Nýu-Ýorkda Möý adama ugradylýan hatlar hytaýly bir ýaşula gelip gowuşýar

13.08.2026, 09:407,075
1 / 4

Asly hytaýly 64 ýaşly Jek Şi Nýu-Ýorkda öý satyn alandan soň, dünýäniň dürli künjegindäki çagalardan hat alyp başlady. Çünki, onuň satan alan öýi Möý adam bilen baglanyşyklydy.

Jek eýýäm üç ýyl bäri Forest-Hillsdäki Ingrem-stritiň 20-nji jaýy salgysynda ýaşaýar — komikslerde Piter Parker (Möý adam) bilen Meý daýzanyň ýaşaýan öýi hem hut şu salgyda görkezilýär.

Ýaşuly adam «New York Post» bilen söhbetdeşlikde bu ýere göçüp gelende, öýüň şeýle aýratynlygyndan asla habarynyň bolmandygyny gürrüň berdi.

Indi Şiniň poçtasyna dünýäniň dürli ýerlerinden çagalaryň hatlary we suratlary gelip gowuşýar. Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýynyň ýanynda franşizanyň muşdaklary ýygnanýar. Adamlar bu öýe eýýäm köpden bäri gelýär, täze «Möý adam: Täze gün» filminiň çykmagy bilen bolsa olaryň sany has-da köpeldi.

«Bärik Irlandiýadan, Angliýadan, Italiýadan adamlar gelýär. Olar mydama jaýyň öňünde surata düşýärler. Amerikanlaryň köpüsi bu öýüň Möý adamyň öýüdigini bilýär. Möý adam — bu Amerikanyň ruhy. Ol gahryman» – diýip, Şi gürrüň berýär.

Jek uly öý bilen bilelikde uly jogapkärçiligiň hem gelýändigini we onuň agramyny duýýandygyny boýun aldy. Şeýle-de bolsa, ol özüni gahryman ýaly alyp barmaga çalyşýar:

«Bärde ýaşaýan bolsam, özümi Möý adam ýaly alyp barmaly».

Şi adamlara öýüň ýanynda surata düşmäge rugsat berýär we hatlary okaýar. Adatça kiçijik muşdaklar Möý adama sorag bilen ýüzlenýärler hem-de supergahrymany myhmançylyga çagyrýarlar.

«Möý adam, dünýäni halas etmek ýaly işleri nädip başarýaň-aý?» — diýip, Günorta Dakotaly Julius soraýar.

Kuper atly ýaşajyk muşdak bolsa bilelikde oýnamak we telewizor görmek üçin Möý adamy hem-de Dedpuly öýüne çagyrýar.

Goňşular bu öýüň meşhurdygyna eýýäm öwrenişdi. Ingrem-stritde 30 ýyl bäri ýaşaýan 76 ýaşly Frenk Torres öň bu ýerde, hakykatdanam, Parker familiýaly maşgalanyň ýaşandygyny gürrüň berdi. Mundan başga-da, şol kwartalda Terri Osborn diýen adam ýaşapdyr — franşizadaky zalym Ýaşyl Gobliniň hem familiýasy Osborn.

Ýöne Torres hakyky durmuşda Osbornlaryň «mähirli hem-de päk ýürekli adamlar» bolandygyny aýdýar.

«Olaryň ogly hatda Santa-Klausyň eşigini geýip, goňşy çagalara sowgat paýlaýardy», — diýip, goňşy gürrüň berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.