Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
19.11.2025 13:20
4k+
Porsche täze 911-e Amazon ýabany pişiginiň adyny dakdy
Porsche kompaniýasy Latyn Amerikasyndaky şahamça kärhanasynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Latyn Amerikasynyň Nyşanlary" atly ýörite seriýasyny döretdi. Bu hatardaky ilkinji awtoulag Kolumbiýadaky Amazon tropiki tokaýlygyndan ylhamlanan özboluşly 911 GT3 Ocelot sport awtoulagydyr
19.11.2025 13:11
8.6k+
Nissan täze N6 sedanyny hödürledi: Toyota Camry-niň bu bäsdeşiniň bahasy bary-ýogy 15 müň dollar
Dongfeng Nissan bilelikdäki kärhanasy täze Nissan N6 plug-in gibrid sedany üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady. Model Tianýan-yň arhitekturasynda gurlup, elýeterli premium gibrid hökmünde orun aldy. Deslapky sargyt bahalary 110 müň ýuandan 122 müň ýuan (15,400 - 17,100 dollary) aralygynda
19.11.2025 12:37
2.5k+
Audi Formula-1-de ilkinji gezek çykyş etjek öz ýaryş ulagynyň reňkini mälim etdi
Audi R26 Concept konsept-karyny görkezdi — nemes kompaniýasynyň Formula-1-de ilkinji gezek çykjak ýaryş ulagy hut şeýle reňkler bilen bezeler. Awtoulag öndürijisi 2026-njy ýylda çempionatda bäsleşer. Zawod topary Stake F1 Team Kick Sauber toparynyň esasynda döredilýär
17.11.2025 13:46
4.6k+
Týunerler iň güýçli serialy "Rolls-Royce-y" has-da kämilleşdirdiler
Rolls-Royce awtoulaglarynyň týuningi bilen meşgullanýan Novitec kompaniýasynyň Spofec bölümi doly elektrikli Rolls-Royce Spectre Black Badge kupe-siniň ýörite wersiýasyny hödürledi. Kämilleşdirmeler diňe daşky görnüşi däl, eýsem, elektromobiliň häsiýetnamalaryny hem öz içine aldy
17.11.2025 13:14
11k+
Chery krossoweri “Asman Merdiwany” synagyndan geçip bilmän, syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi
Hytaýda Chery Fulwin X3L gibrid krossoweri Týanmen dagynda meşhur “Asman Merdiwanyna” çykyp bilmedi we syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi diýip, Jimu News habar berýär. Awtomobil basgançaklara çykmaga synanyşdy, ýöne yza gaýdyp baryp germewe uruldy
16.11.2025 22:40
4.5k+
Amerikan startapy üç tigirli “günmobilleri” ýygnap başlady
Kaliforniýanyň Aptera startapy özüniň Gün elektromobiliniň synag nusgalarynyň ýygnalyp başlanandygyny habar berdi – bu prototipden yzygiderli önümçilige tarap ilkinji ädim boldy. Işler üpjün edijilerden taýýar komponentleri ulanmak bilen Günorta Kaliforniýadaky täze önümçilik hatarynda alnyp barylýar
16.11.2025 17:01
7.3k+
Nikkei: Ýaponiýanyň awtoulag senagaty ABŞ-nyň gümrük nyrhlary sebäpli alty aýda takmynan 10 milliard dollar ýitirdi
Ýaponiýanyň iň uly ýedi awtoulag öndürijisi Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan girizilen import üçin gümrük nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy sebäpli girdejisiniň takmynan 1,5 trillion ýenasyny (takmynan 9,7 milliard dollar) ýitirdi
16.11.2025 16:43
3.4k+
Kia doly herekete getiriji we 3,5 litrlik V6 bilen 7 orunlyk Telluride 2027-ni görkezdi
Kia 2027-nji model ýylynyň üç hatarly Telluride ulagyny görkezdi. Ýolsuz ýerlerden hem hereket etmek üçin niýetlenen bu ulagyň ilkinji köpçülikleýin görkezilişi noýabryň ahyrynda Los-Anjelesdäki awtosalonda bolar
