«PSŽ» UEFA Superkubogy ugrundaky oýunda «Aston Willadan» üstün çykdy

13.08.2026, 06:276,221
1 / 6

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary Angliýanyň «Aston Willany» 2:1 hasabynda ýeňdi we 2026-njy ýylyň UEFA Superkubogynyň eýesi boldy. Duşuşyk Zalsburg şäherindäki «Red Bull Arena» stadionynda geçirildi.

Parižliler oýnuň 20-nji minudynda hasaby açdylar — gruziýaly hüjümçi Hwiça Kwarasheliýa tapawutlanmagy başardy.

Emma arakesmäniň edil öňüsyrasynda, 45-nji minutda iňlis toparynyň oýunçysy Braýan Majo hasaby deňledi.

Ikinji ýarymyň 61-nji minudynda «PSŽ» ýene öňe saýlandy. Pariž klubunyň hüjümçisi Dezire Due ilkibada gapdal eminiň galdyran baýdagyny görüp, uran goluny hem bellemedi, emma VAR-yň barlagy oýundan daşardaky ýagdaýyň bolmandygyny görkezdi we gol hasaba alyndy.

Duşuşygyň baş emini Somalili Omar Abdulwadir Artan boldy.

Geçen ýyl «Pari Sen-Žermen» başga bir iňlis klubuny — «Tottenhemi» utup (oýunda 2:2, penalti tapgyrynda 4:3), öz taryhynda ilkinji gezek  UEFA superkubogyny gazanypdy.

Geçen möwsümde «PSŽ» Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolupdy. Parižliler finalda Londonyň «Arsenal» topary bilen esasy wagtda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar, soňra bolsa penalti depilişiginde 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar.

«Aston Willa» Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolupdy. Iňlis kluby finalda «Fraýburg» toparyny 3:0 hasap bilen derbi-dagyn edipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.