ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Spokan etrabynda tokaý ýangynlaryndan zyýan çeken ýaşaýyş jaýlary dikeltmek üçin takmynan 800 million dollar gerek bolar. Şeýle möçber Cotality analitik kompaniýasynyň we Realtor gozgalmaýan emläk portalynyň hasabatynda getirilýär.

«“Autumn Lane” ýangyny 5 870 akr (takmynan 2,4 müň gektar) meýdany gurşap aldy we 156 binany ýok etdi – diýip, Realtor portalynda bellenilýär. – “Old Trails” ýangyny 3 574 akra (1,4 müň gektar) ýaýrady, ýöne onuň weýran eden binasynyň sany 601-e golaýlady. “Old Trails” ýangynynyň bolan ýerindäki ýaşaýyş emläklerini dikeltmek üçin 694,1 mln dollar, “Autumn Lane” ýangyny üçin bolsa 68 million dollar çykdajy etmeli bolar».
«Autumn Lane» we «Old Trails» — bular iri weýrançylykly tebigy ýangynlaryň atlarydyr. ABŞ-nyň adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek tejribesinde tokaý ýangynlaryna olaryň başlanan ýerine ýakyn köçäniň, ýoluň ýa-da tebigy obýektiň ady dakylýar.


Cotality kompaniýasynyň çaklamasyna görä, Spokandaky ýene bir ýangyn — «Fairview» ýaşaýyş jaý gaznasyna takmynan 32 million dollar zyýan ýetirip biler. Kompaniýada bu çaklamalaryň entek doly tassyklanmandygyny we olaryň diňe zyýan çeken zolaklardaky binalaryň bahasyny derňemek arkaly taýýarlanandygy düşündirilýär.

Häzirki wagtda etrapdaky ýagdaý durnuklaşyp başlady. Oduň güýji gowşady, aradan çykarylan köpçülikleýin göçürilme talaplary bolsa ýeňilleşdirildi. Ýangyn söndürijiler şol ady agzalan esasy üç ýangyn ojagynyň ýaýramagynyň öňüni almagy we gorag çyzyklaryny döretmegi başardylar.

Jemi ýangyn netijesinde ýok bolan we düýpli zeper ýeten binalaryň sany 900-den hem geçdi. Muňa garamazdan, adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary öz maglumatlarynda wepat bolanlaryň we agyr ýaralananlaryň ýokdugyny belläp geçýärler.
Ýangyn ojaklaryndan uzakda ýerleşýän käbir ilatly ýerleriň ýaşaýjylary öýlerine dolanyp başladylar. Has köp zyýan çeken meýdançalar häzir hem ýapyklygyna galýar. Ýangyn söndürüjiler gaýtadan ýangyn döremez ýaly kül üýşmeklerine suw sepmegi dowam edýärler. Zyýan çekenler üçin bolsa «Şedl-Park» orta mekdebinde kömek merkezi işleýär.