16.11.2025 16:42
5.3k+
Döwrebap dizaýnly täze Nissan Sentra 23,6 müň dollardan satylýar
Nissan kompaniýasy ABŞ-da dokuzynjy nesil Sentra sedanynyň satuwyna başlady. Başga bazarlarda bu model Sylphy hökmünde bellidir. Awtomobiliň daşky görnüşi doly täzelendi, interýer has döwrebap boldy, ýöne platforma we hereketlendiriji öňküligine galdy
16.11.2025 16:23
3.1k+
Maýamidäki Pagani penthausyny satyn aljaklara üýtgeşik superkar sowgat berler
Florida ştatynyň Maýami şäheriniň ajaýyp görnüşli Nort-Beý-Willij etrabynda Italiýanyň Pagani kompaniýasynyň gatnaşmagynda Pagani Residences kaşaň ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar. Onda 28,5 million dollar we 30 million dollar bahasy bolan iki sany köp otagly penthous salyndy
16.11.2025 16:19
3.2k+
Hyundai we GM "haýranlar galdyrmagy" wada berýän orta ölçegli täze pikap taýýarlaýar
Hyundai General Motors bilen hyzmatdaşlykda täze orta ululykdaky pikap awtoulagyny işläp taýýarlaýandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada kompaniýanyň Awstraliýa bölüminiň başlygy Don Romano mälim etdi. Bu model ilkinji gezek 2028-nji ýylda Günorta Amerikada görkeziler we Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen wersiýasy bolsa 2030-njy ýylda geçijiligi ýokary wnedorožnik bilen bilelikde görkeziler
16.11.2025 16:06
1.4k+
Alfa Romeo we Maserati sargyt esasynda ultra eksklýuziw ulaglary döredip başlar
Alfa Romeo we Maserati italýan brendleri giň şahsylaşdyrma mümkinçilikleri bolan özboluşly awtoulaglary döretjek Bottegafuoriserie bilelikdäki maksatnamanyň amala aşyrylyp başlanandygyny habar berdiler. Täze bölüm “duýgularyň ussahanasy” hökmünde orun alýar, bu ýerde ulaglar adaty dizaýnyň we inženerçiligiň çäginden çykýar
15.11.2025 21:45
3.5k+
McLaren Norris bilen Piastriniň gatnaşmagynda Las-Wegasyň stilinde superkar döretdi
McLaren Special Operations (MSO) bölümçesi Las-Wegasyň stilindäki dizaýn bilen özboluşly McLaren 750S Spider superkaryny hödürledi. Taslama Project Viva adyny aldy we awtomobilleri şahsylaşdyrmak boýunça MSO-nyň mümkinçiliklerini görkezýär
14.11.2025 11:31
2.8k+
Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär
Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar
14.11.2025 11:23
4.4k+
Mercedes-Benz benzinli hereketlendirijili CLA-nyň peýda bolandygyny mälim etdi
Mercedes-Benz CLA-nyň üçünji nesli şu ýyl ýazda elektrik ulag hökmünde tanyşdyrylyp, Hytaý bazary üçin uzaldylan ýygnama bilen çykypdy. Indi bolsa modeliň benzin bilen işleýän — has takygy, gibrid görnüşi hem elýeterli boldy
14.11.2025 10:29
3.6k+
McLaren F1-i döredeniň superkary entek ýygnalmanka 20 million dollara satylýar
RM Sotheby’s auksion öýi noýabr aýynda Las-Wegasda geçiriljek "Formula-1" Gran-prisinde guraljak adaty bolmadyk söwdany yglan etdi. Auksiona meşhur McLaren F1-iň döredijisi tarapyndan esaslandyrylan Gordon Murray Special Vehicles toparynyň superkary - GMSV S1 LM çykarylýar
14.11.2025 10:15
7.6k+
Toyota sürüjilere ulaglarynyň maglumatlary esasynda pul gazanmak mümkinçiligini hödürleýär
