Toyota Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini hödürledi
13.01.2026 11:01
6.2k+

Toyota Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini hödürledi

Toyota Ýewropada düýbünden täze Hilux pikapyny tanyşdyrdy. Dokuzynjy nesil modeli dizel hereketlendirijisi we «ýumşak» gibrid bilen, şeýle-de doly Hilux BEV elektrik wersiýasynda hödürlenýär. Geljekde hatarda wodorod ýangyç elementleri bilen işleýän wersiýa hem peýda bolar, ol häzir ýol synaglaryndan geçýär
Hytaýda tozan sorujy öndürýän kompaniýa elektronika sergisinde kuwwatly superkaryny görkezdi
12.01.2026 22:54
5.3k+

Hytaýda tozan sorujy öndürýän kompaniýa elektronika sergisinde kuwwatly superkaryny görkezdi

Tozan sorujylaryň we beýleki öý tehnikalarynyň öndürijisi hökmünde meşhur bolan Hytaýyň Dreame kompaniýasy, Las-Wegasda geçirilen CES 2026 sarp ediş elektronikasy sergisinde dört gapyly elektrikli Nebula Next 01 superkarynyň prototipini hödürledi
Kia 2027-nji ýylyň täzelenen Telluride modeliniň bahasyny mälim etdi
12.01.2026 22:43
4.1k+

Kia 2027-nji ýylyň täzelenen Telluride modeliniň bahasyny mälim etdi

Günorta Koreýanyň Kia awtoulag öndürijisi 2027-nji model ýylynyň täzelenen Telluride krossoweriniň bahalaryny we tehniki häsiýetnamalaryny resmi taýdan aýan etdi. Awtoulagyň başlangyç bahasy esasy LX toplumy üçin 40 735 dollar, iň ýokary enjamlaşdyrylan SX Prestige X-Pro wersiýasy üçin bolsa 58 335 dollar bolar
Nissan Ýaponiýanyň bazarynda 1993-nji ýyldan bäri iň pes satuw görkezijilerini bellige aldy
12.01.2026 22:35
3.6k+

Nissan Ýaponiýanyň bazarynda 1993-nji ýyldan bäri iň pes satuw görkezijilerini bellige aldy

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Nissan kompaniýasy Ýaponiýada soňky 30 ýyldan gowrak wagtda (1993-nji ýyldan bäri) iň pes satuw derejesini görkezdi. Kompaniýanyň içerki bazardaky paýy ilkinji gezek 10%-den aşak düşdi
Toyota Tacoma ABŞ-da taryhy satuw rekordyny goýdy
12.01.2026 17:44
5.8k+

Toyota Tacoma ABŞ-da taryhy satuw rekordyny goýdy

Toyota Tacoma pikapy ABŞ-da 2025-nji ýyly rekord satuw bilen tamamlady – model amerikan bazarynda 30 ýyldan gowrak wagt bolmak bilen, häzire çenli iň gowy netijäni görkezdi. Bir ýylda Toyota 274 638 sany Tacoma awtomobilini satdy, bu bolsa 2024-nji ýylda satylan pikaplardan 42,4% köpdür
Mercedes-Benz 52 ýylda ilkinji gezek Ýewropada «Ýylyň awtomobili» adyny aldy
12.01.2026 16:36
3.7k+

Mercedes-Benz 52 ýylda ilkinji gezek Ýewropada «Ýylyň awtomobili» adyny aldy

Mercedes-Benz CLA Ýewropada «Ýylyň awtomobili 2026» diýlip ykrar edildi. Bäsleşigiň netijesi Brýusseldäki Halkara awtosalonyň çäklerinde geçirilen gala agşamynda yglan edildi. Ýeňiji 23 Ýewropa ýurdundan 59 awtomobil žurnalisti tarapyndan kesgitlendi
AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi
12.01.2026 16:31
3.2k+

AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy
BYD taksi we korporatiw awtoparklar üçin bazara täze Linghui brendini çykarýar
11.01.2026 21:26
4.2k+

BYD taksi we korporatiw awtoparklar üçin bazara täze Linghui brendini çykarýar

BYD kompaniýasy diňe korporatiw müşderiler we taksi parklary üçin niýetlenen täze Linghui («Linhueý») brendini işe girizýär. Brendiň ilkinji modelleri barada maglumatlar Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bazasynda hödürlendi
Bosch: ABŞ-da ulaglaryň aglabasy azyndan 2035-nji ýyla çenli içinden ýandyrylýan hereketlendirijili bolup galar
11.01.2026 13:29
6k+

