Aşgabatda «Startup World Cup 2026» halkara bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçdi. Onda emeli aň esasynda wideokontent döretmek üçin hyzmaty işläp düzen SalamMotion startapy ýeňiji boldy.
Indi bu startap öz taslamasyny ABŞ-da geçiriljek dünýä finalynda hödürlär.
Saýlama tapgyry 19-njy sentýabrda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» merkezinde geçirildi. Bäsleşige jemi 51 arza gelip gowuşdy, olaryň arasyndan 12 sany iň gowy taslama pitç-batla gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Gatnaşyjylar öz pikirlerini iňlis dilinde beýan etdiler.

Eminler düzümine «BIZANGEL» biznes hususy maýadarlar klubunyň we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri girdi. Onlaýn ses berişligiň netijeleri boýunça tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan baýragy Elkitap startapy aldy.
«Startup World Cup» bäsleşiginiň finaly 4–6-njy noýabrda San-Fransiskoda geçer. Oňa bütin dünýäden 200-den gowrak topar gatnaşar. Bäsleşigiň esasy baýragy – 1 million dollar möçberindäki maýa goýum.
Aşgabatdaky çärä 150-den gowrak myhman gatnaşdy, olaryň arasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins hem bardy. Gatnaşyjylara Startup World Cup guramasynyň baş wagyzçysy we Pegasus Tech Ventures gaznasynyň hyzmatdaşy Bill Raýhert wideoçykyş bilen ýüzlendi.
Milli saýlama tapgyrynyň guramaçysy hökmünde Türkmenistanda ilkinji hususy startap-akselerator we Pegasus Tech Ventures gaznasynyň resmi sebit hyzmatdaşy bolan StartUp Academy çykyş etdi.