5-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlarynyň arasynda geçirilýän gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ilki Germaniýanyň Düsseldorf halkara howa menziline gelip, ol ýerden awtoulagda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki Pilbergen atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Liderini «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň atly ýigitleri garşylady.
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine gatnaşdy. Mejlisi Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Marian Weltewreden açyp, taryhda ilkinji gezek ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň hem-de assosiasiýanyň açyk mejlisiniň Ýewropada geçirilýändigini nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistanda ahalteke atçylygyny ösdürmäge döwlet derejesinde berilýän ünsi, şol sanda Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we «Galkynyş» toparynyň döredilmegini aýratyn belledi.
Öz çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we premýer-ministr Rob Ýettene myhmansöýerlik hem-de çärä ýokary derejede taýýarlyk görendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşynyň dowamynda Milli Lider ahalteke atlarynyň türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde eýeleýän orny, döwlet derejesinde geçirilen ylmy-seçgi işleri we ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy barada durup geçdi.
«Ahalteke atlarynyň kemala gelen we şöhraty dünýä dolan döwleti, jemgyýeti, topragy hökmünde biz egnimize düşýän uly jogapkärçilige düşünýäris. Ahalteke aty türkmeniň kalbydyr. Halk, ýurt hökmünde taryhymyzyň, aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen ahalteke atlaryň arassa tohumlaryny dikeltmek we ösdürmek işinde biz ozaly bilen ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däplerine, tejribesine daýandyk» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo, Bakuwa, Daşkende, Kazana, Windzor galasyna we Stambula bolan saparlary hem-de gazanan halkara üstünlikleri bellenilip geçildi.
Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylda Kronenbergde geçirilýän Dünýä çempionatynyň ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda taryhy wakadygyny nygtady.