Özbegistanda bir umumy Bilim we ylym ministrligi döredildi

Şu gün, 19:10417

Özbegistanda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Permany bilen Mekdebe çenli we mekdep bilimi ministrligi hem-de Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi birleşdirilip, bir umumy Bilim we ylym ministrligi döredildi.

Bellenilişi ýaly, bu özgertmeler bilimiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak, adam maýasyny ösdürmek we mekdebe çenli edaralardan başlap, ýokary bilime çenli ähli tapgyrlary hem-de ylmy işjeňligi içine alýan bir bitewi dolandyryş ulgamyny emele getirmek maksady bilen amala aşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident tarapyndan gol çekilen degişli resminamalar esasynda wezipe üýtgeşmeleri hem geçirildi. Ilhom Sirajew bilim we ylym ministriniň komplaens we içki korrupsiýa garşy gözegçilik boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Şol sebäpli ol Prezidentiň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň bilim özgertmeleri meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.