Amerikanyň Indiana ştaty birnäçe adamyň ömür tanapyny kesen, infrastruktura uly zyýan ýetiren tebigy apat bilen ýüzbe-ýüz boldy.
The New York Times gazetiniň berýän maglumatyna görä, weýrançylykly tupanyň we onuň yz ýanyndan bolan suw joşgunlarynyň netijesinde azyndan ýedi adam heläk boldy.

Tebigy harasat sebitiň çäginde baryp, 11-nji awgustda başlandy we birnäçe günläp dowam etdi. Adatdan daşary howa şertlerinden dürli ýaşdaky adamlar pida boldy, ýogalanlaryň iň kiçisi 4, iň ulusy bolsa 86 ýaşynda.

Ştatyň käbir etraplarynda harasatly şemalyň tizligi sekuntda 44 metre ýetdi, suwuň abyrsyz derejede ýokarlanmagy bolsa 113 ýyllyk taryhy rekordy täzeledi.

PowerOutage monitoring portaly ştatda 125 müňden gowrak sarp edijiniň elektrik üpjünçiliginden mahrum bolandygyny aýdýar. Suw joşgunyndan we apy-tupandan ejir çeken etraplarda heläkçilikden soňky dikeldiş işleri dowam edýär.