Toyota kompaniýasy awtoulag eýelerine ulaglarynyň toplan maglumatlaryny paýlaşan ýagdaýynda sylag almaga mümkinçilik berýän ulgamy döretdi. Patente görä, awtoulag maglumatlaryny kompaniýa geçirýär, şol ýerde-de ol seljerilýär we howpsuzlygy hem-de awtonom sürüjilik tehnologiýalaryny gowulandyrmakda ulanylýar
14.11.2025 10:07
3.8k+
Işlenenden soň Jeep Grand Cherokee 1150 at güýjüni aldy we aňyrsy görnüp duran kapota eýe boldy
Atlantadaky Road Show International atelýesi meşhur Jeep Grand Cherokee-niň iň güýçli görnüşleriniň biri bolan SRT Trackhawk RS Edition modelini täzeden taýýarlady. Ulagyň kapotynyň aşagynda 6,2 litrlik kompressorly V8 hereketlendirijisi ýerleşýär, onuň kuwwaty 1150 at güýjüne çenli ýetýär
13.11.2025 11:02
6.6k+
Hytaýda 17 müň dollardan Hyundai Mufasa 2026-nyň satuwa başlandy
Hytaýda Hyundai Mufasa 2026 täze ykjam krossoweriniň satuwy başlandy. Model üç görnüşde hödürlenýär, onuň bahasy 121 800 – 142 800 ýuan aralygynda bolup, bu takmynan 17 100 – 20 000 amerikan dollaryna deňdir. Ähli wersiýalarda 2,0 litrlik, 160 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji we alty tizlikli awtomatiki geçiriş oturdylan
13.11.2025 10:50
5.5k+
Täze Ford F-250 dünýäde iň çalt dizel pikap boldy
Täze Ford F-250 Super Duty dünýäde iň çalt dizel pikaby bolup, täze rekord goýdy. 6,7 litrlik Power Stroke V8 hereketlendirijisi bilen işleýän High Output wersiýasy 500 at güýjüni we 1626 Nm torky öndürýär. Bu äpet pikap bary-ýogy 5,5 sekuntda 100 km/sag tizlige çykýar — bu görkeziji Honda NSX sport awtoulagynyň netijesi bilen deňdir
12.11.2025 18:52
12k+
Toyota Hilux pikapy düýbünden başgaça dizaýny aldy we ilkinji gezek elektrik boldy
Toyota öz Hilux pikabynyň dokuzynjy neslini hödürledi. Täze modeliň global premýerasy Bangkokda geçirildi we bu ýerde awtomobiliň elektrik görnüşi-de görkezildi. Pikabyň eksterýeri we interýeri doly gaýtadan işlendi, şol bir wagtyň özünde Hilux-yň tanalýan stili saklandy
12.11.2025 09:07
3.8k+
Ford Bronco Heritage Edition 2026 – täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş hödürlendi
Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň täzelenen Bronco hataryny tanyşdyrdy. Täze ýylyň modeli üçin Heritage Edition wersiýasyna täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş ulgamy goşuldy. Indi retro görnüşli wnedorožnigi 2,3 litrlik EcoBoost I4 turbo hereketlendiriji bilen we 10 tizlikli awtomat geçiriş bilen sargyt edip bolýar
11.11.2025 15:27
8.8k+
Täze Toyota GR Corolla 400 a.g. hereketlendirijisini alar we silindrini artdyrar
Toyota indiki nesil GR Corolla hetçbeginde 1,6 litrlik turbinaly üç silindrli hereketlendirijini 400 a.g. kuwwatly täze dört silindrli hereketlendiriji bilen çalyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Carscoops neşiri ýazýar
11.11.2025 12:37
6.3k+
Hytaý krossoweri iň uzak aralyga ýöreýän gibrid hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Hongqi kompaniýasy öz täze HS6 gibrid krossoweriniň dünýäde iň uzak aralyga ýöreýän zarýad berilýän gibrid wnedorožnik hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini mälim etdi. Bu barada Autohome portaly habar berýär
11.11.2025 00:59
4.5k+
Tesla 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde “uçýan” Roadster ulagyny hödürlär