Bosch: ABŞ-da ulaglaryň aglabasy azyndan 2035-nji ýyla çenli içinden ýandyrylýan hereketlendirijili bolup galar

Dünýäniň iň uly awto-düzüm böleklerini öndürijisi bolan Bosch kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (DWS) ulaglar Demirgazyk Amerikada azyndan 2035-nji ýyla çenli öz ornuny saklap galar
Sony we Honda bilelikdäki ikinji elektromobilini tanyşdyrdylar: Birinji model eýýäm şu ýyl satuwa çykýar
11.01.2026 11:54
2.5k+

Sony we Honda bilelikdäki ikinji elektromobilini tanyşdyrdylar: Birinji model eýýäm şu ýyl satuwa çykýar

Las-Wegasda geçirilen CES 2026 halkara sergisinde Sony Honda Mobility (SHM) bilelikdäki kärhanasy özüniň ilkinji seriýaly elektromobili bolan Afeela 1-iň şu ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da satuwa çykaryljakdygyny habar berdi
Nvidia tehnologiýasy 2027-nji ýyla çenli robotaksileri 4-nji derejeli awtopilot bilen üpjün eder
11.01.2026 11:48
1.4k+

Nvidia tehnologiýasy 2027-nji ýyla çenli robotaksileri 4-nji derejeli awtopilot bilen üpjün eder

Nvidia tehnologiýalaryna esaslanýan we 4-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan robotaksiler geljek ýyl ýollara çykar. CNBC neşiriniň habar bermegine görä, SAE klassifikasiýasy boýunça 4-nji derejeli awtopilot köp ýagdaýlarda adamyň gatnaşmagyny talap etmeýär
2026 World Car Awards baýragynyň finalçylary kesgitlendi
10.01.2026 18:33
4.8k+

2026 World Car Awards baýragynyň finalçylary kesgitlendi

2026 World Car Awards baýragy resmi taýdan başlady. 33 ýurtdan awtomobil žurnalistleri «Ýylyň dünýä awtomobili» ady we aýry-aýry kategoriýalarda baýraklar üçin bäsleşjek modelleri saýlady. Ýeňiji 1-nji aprelde Nýu-Ýork awtosalonynda yglan ediler
Corolla bilen Camry-ni ABŞ-da "ýere degirmän" alýarlar: 2025-nji ýyl satuwlar boýunça rekord goýdy
10.01.2026 11:45
11k+

Corolla bilen Camry-ni ABŞ-da "ýere degirmän" alýarlar: 2025-nji ýyl satuwlar boýunça rekord goýdy

Toyota Demirgazyk Amerika bazary boýunça 2025-nji ýylyň netijelerini jemledi. Kompaniýanyň satuwy 8,1% artyp, jemi 2 147 811 awtoulaga ýetdi. Satuwlaryň esasy bölegini krossowerler we pikaplar emele getirse-de, nusgawy ýeňil awtoulag modelleri hem öz meşhurlygyny saklap galdy
Xiaomi gaýtadan işlenen salon bilen SU7 awtomobiliniň täze neslini görkezdi
10.01.2026 11:36
2.8k+

Xiaomi gaýtadan işlenen salon bilen SU7 awtomobiliniň täze neslini görkezdi

Xiaomi kompaniýasy SU7 sedanynyň täze neslini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Hytaýda eýýäm deslapky sargytlar açyldy. Öndüriji awtoulagyň üpjünçiligi we dizaýny barada giňişleýin maglumat berdi. Awtomobiliň daşky görnüşi üýtgemedi diýen ýaly: kuzowyň formasy öňküligine galdy, ýöne täze Capri Blue reňki we 20 dýuýmlyk tigirler goşuldy
Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykdy: bahasy 21 700 dollardan başlaýar
10.01.2026 10:21
4.8k+

Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykdy: bahasy 21 700 dollardan başlaýar

9-njy ýanwarda Hytaýda AX60 kuzowly täze Toyota RAV4 krossoweriniň resmi satuwlary başlandy. Modeliň bahasy 169 800 ýuandan 228 800 ýuana çenli (takmynan 24 300 – 32 800 dollar) aralygynda üýtgeýär. Emma ilkinji satyn alyjylar üçin ýörite arzanladylan baha — 151 800 ýuandan (takmynan 21 700 dollar) başlaýan nyrhlar hödürlenýär
Mercedes-Benz täze elektrikli GLC-ni tanyşdyrdy we awtopilotynyň tizligini sagatda 110 km-e çykardy
09.01.2026 11:12
6.4k+

