Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa ýygyndylarynyň garşylygyna we berk tankydyna sezewar bolan meýilnamasy, ýagny dünýä çempionatyny geçirmek hukugynyň bir bölegini satmak başlangyjy üçin resmi taýdan ötünç sorady.
Guramanyň prezidenti Janni Infantino we baş sekretary Mattias Grafstrýom tarapyndan gol çekilip, FIFA Geňeşiniň adyndan ähli agzalara iberilen hatda goýberilen säwlikler açyk boýun alynýar:
«Biz goýberilen ýalňyşlyklar üçin tüýs ýürekden ötünç soraýarys we munuň gaýtalanmajakdygyna söz berýäris. Ýörite barlag geçirip, FIFA-nyň indiki meýilleşdirilen mejlisinde Geňeşe hasabaty ýetireris».
Galmagal geçen hepde FIFA Forward Enterprise (FFE) atly täze täjirçilik gurluşyny döretmek meýilnamalary äşgär bolanyndan soň turdy. Futbol konfederasiýalarynyň aýgytly garşylygy, aýratyn-da UEFA-nyň agza ýurtlarynyň 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürmek baradaky haýbaty netijesinde Infantino taslamany ýatyrmaga mejbur boldy.
FIFA bu teklibiň indi doly aradan aýrylandygyny we guramanyň öz "arassa ahlaklylygyna hem-de abraýyna edilýän hüjümlere" berk gaýtawul berjekdigini aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, federasiýa ýalňyşlyklara garamazdan, edilen ähli hereketleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna ters gelmeýändigini nygtaýar.
Ýewropa futbol bileleşigini (UEFA) beýle jogap kanagatlandyrmady. Ýewropanyň futbol häkimiýetleri diňe bir ötünç soralmagy bilen iş bitmeýändigini, ýaryşlara gatnaşmazlyk haýbatyny bes etmekleri üçin zerur şertleriň doly ýerine ýetirilmändigini mälim etdiler.
«UEFA-nyň agza assosiasiýalary FIFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşmazlyk haýbatyny bes etmegiň mümkin bolan şertlerini aç-açan kesgitlediler. Birinjiden, iri ýaryşlary geçirmek hukuklaryny satmak baradaky teklip ýatyrylmalydy. Ikinjidenem, oýnuň mazmunyny bozmaga garşy şeýle synanyşyklaryň hiç wagt gaýtalanmazlygy üçin kepillik berilmeli. Bu şertler dolulygyna ýerine ýetirilmedi. Mundan başga-da, UEFA şenbe güni eden beýanatynda Janni Infantinonyň prezidentligine bolan ynamyny ýitirendigini örän aýdyň beýan edipdi. Bu garaýyş üýtgewsizligine galýar» diýip, Ýewropa guramasynda bellediler.
Şol bir wagtyň özünde, Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) FIFA-nyň ýolbaşçylaryna doly raýdaşlygyny bildirip, düýbünden garşylykly garaýyş bilen çykyş etdi. CAF-yň prezidenti Patris Motsepe afrikan futbolyna köp ýyllaryň dowamynda beren goldawy üçin Infantino minnetdarlyk bildirdi.
«CAF FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň we baş sekretar Mattias Grafstrýomyň bilelikdäki beýannamasyny doly goldaýar. Biz afrikan futbolyny dünýäniň iň öňdebaryjylarynyň hataryna goşmak ugrunda zähmet çekmegimizi dowam etdireris, şeýle hem korporatiw dolandyryşyň, açyklygyň we auditiň halkara ülňülerine ygrarlylygymyzy tassyklarys» diýip, Motsepe belledi.
Häzirki wagtda ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar. FIFA bilen UEFA-nyň nädip dil tapyşjagy näbelliligine galýar.
Munuň üstesine-de, Infantino gizlin maglumatlaryň metbugata syzmagy sebäpli guramanyň içinde barlag geçiriljegini duýdurdy. FIFA häzirki dawa-jenjeliň turmagyna kimiň sebäp bolandygyny anyklamaga çalyşýar.