Özüni «ilkinji sanly döwlet» hasaplaýan Praxis Urugwaýda «kriptoşäher» gurmak isleýär

29.09.2026, 21:414,659
1 / 3

Özüni «dünýäniň ilkinji sanly döwleti» diýip atlandyrýan Praxis internet jemgyýeti Günorta Amerikada öz şäherini gurmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. +Colonia diýlip atlandyrylýan taslama Urugwaýdaky Koloniýa-del-Sakramento portunyň ýanynda ýerleşer.

Praxis şäheriň gurluşygyna geljek üç ýylyň dowamynda, takmynan, 1 milliard dollar maýa çekmegi meýilleşdirýär.

Praxis-i 2019-njy ýylda Nýu-Ýork uniwersitetindäki okuwyny taşlan we soňra hej-fondda analitik bolup işlän santa-barbaraly sýorfer Draýden Braun esaslandyrdy. Kompaniýa täze jemgyýetçilik gurluşy baradaky pikiri öňe sürýän kripto maýadarlaryny we telekeçileri bir ýere jemleýär. Braunyň pikiriçe, şeýle gurluş umumy emeli aňyň (AGI) peýda bolmagyndan soň mümkin bolup biler.

Praxis geljekde AGI-niň adam zähmetiniň ep-esli bölegini öz üstüne almagyna tama edýär. Onuň gazanan baýlygy bolsa adamlaryň ünsüni medeniýete, döredijilige we telekeçilige gönükdirip biljek ýokary derejeli şäherlerini gurmaga mümkinçilik berer. Braun ozal şeýle taslamalary «kriptodöwletler» diýip atlandyrýardy.

Praxis döredileni bäri wençur gaznalaryndan we kriptotelekeçilerinden 20 million dollara golaý maýa çekdi. Taslamany goldaýanlaryň arasynda Paradigm Operations, Piter Til bilen baglanyşykly Pronomos Capital, Coinbase-iň öňki tehniki direktory Balaji Şrinawasan we Palantir-iň esaslandyryjylarynyň biri Jo Lonsdeýl bar. 2024-nji ýylda Praxis Gem Digital-dan 500 million dollara çenli karz serişdesini çekmek mümkinçiligini alandygyny hem habar berdi.

Draýden Braun we Urugwaýyň prezidenti Ýamandu Orsi

Braun öň öz taslamasy üçin Ortaýer deňzinden we Grenlandiýadan ýer gözläpdi. Indi bolsa taslamanyň geçiriljek ýeri hökmünde Urugwaýy saýlandygyny yglan etdi. Praxis Koloniýa-del-Sakramentonyň kenarynda eýýäm ýaşaýyş toplumyny gurýan telekeçi Eduardo Bastitta bilen ylalaşyk baglaşdy.

Zahi Hadid býurosy tarapyndan taýýarlanan +Colonia taslamasynyň binagärlik konsepsiýasynda sada nusgawy äheň, daş, bürünç we suw utgaşdyrylýar. Praxis-iň maglumatyna görä, 4 müňden gowrak adam eýýäm bu ýere göçmek üçin arza berdi, ýokary derejeli ýaşaýyş jaýlaryna garaşylýan isleg bolsa 4,4 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.

Şäher gurluşygynyň tamamlanmagyna entek kän wagt bar. Praxis bilen Bastittanyň arasyndaky ylalaşyk hökmany häsiýete eýe däl, şeýle-de kompaniýa ýaňy bir ýerleri satyn almagy meýilleşdirmäge başlady. Muňa garamazdan, geljekki toplumyň çäginde eýýäm birnäçe bina gurulýar. Bastittanyň aýtmagyna görä, häzirki taslama 290 million dollar maýa goýlup, ýüzlerçe öý eýýäm satyldy.

Braun dekabr aýynda Nýu-Ýorkdan Koloniýa-del-Sakramento göçmegi meýilleşdirýär. Ol +Colonia-nyň ilkinji ýaşaýjylaryny 2027-nji ýylyň ortalarynda ýerleşdirmegi umyt edýär.

Şol bir wagtyň özünde Praxis-iň taslama baradaky öz garaýşy hem üýtgedi. Braun ozal garaşsyz «kriptodöwlet» döretmek barada aýdýan bolsa, indi kompaniýa Urugwaýyň kanunlarynyň çäginde hereket etjekdigini nygtaýar. Kompaniýanyň esaslandyryjysy +Colonia-ny indi aýratyn döwlet hökmünde däl-de, halkara maýa goýumlary, döredijilik we telekeçilik üçin niýetlenen ýer hökmünde häsiýetlendirýär.

Braun gazet beren söhbetdeşliginde geljekki şäheriň Gadymy Gresiýanyň, Rimiň we Galkynyş eýýamynyň estetikasyna esaslanýan täze medeniýeti döretmek üçin bir barlaghana öwrüljekdigini aýdýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Praxis-iň esaslandyryjysy tehnologiýa pudagynyň wekilleri üçin aýratyn şäher gurmak baradaky pikire gelen ilkinji adam däl. Şeýle taslamalaryň tarapdarlary öz kanunlary bolan we geljekde beýleki döwletler bilen deň derejede diplomatik taýdan ykrar edilmäge çalyşjak kiçi döwletleriň tehnologiýa täzelikleri, şol sanda döwlet dolandyryşy we býurokratik päsgelçilikleri azaltmak ýaly ugurlar üçin synag meýdançasy bolup biljekdigine ynanýarlar.

Başlangyjy tankytlaýanlar bolsa ony jemgyýetden üzňeleşmek isleýän baý adamlaryň taslamasy hasaplaýar we olaryň bu meýliniň aşa utopik zatdygyny aýdýar.