Mercedes-Benz täze elektrikli GLC-ni tanyşdyrdy we awtopilotynyň tizligini sagatda 110 km-e çykardy

Las-Wegasda geçirilýän CES 2026 tehnologiýa sergisinde Mercedes-Benz kompaniýasy GLC krossoweriniň doly elektrikleşdirilen wersiýasyny we flagman S-Class sedanynyň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Täze elektrikli GLC modeli özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar: Daşky görnüşi: 942 sany yşyklandyrylan nokatly radiator gözenegi, korpusa "gizlenen" gapy tutawaçlary we aerodinamiki bamperler
Alpina dolulygyna BMW-niň düzümine goşuldy we täze logotip aldy
09.01.2026 10:54
4.2k+

Alpina dolulygyna BMW-niň düzümine goşuldy we täze logotip aldy

Germaniýanyň awtomobil ägirdi bolan BMW, Alpina brendiniň öz düzümine doly goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Söwda nyşanynyň hukuklarynyň bütinleý Bawariýa konsernine geçmegi bilen, ozalky týuning atelýesi indi seriýaly awtoulaglaryň aýratyn eksklýuziw görnüşlerini öndürmek bilen meşgullanar
Volkswagen we Porsche kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar
08.01.2026 21:11
2.5k+

Volkswagen we Porsche kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

ABŞ-da yzyny görkezýän kameranyň şekili bilen bagly näsazlyklar sebäpli Volkswagen Group konserniniň awtomobilleri giň gerimde yzyna gaýtarylýar. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň maglumatlaryna görä, programma ýalňyşlygy yzdaky zatlary görkezmekde bökdençliklere getirip biler, bu bolsa heläkçilik ýagdaýlarynyň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar
Hytaýda has kämilleşen we köne baha bilen täze Hyundai Santa Fe 2026 çykdy
08.01.2026 14:45
5k+

Hytaýda has kämilleşen we köne baha bilen täze Hyundai Santa Fe 2026 çykdy

Hyundai Hytaýda 2026-njy model ýylynyň Santa Fe krossowerini resmi taýdan hödürledi. Awtomobil 195,8 müň ýuandan 268,8 müň ýuana çenli (takmynan, 28,1 müň dollardan 38,5 müň dollara çenli) baha bilen dört wersiýada satuwa çykdy
Kia baha bäsdeşligi sebäpli Hytaýda öz awtoulaglarynyň bahasyny arzanlatdy
07.01.2026 12:54
6.1k+

Kia baha bäsdeşligi sebäpli Hytaýda öz awtoulaglarynyň bahasyny arzanlatdy

Kia Hytaýda öz awtomobilleriniň bahalaryny arzanladandygyny mälim etdi. Uly arzanladyşlar ýanwar aýynyň ahyryna çenli hereket edýär we kompaniýanyň ýurtda satylýan ähli model hataryna degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, täze bahalar modelleriň ähli wersiýalaryna däl-de, üpjünçilik derejesi ortaça bolan awtomobillere degişlidir
Täze Toyota Land Cruiser 300 gibridi Lexus LX500d Luxury-dan gymmat bolar
07.01.2026 10:59
9.9k+

Täze Toyota Land Cruiser 300 gibridi Lexus LX500d Luxury-dan gymmat bolar

Awstraliýada gibrid Toyota Land Cruiser 300 çykmaga taýýarlanýar. Ol bazarda SUV ulagyň iň gymmat görnüşi bolup, bahasy boýunça hatda Lexus LX500d Luxury-dan hem öňe geçer. Bu barada Drive neşiri ýazýar. Tehniki taýdan model Lexus LX700h-i gaýtalaýar: ol 341 kWt kuwwaty we 790 Nm aýlanma güýjüni berýän gibrid enjam bilen iki turbinaly 3,5 litrlik V6 benzin hereketlendirijisine eýe bolar
BMW «guduzlan» rul sebäpli X3 krossowerlerini yzyna ýygnaýar
07.01.2026 10:20
7.8k+

BMW «guduzlan» rul sebäpli X3 krossowerlerini yzyna ýygnaýar

BMW geň we howsala döredýän kemçilik sebäpli 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň 36 922 sany X3 krossowerini yzyna ýygnaýandygyny mälim etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygynyň milli edarasy (NHTSA) habar berdi
Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi
06.01.2026 23:40
9.2k+

Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi

Mansory týuning atelýesi Audi RS 6-nyň binýadynda döredilen P1100 atly täze taslamasyny hödürledi. Uniwersal awtoulagyň kuwwaty 1100 at güýjüne çenli artdyryldy. Bu täzelenme modeliniň häzirki nesliniň önümçiliginiň tizara tamamlanmagyna gabatlap taýýarlanyldy
Toyota Land Cruiser Prado metal gorag elementleri bilen üýtgeşik wersiýa eýe boldy
06.01.2026 15:15
10k+

Toyota Land Cruiser Prado metal gorag elementleri bilen üýtgeşik wersiýa eýe boldy

Kuhl Racing ýapon týuning-atelýesi Blocker Iron Build atly taslamany yglan etdi. Ony Tokio sergisinde görkezmek meýilleşdirilýär. Taslama üçin esas hökmünde Toyota Land Cruiser Prado alyndy. Awtomobiliň ýerden beýikligi asgyçdaky (podweska) üýtgeşmeleriň we adaty bolmadyk tigirleriň hasabyna artdyryldy hem-de köp sanly metal gorag elementleri bilen üpjün edildi
BMW Hytaýda awtoulaglaryň bahalaryny arzanlatdy: bir model 43 müň dollar arzanlady
06.01.2026 14:26
8.8k+

BMW Hytaýda awtoulaglaryň bahalaryny arzanlatdy: bir model 43 müň dollar arzanlady

BMW China kompaniýasy birnäçe esasy modelleriniň hödürlenýän bölek satuw bahalarynyň (MSRP) düýpli peseldilendigini resmi taýdan yglan etdi. Täzelenen baha sanawy 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Bu üýtgeşme jemi 31 sany esasy modele täsir etdi
Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar
06.01.2026 14:14
5.9k+

Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar

9-njy ýanwarda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy altynjy nesil Toyota RAV4 XA60 krossowerini hytaý bazaryna ibermäge başlar. Model täzelenen daşky görnüşe, gaýtadan işlenen interýere we güýç enjamynyň üç görnüşine – arassa benzine we iki gibride eýe boldy
Red Bull öz RB17 ýaryş giperkarynyň gutarnykly dizaýnyny görkezdi
06.01.2026 11:36
4.9k+

Red Bull öz RB17 ýaryş giperkarynyň gutarnykly dizaýnyny görkezdi

Red Bull Racing topary diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenen RB17 giperkarynyň gutarnykly suratlaryny görkezdi. Belli inžener Edrian Nýuiniň we Cosworth-dan hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen model jikme-jik işlenen kuzowa we mahsus interýere eýe boldy
Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler
05.01.2026 15:00
10k+

Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler

Mitsubishi kompaniýasy Ralliart bölümçesi bilen bilelikde döredilen korporatiw mahabatda geljekki modeliň tizerini görkezdi. Wideo brendiň sport üstünliklerine bagyşlandy, ýöne wideonyň ahyrynda täze bir ulagyň silueti görkezilýär
BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
04.01.2026 22:10
3.1k+

BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň jemi boýunça Tesla-dan öňe geçip, dünýäde iň uly elektromobil satyjysy boldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar. BYD-yň 1-nji ýanwardaky hasabatyna görä, kompaniýanyň ýyllyk satuwy tas 28% ýokarlanyp, 2,26 mln birlige ýetdi
4 mln dollarlyk Bugatti Tourbillon Horwatiýanyň daglarynda aşa agyr garly şertlerde synagdan geçirilýär
04.01.2026 15:53
13k+

4 mln dollarlyk Bugatti Tourbillon Horwatiýanyň daglarynda aşa agyr garly şertlerde synagdan geçirilýär

"Bugatti-Rimac" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mate Rimas bahasy 4 million dollardan başlanýan täze "Bugatti Tourbillon" giperkarynyň gyşky synaglaryndan wideoşekilleri paýlaşdy. Synaglar Horwatiýanyň garly daglarynda geçirilýär we kadrlardan görnüşi ýaly, olar aňsat düşmändir: prototipleriň biri çuň garyň içinde kyn ýagdaýa düşüpdir
Doly çekişli ilkinji ýeňil awtoulagyň nusgasy auksiona çykaryldy
03.01.2026 13:02
7.5k+

