Yssy sebäpli Çehiýadaky kiçi gidroelektrostansiýalaryň tas 90%-i suwsuz galdy

14.08.2026, 16:596,747

Çehiýadaky kiçi gidroelektrostansiýalaryň takmynan 90%-i işini togtatdy. Muňa aşa yssy howa we onuň yzy bilen derýalarda hem-de beýleki suw howdanlarynda suwuň derejesiniň peselmegi sebäp boldy diýip, Idnes portaly habar berýär.

​Häzir esasan iri suw ambarlaryndaky stansiýalar işlemegini dowam etdirýär. Ol ýerde gidrotehniki ulgamlaryň kömegi bilen zerur bolan suw derejesini saklap bolýar.

​Çehiýada umumy kuwwaty 340 MWT bolan 1,4 müň töweregi kiçi GES bar. Adaty şertlerde olar ýylda 1,1 milliard kWt-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürýär.

​"Temelin" we "Dukowany" atom elektrik stansiýalary hem durnukly işleýär. Olaryň sowadyş ulgamlary derýalardaky suwuň derejesine we häzirki howa şertlerine gönümel bagly däl.

​Kiçi GES-leriň köpüsiniň işiniň saklanmagyna garamazdan, Çehiýada sarp edijiler üçin elektrik üpjünçiliginde bökdençlikler hasaba alynmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.