Samsung kompaniýasy 6000 mA·sag sygymly akkumulýator we programma üpjünçiliginiň 6 ýyl täzelenmesi bilen Galaxy F70 Pro smartfonyny hödürledi.

Enjam 4-nm Snapdragon 6 Gen 3 prosessory, 8 GB çenli LPDDR5X operatiw ýady hem-de 128/256 GB UFS 3.1 fleş-ýady bilen üpjün edildi. Şeýle hem 2 TB çenli microSD kartlary üçin slot bar.
Smartfon 120 Gs täzelenme ýygylygy bolan 6,7 dýuýmlyk Full-HD+ AMOLED-displeýini aldy. Ol Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen goralýar.
Kamera ulgamynda optiki durnuklaşdyryjysy bolan 50 MP esasy, 5 MP ultra giňburçly we 2 MP makromodul, öň tarapynda bolsa 12 MP selfi kamerasy ýerleşdirildi. 6000 mA·sag akkumulýator 45 Wt çalt simli zarýady goldaýar.
Smartfon One UI 8.5 örtükli Android 16 ulgamynda işleýär we 6 ýyllyk OS hem-de howpsuzlyk täzelenmelerini alar. Onda gapdal barmak yzy skaneri, IP64 goragy, stereodinamikler, 5G, NFC, Bluetooth 5.3 we Wi-Fi goldawy bar.

Samsung Galaxy F70 Pro 8-nji awgustdan satylyp başlanar. Bahalary ýat göwrümine görä:
- 6/128 GB — $250;
- 8/128 GB — $295;
- 8/256 GB — $345.