Doly çekişli ilkinji ýeňil awtoulagyň nusgasy auksiona çykaryldy

Britaniýanyň "Car and Classic" auksion öýünde seýrek duş gelýän awtoulag — 1966-njy ýylda öndürilen Jensen FF modeliniň prototipi satuwa çykaryldy. Bu model ähli tekerleri çekýän (doly çekişli) ilkinji seriýalaýyn ýeňil awtoulag hasaplanýar
RM Sotheby's auksionynda satylan ähli ulaglaryň umumy bahasy rekord 1 mlrd dollardan geçdi
03.01.2026 11:36
3.5k+

RM Sotheby's auksionynda satylan ähli ulaglaryň umumy bahasy rekord 1 mlrd dollardan geçdi

Geçen ýyl RM Sotheby's awtoulag auksionlarynda 75 sany awtoulag rekord bahadan satyldy. "Robb Report" neşiriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 1 milliard dollardan geçdi
Hyundai gysga utgaşma howpy sebäpli 50 müňden gowrak Tucson awtoulagyny yzyna çagyrýar
02.01.2026 11:15
2.9k+

Hyundai gysga utgaşma howpy sebäpli 50 müňden gowrak Tucson awtoulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy ABŞ-da 2022–2024-nji ýyllarda öndürilen 51 587 sany Tucson krossowerini yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Ulaglaryň yzyna çagyrylmagyna tirkeg enjamynyň simler toplumyndaky kemçilik sebäp boldy
Hytaý 2027-nji ýyldan başlap gapy tutawaçlary gizlenýän elektromobilleri gadagan eder
02.01.2026 11:07
8.2k+

Hytaý 2027-nji ýyldan başlap gapy tutawaçlary gizlenýän elektromobilleri gadagan eder

2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Hytaýda gapy tutawaçlary çykýan (gizlenýän) täze elektromobilleriň satuwy gadagan ediler. Gürrüň gapyny açyş mehanizmleri doly elektrik energiýasyna bagly bolan modeller barada gidýär
Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy
31.12.2025 08:46
9k+

Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýurduň iň uzyn awtomobil tuneli boýunça hereket açyldy. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, gürrüň Urumçi — Ýuýli ýokary tizlikli awtomagistralynda gurlan, uzynlygy 22,13 kilometre ýetýän «Týanşan Şenli» tuneli barada barýar
Hytaýyň o diýen meşhur bolmadyk brendi Las-Wegasda 1900 at güýjüne eýe bolan giperkaryny görkezer
29.12.2025 11:36
5k+

Hytaýyň o diýen meşhur bolmadyk brendi Las-Wegasda 1900 at güýjüne eýe bolan giperkaryny görkezer

Hytaýyň az tanalýan Kosmera markasy ýanwar aýynda Las-Wegasda geçiriljek CES sergisinde iki sany elektrik awtoulagynyň prototipini tanyşdyrar. Olaryň arasynda 1900 at güýjündäki giperkar aýratyn gyzyklanma döredýär
Lexus RZ krossoweriniň sagatda 100 km-e 4,4 sekuntda çykýan iň güýçli modifikasiýasyny hödürledi
29.12.2025 11:17
5.6k+

Lexus RZ krossoweriniň sagatda 100 km-e 4,4 sekuntda çykýan iň güýçli modifikasiýasyny hödürledi

Lexus kompaniýasy RZ elektrik krossowerleriniň hataryny täze flagman model — 600e F Sport Performance bilen giňeltdi. Bu awtoulag öz maşgalasynda iň kuwwatly güýç beriji gurluş bilen üpjün edilip, bary-ýogy 4,4 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär
Mercedes-Benz ABŞ-da «dizel dawasyny» çözmek üçin 150 million dollar töleýär
28.12.2025 23:51
3.6k+

Mercedes-Benz ABŞ-da «dizel dawasyny» çözmek üçin 150 million dollar töleýär

Mercedes-Benz kompaniýasy dizel hereketlendirijileriniň zyýanly zyňyndylary baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy boýunça derňewi tamamlamak üçin ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen 149,6 million dollarlyk ylalaşyk baglaşdy
Ford Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady
28.12.2025 23:47
3.7k+

Ford Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady

Ford kompaniýasy Louisville Assembly Plant zawodynda Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady. Modeliň iň soňky nusgasy konweýerden düşdi we zawodyň işgärleri awtoulagyň kuzowyna ýadygärlik gol çekdiler. Soňky awtoulag çykanyndan soňra, hünärmenler köne önümçilik liniýalaryny söküp başladylar: Luiswilldäki zawod döwrebaplaşdyrylar
Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy
26.12.2025 22:20
9.4k+

Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.