1953-nji ýylda geçirilen we taryhda ilkinji gezek Ewerestiň depesine çykylmagy bilen tamamlanan britan ekspedisiýasyndan gürrüň açýan «Tenzing» atly başdan geçirmeli dramanyň ilkinji treýleri çykdy.
Filmde Tom Hiddlston alpinist Edmund Hillariniň, Wilýem Defo ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Jon Hantyň, Genden Panstok bolsa Tenzing Norgeýiň keşbini ýerine ýetirýär.
Treýlerde Hant toparyň agzalaryna britan alpinistleriniň Eweresti boýun egdirmäge eýýäm birnäçe onýyllyklardan bäri synanyşýandygyny ýatladýar:
«Biz bu daga 30 ýyldan bäri çykmaga synanyşýarys. Biziň ol ýere ilkinji bolup ýetmegimize Britaniýa garaşýar».
Şeýle-de bolsa, film diňe bir dagyň depesine nädip çykylandygy hakynda däl. Tenzing häki bir ýük göteriji şerpa däl-de, toparyň deňhukukly agzasy bolmak isleýär. Oňa aýaly Dawa hem goldaw berýär. Dawanyň keşbini Tinleý Lhamo ýerine ýetirýär. Ekspedisiýanyň kätibi Jill Hendersony bolsa Katrin Balfe janlandyrýar.
Filmiň awtorlary gahrymanlaryň Ewereste bolan garaýyşlarynyň biri-biriniňkä meňzemeýändigini-de görkezýär. Günbatar ýurtlaryndan gelen alpinistler üçin bu dag boýun egdirilmeli belentlik bolsa, Tenzing Jomolungmany mukaddes ene hudaý hasaplaýar. Gahrymanlar depä tarap barýan ýolda beýik daglaryň howply şertleri, synpy tapawutlar we şahsy maksatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Filmiň režissýory «Şerpa» atly dokumental filmi bilen tanalýan Jennifer Pidom.
«Tenzing» filmi eýýäm Telluraýd film festiwalynda görkezildi. Şeýle-de ol Toronto film festiwalynyň maksatnamasyna girizildi we 24-nji sentýabrda Sýurih film festiwalynyň açylyş filmi bolar. 9-njy oktýabrda kinoteatrlarda görkezilip başlanandan we bir hepde geçenden soň, film Apple TV-de elýeterli bolar.