Milliarder Worren Baffett Berkshire Hathaway-däki wezipesini ogluna tabşyrdy

Şu gün, 11:01625

96 ýaşly Worren Baffett Berkshire Hathaway holdinginiň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesinden çekildi. Bu barada The New York Times neşiri habar berýär.

Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasynyň hormatly başlygy bolar we direktorlar geňeşindäki agzalygyny saklap galar. Onuň öňki wezipesini bolsa ogly Goward Baffett eýelär.

«Direktorlar geňeşiniň başlygy bolmak mümkinçiligi meniň üçin bir ömre ýeterlik mertebe boldy, men siziň bildirýän ynamyňyza hemişe uly sarpa bilen garadym» diýip, Baffett paýdarlara ýazan hatynda belleýär. 

Ol: «Wagt mydama aljagyny alýar» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Berkshire Hathaway kompaniýasyny Baffett 1965-nji ýylda, ol Nebraska ştatynda ýerleşýän kiçijik dokma kärhanasy wagty satyn alypdy. Telekeçiniň ýolbaşçylygynda bu edara maýa goýum we ätiýaçlandyryş ugurlarynda işleýän ägirt uly konglomerata öwrüldi.

Baffett 2025-nji ýylyň maýynda, kompaniýa 60 ýyla golaý ýolbaşçylyk edensoň, Berkshire Hathaway holdinginiň baş ýerine ýetiriji müdiri (CEO) wezipesinden hem çekilipdi. Onuň ornuna köp wagtdan bäri orunbasary bolup işlän Greg Abel geçdi.

Forbes žurnalynyň maglumatyna görä, Baffettiň baýlygy, takmynan, 144 milliard dollara deňdir. Ol neşiriň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 10-njy orny eýeleýär.