Indi tötänleýin çempion däl: Joşua Wan UFC-de Pantožany ikinji gezek ýeňip, titulyny gorady

Şu gün, 13:07597
1 / 2

20-nji sentýabrda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde UFC 331 ýaryşy geçirildi. Esasy söweşde iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony, mýanmaly söweşiji Joşua Wan öňki çempion, braziliýaly Aleksandr Pantožany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi.

Bu duşuşyk iki söweşijiniň geçen ýylyň dekabrynda UFC 323-de geçiren söweşiniň rewanşy boldy. Şonda Pantoža çempion hökmünde bäşinji gezek guşagyny goramaga çykypdy. Wan bolsa ilkinji gezek çempionlyk söweşine gatnaşypdy.

Emma şol duşuşyk birinji raundda tamamlandy. Pantoža garşydaşyny depmäge synanyşanda bijaý ýykylyp, tirseginde şikes aldy. Ol söweşi dowam etdirip bilmedi. Şeýlelikde, Wan garaşylmadyk ýagdaýda çempionlyk guşagyna eýe boldy.

Rewanşdan öň Pantoža şikesinden saplanmak üçin dokuz aýdan gowrak wagtlap bejergi aldy. Wan bolsa maý aýynda Tatsuro Taýrany ýeňip, ilkinji gezek titulyny gorapdy.

Bu gezekki tutluşykda Pantoža ilkinji minutlardan hüjüme geçdi. Ol garşydaşyny birnäçe gezek teýkdaun edip, garşydaşyny göreşe çekmäge synanyşdy. Emma Wan kem-kemden söweşi öz islegine görä ugrukdyrmaga başlady.

Ikinji we üçünji raundlarda mýanmaly söweşiji aýak üstünde has çalt we netijeli hereket etdi, ol takyk urgularyň sany boýunça öňe saýlandy. Dördünji raundda Pantoža ýene-de Wany göreşe geçirdi, ýöne artykmaçlygyny ösdürip bilmedi.

Bäşinji raundda Wan braziliýaly garşydaşyny nokdauna düşürdi, soňam söweşiň ahyryna çenli üstünligini elden gidirmedi.

Eminler ýeňşi 49:46, 49:47 we 50:45 hasap bilen Wana berdiler. Şeýlelikde, ol UFC-niň iň ýeňil agramdaky çempionlyk guşagyny gorady.

24 ýaşly Joşua Wan UFC-de 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň guramadaky görkezijisi indi 11 ýeňişden we 1 ýeňlişden ybarat.

36 ýaşly Aleksandr Pantoža UFC-de 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ol guramada 14 ýeňiş gazandy we 5 gezek ýeňildi.