Ministrler Kabinetinde täze lukmançylyk edaralarynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy

Şu gün, 01:09541

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada 18-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Batyr Mämmedow hasabat berdi.

Hasabata görä, hünär baýramynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumyny, şeýle hem Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa merkezini we Stomatologiýa merkezini dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem baýramçylyga gabatlap, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyşyny we beýleki möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini nygtap, halkara sergisine we ylmy maslahata ýokary hilli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany täze lukmançylyk edaralarynyň açylyş dabaralaryna hem gowy taýýarlanmagy we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenilýär.