8-nji awgustda ir bilen Funşalyň merkezindäki kafedral ybadathanasynyň ýanynda birgiden jemagat ýygnanyp başlady. Käsiniň köýnekçesinde Ronalduwyň familiýasy ýazylan bu adamlar göni ýaýlyma taýýarlanýan ýaly ellerindäki smartfonlaryny gysyşyp durdular.
Munuň sebäbini bilmeýän azdyr: tabloidler eýýäm birnäçe gün bäri şu adada doglan Kriştianu Ronalduwyň hut şu ýerde we hut şu gün söýgüli ýary Jorjina Rodriges bilen toý tutjakdygyny jar edip gelýärdi.

Ýöne ýekeje bir mesele bardy: toý dabaralarynyň 8-nji awgustda boljakdygyny ne Ronaldu, ne-de Jorjina yglan etdi. Şonda-da bu myş-myş metbugatdaky ýönekeý bir çaklamadan müňlerçe adamyň ynanan habaryna öwrüldi.
Ähli zat 2025-nji ýylyň awgust aýynda, Jorjina Rodrigesiň öz Instagram sahypasynda futbolçy bilen adaglanandygyny resmi taýdan habar bermegi bilen başlandy. Onuň yzyny bolsa eýýäm metbugat alyp göterdi. Ilki bilen dabaranyň oýunçynyň watanynda — Madeýra adasyndaky Funşal şäheriniň baş kafedral ybadathanasynda geçirilip bilinjekdigi barada habarlar peýda boldy. Soňra myhmanhana, myhmanlar we howpsuzlyk meseleleri barada maglumatlar ýaýrap başlady. Maglumat köpeldigisaýy ýalan maglumatlar hakykata meňzäp başlady. Şonuň üçin takyk senäniň — 8-nji awgustyň görkezilmegi iň soňky nokat boldy.

Käbir neşirler «Savoy Palace» myhmanhanasyny we howpsuzlyk çärelerini agzap, maglumatyň tassyklaýjy terzde ýaýramagyna itergi berdiler, britan tabloidleriniň biri hatda Jorjinanyň sport zalyndaky adaty türgenleşigini hem «toý dabarasynyň öňüsyrasyndaky gizlin taýýarlyga» dagy öwürdi. «The Portugal News» ýaly neşirler bolsa ýygra ätiýaçlyk bilen heniz toý hakdaky gürrüňleriň resmi taýdan tassyklanmandygyny, Ronalduwyň garyndaşlarynyň bolsa bu gürrüňlere gülüp seredýändiklerini ýatlatdy. Ýöne internet köpçüligi üçin bu zatlar eýýäm gyzykly däldi.
Bellenilen günde ybadathananyň ýanynda, hakykatdan hem, uly mähelle ýygnandy. Metbugatyň maglumatlaryna görä, üýşen adamlaryň sany iki müňe dagy ýetýärdi.
Tiz wagtdan ybadathana, hakykatdan-da, gelnalyjy maşyn geldi, töwerekde gowur turdy... Emma Ronaldu küje, Jorjina küje?! Bu gün ybadathanada Fabiu Ramuş bilen Fatima Nikol Kunýa Teýşeýra nikalaşýan eken — Fransiýada ýaşaýan adaty portugal jübüti.

Gelinli ulag ybadathana golaýlaşanda, mähelläniň bir bölegi uzak garaşylan pursat gelendir öýdüp, aldygyna telefonlaryny taýýarlap, dyknyşyk döretdiler. Toý eýeleri birgiden lapykeç janköýerleriň arasyndan zordan geçmeli boldy.



Dabarany geçiren ruhany Ronalduwyň ybadathanada bu gün toý tutmagy meýilleşdirmändigini tassyklady.

Şeýle gowgany diňe bir makalalar däl, eýsem wideolary, esassyz gürrüňleri we ýalan çakylyklary ýaýradan sosial torlar hem güýçlendirdi. Ronalduwyň uýasy Elma Aweýru ýygnanan adamlaryň kadrlaryny paýlaşyp, beýle ýagdaýa ynanar ýaly däldigini aýtdy. Futbolçynyň özi bolsa bu zatlary diňe gülküli emoji bilen teswirläp oňuberdi.

Hiç kim toýy ýatyrmady, ýa başga güne-de geçirmedi — toý diýleni, aslynda, meýilnamada ýokdy.
Kriştianu bilen Jorjina, dogrudan-da, adaglandy, ýöne toý senesini häzirlikçe gizlin saklaýar.
Şeýle-de bolsa, bu wakada bir hakykat-a bar: Madeýradaky bu gyzykly wakadan soň janköýerlere bir düzgüni berk öwrenmek gerek. Gazetdäki habarlary okap, ybadathananyň ýanynda gül bilen nobata durmazdan ozal, "öýlenýän ýigidiň" özüniň bu zatlardan habarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlap görmek zyýan etmez.