ABŞ-da gurluşyk işleri wagtynda optiki süýümli kabeliň tötänden kesilmegi aragatnaşyk ulgamynda näsazlyk döredip, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky howa menzillerinde ýüzlerçe uçuşyň ýatyrylmagyna we gijikmegine sebäp boldy.
Näsazlyk 21-nji sentýabrda Nýu-Jersi ştatynyň Nýuark we Nýu-Branswik şäherleriniň arasyndaky sebitde ýüze çykdy. Şol sebäpli howa gatnawyny dolandyrmak üçin zerur bolan radar we radio ulgamlary hatardan çykdy. Bu barada ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasynyň (FAA) ýolbaşçysy Braýan Bedford habar berdi.
«FlightAware» maglumatyna görä, Nýuark howa menzilinde 168 uçuş ýatyryldy, ýene 97-si gijikdirildi. Filadelfiýa howa menzilinde bolsa 63 uçuş ýatyrylyp, 189 uçuş gijikdirildi.
Nýu-Ýorkdaky Jon Kennedi we La-Gwardiýa howa menzillerinde, Westçester sebit howa menzilinde, Bostondaky Logan halkara howa menzilinde hem-de Nýu-Jersidäki Teterboro howa menzilinde-de uçuşlar ýatyryldy ýa-da gijikdirildi. Näsazlyk müňlerçe ýolagçynyň syýahat meýilnamalaryna täsirini ýetirdi.
ABŞ-nyň ulag ministri Şon Daffiniň aýtmagyna görä, gurluşyk işleri wagtynda «Amtrak» demir ýol kompaniýasynyň işgärleri Nýu-Jerside optiki süýümli kabeli tötänden kesipdir. Onuň aýtmagyna görä, ýüze çykan näsazlyk sebäpli FAA ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda uçuşlary wagtlaýyn togtatmaly bolupdyr.
«Bu waka könelen infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we geljekde şeýle näsazlyklaryň öňüni almak üçin goşmaça maliýeleşdirmegiň zerurdygyny görkezýär» diýip, Daffi meseläniň düýp sebäbine üns çekdi.