Battlefield oýny esasynda film düşürmek meýilleşdirilýär

Düýn, 19:511,096
1 / 2

Sony kompaniýasy Battlefield wideooýunlar tapgyryny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn almak boýunça gepleşik geçirýär. Taslamanyň üstünde režissýor we ssenariçi Kristofer MakKuorriniň hem-de aktýor Maýkl B. Jordanyň işlemegi meýilleşdirilýär diýip, Variety habar berýär.

MakKuorri ssenariçi, režissýor we prodýuser hökmünde çykyş edip biler. Taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda, Jordan hem prodýuser bolmak bilen bir wagtda baş keşbi-de ýerine ýetirer.

Prodýuserleriň hatarynda Electronic Arts kompaniýasyndan Jessi Sterniň, Emerald Neon kompaniýasyndan Karter Swonuň, Vertigo kompaniýasyndan Roý Liniň we Miri Ýunuň, şeýle hem Outlier Society kompaniýasynyň prezidenti Elizabet Raposonyň bolmagyna garaşylýar. Filmiň surata düşürilişiniň haçan başlanjakdygy häzirlikçe belli däl.

Electronic Arts kompaniýasyna degişli Battlefield franşizasy 2002-nji ýylda Battlefield 1942 oýny bilen başlandy. Oýunda wakalar Ikinji jahan urşy döwründe bolup geçýär. Bu tapgyr uly göwrümli köp oýunçynyň gatnaşmagyndaky söweşleri bilen tanalýar.

2026-njy ýylda tapgyryň 18-nji esasy bölümi bolan Battlefield 6 çykdy. Oýnuň wakalary 2027–2028-nji ýyllarda, bölünen NATO bilen hususy harby kompaniýanyň arasyndaky çaknyşyklaryň esasynda bolup geçýär. Oýun ýylyň iň köp satylan birinji şahs görnüşindäki şuteri bolup, Call of Duty-den öňe geçdi.