Xiaomi-niň 65 dollarlyk kamerasy doly garaňkylykda hem reňkli ýazgy edip bilýär

Şu gün, 09:071,361

Xiaomi Smart Camera 5 Pro Full-Color Night Vision öý kamerasyny tanyşdyrdy. Ol doly garaňkylykda hem reňkli wideo ýazyp bilýär. Enjam iki sany obýektiw, 4K formatda wideoýazgy, ýerli emeli aň we takmynan, 360° aýlanýan mehanizm bilen enjamlaşdyryldy.

Reňkli gijeki şekili iki sany 8 we 4 megapiksel sensor, ýokarlandyrylan ýagtylyk duýgurlygy, ýumşak yşyklandyryş we şekili işlemek algoritmleri üpjün edýär. Kamera üznüksiz wideoýazgyny, adamlary tanamagy we aýratyn wakalary ýazga almagy başarýar.

Hasaplaýyş kuwwaty 1,5 TOPS-a çenli bolan ýerli emeli aň maglumatlaryň bir bölegini göni enjamyň özünde seljermäge mümkinçilik berýär. Kamera adamlary we öý haýwanlaryny tanap bilýär, hatda çaganyň agysyna hem seslenýär.

Iki hereketlendiriji kameranyň keseligine 360° aýlanmagyny we dikligine 174°-a çenli görüş burçuny üpjün edýär. Iki diapazonly Wi-Fi 6 arkaly birigýär. Şeýle hem ikitaraplaýyn sesli aragatnaşyk we Mijia ekoulgamy bilen integrasiýa göz öňünde tutulandyr.

Wideoýazgylary microSD kartada, bulutda ýa-da öý NAS ulgamynda ýatda saklap bolýar. Gizlinligi saklamak üçin bolsa obýektiwi fiziki taýdan ýapmak, maglumatlaryň bir bölegini ýerinde işlemek we girişe gözegçilik etmek funksiýalary göz öňünde tutulan.

Köpçülikleýin maliýeleşdiriş kampaniýasynyň çäklerinde bu kameranyň başlangyç bahasy 429 ýuan, ýagny, takmynan, 65 dollar bolar.