ýygnanýar.

«Konkordiýa» stansiýasy aşa sowuk klimaty, atmosfera proseslerini, buzluklary, sowugyň adam bedenine ýetirýän täsirini, şeýle hem geljekki kosmos ekspedisiýalaryna gatnaşyjylara garaşyp biljek şertlere meňzeş ýagdaýlary öwrenmek üçin ulanylýar.

Şol bir wagtyň özünde, bu täze görkeziji sowugyň absolýut rekordy bolmady. 1983-nji ýylda Antarktidadaky Russiýanyň «Wostok» stansiýasynda howanyň temperaturasy hatda −89,2°C-a çenli peselipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.