Britaniýaly alymlar derman serişdelerini synagdan geçirmek üçin adamyň kiçijik organlaryny we dokumalaryny ösdürip ýetişdirmäge başlarlar. Munuň üçin Milli saglygy goraýyş gullugynda bejergi alýan näsaglaryň öýjüklerinden peýdalanarlar diýip, The Guardian gazeti habar berýär.
20 million funt sterling ýatyrym ediljek taslama Kembrij uniwersitetinde amala aşyrylar.
Barlagçylar organoidleriň standartlaşdyrylan arhiwini — hakyky organlaryň esasy aýratynlyklaryny, şol sanda kesellere we dermanlara bolan reaksiýalaryny bermäge ukyply adam dokumalarynyň toplumyny dörederler. Şeýle modelleriň käbiriniň ölçegi millimetrden hem kiçi bolar.

Organoidler dürli keselleri bolan näsaglaryň dokumalaryndan ösdürilip ýetişdiriler. Bu bolsa ylmy işgärlere şol bir dermanyň näme üçin her adama her hili täsir edýändigini öwrenmäge, şeýle hem dermanlaryň heniz işläp taýýarlanylýan döwründe netijeliligini anyklamaga mümkinçilik berer.
Geljekde alymlar bu modelleri her bir näsagyň aýratyn zerurlyklaryna laýyklykda bejergini sazlamak üçin ulanmagy tama edýärler.
Taslamanyň awtorlary ilki bilen içege çiş kesellerinde, şol sanda ýaraly kolit we Kron keselinde üns jemlärler. Onýança beýleki ylmy toparlar rak keselini bejermegiň usullaryny we newrologik keselleriň barlaglary üçin beýni organoidlerini öwrenmek maksady bilen çiş dokumalaryny ösdürip ýetişdirerler.
Taslama Beýik Britaniýanyň Lukmançylyk barlaglary geňeşi tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ylmy işgärler bu tehnologiýanyň üsti bilen haýwanlaryň lukmançylyk tejribelerine çekilmegini azaltjak bolýarlar.

Geçen ýyl Beýik Britaniýada haýwanlar bilen baglanyşykly 2,54 million prosedura geçirildi — bu 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3,8% az. Proseduralaryň 90% -den gowragy syçanlar, alakalar, balyklar we guşlar bilen geçirildi.
Şeýle-de bolsa, barlaglarda haýwanlary ulanmakdan doly ýüz öwürmek häzirlikçe mümkin däldir.
«Biz jandarlary ulanmak bu golaýda ýa-da ýakyn geljekde doly bes ediler diýip bilmeris, sebäbi bu täze modeller arkaly çözüp bolmajak sowallar galýar, ýöne haýwan synaglarynyň azaldyljagy çyn», — diýip, Kembrij sütün öýjükleri institutynyň çagalar gastroenterologiýasy boýunça kliniki professory Mattias Silbauer aýtdy.