Tesla ikinji nesil Roadster sport elektromobiliniň tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde geçiriljekdigini yglan etdi. Ulagyň ilkinji maketi we göz öňünde tutulýan aýratynlyklary 2017-nji ýylda görkezilipdi, önümçilik bolsa 2020-nji ýyla meýilleşdirildi
09.11.2025 20:44
8.7k+
Toyota 4Runner 2026 tanyşdyryldy: üýtgeşme az, emma baha galdy
Toyota kompaniýasy täzelenen 4Runner 2026 wnedorožniginiň bahasyny resmi taýdan mälim etdi diýip, Carscoops habar berýär. Esasy SR5 wersiýasy indi 41 570 dollar durýar — bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 800 dollar köp
09.11.2025 20:32
5.4k+
ABŞ-da Toyota Crown Signia 2026-nyň bahasy yglan edildi
ABŞ-da täzelenen Toyota Crown Signia 2026 krossoweriniň bahasy resmi taýdan yglan edildi. Model iki bezeg derejesinde hödürlenýär: XLE — $44 390, Limited — $48 790. Her iki görnüş hem tehniki taýdan birmeňzeşdir
08.11.2025 17:02
7.6k+
Xiaomi-niň prezidenti Germaniýanyň awtobanlarynda SU7 Ultra-ny özi synagdan geçirdi
Xiaomi Group-yň prezidenti Lu Weýbing Germaniýada Xiaomi SU7 Ultra flagman elektromobiliniň iki günlük synagyny geçirdi. Ol Berlin-Gamburg we Gamburg-Frankfurt ugurlary boýunça, takmynan, 800 km geçdi. Kompaniýa 2027-nji ýylda Ýewropanyň elektromobil bazaryna çykmaga taýýarlanýar
08.11.2025 07:58
4.2k+
Toyota kuwwaty 400 at güýji bolan iki sany 2,0 litrlik hereketlendirijiden täze V8 döredýär
Toyota benzinli hereketlendirijilerden ýüz öwürmäge gyssanmaýar. Kompaniýa täze V8 hereketlendirijisini işläp taýýarlaýandygyny resmi ýagdaýda tassyklady. Ol ilki bilen GR GT3 trek superkarynda peýda bolar, soňra bolsa onuň uýgunlaşdyrylan görnüşi Lexus Sport Concept modeli üçin ulanylar
08.11.2025 07:21
4.3k+
Mitsubishi kaşaň Elevance konsepti bilen tanyşdyrdy: wnedorožniklere täzeçe çemeleşme
Mitsubishi kompaniýasy Japan Mobility Show 2025 sergisinde üç hatarly täze Elevance konseptual wnedorožnigini görkezdi. Geljekde Pajero Sport modeline täsir edip biljek bu konsept, dört elektrik hereketlendirijisi we kompaniýanyň S-AWC ähli tekerleri hereketli ulgamy bilen işleýän plugin-gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr
08.11.2025 00:59
3.2k+
III çärýekde BMW-niň düşewündi 3,6 esse ýokarlandy, ýöne girdeji azaldy
BMW AG nemes awtoöndürijisi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejiniň 3,6 esse – 1,7 mlrd ýewro ýa-da paý üçin 2,74 ýewro çenli ýokarlanandygyny habar berdi. Bu barada kompaniýanyň hasabatynda aýdylýar
08.11.2025 00:40
3.8k+
Stellantis akkumulýatorlarynyň ýangyn howpy sebäpli 375 müň gibrid Jeep-i yzyna gaýtarýar
Stellantis awtokonserni akkumulýator batareýalarynda ýangyn döremek howpy sebäpli dünýä boýunça 375 müň sany Jeep Wrangler we Jeep Grand Cherokee gibrid ulaglaryny yzyna çagyrdy. Bu barada CNN habar berýär. Yza çagyryş 2020–2025 ýyllar aralygynda öndürilen Jeep Wrangler modellerini hem-de 2022–2026 ýyllaryň Jeep Grand Cherokee modellerini öz içine alýar
07.11.2025 06:28
4.5k+
Nissan täze nesil Elgrand miniwenini hödürledi: ol Toyota Alphard-yň esasy bäsdeşi bolar
Japan Mobility Show 2025 sergisinde Nissan kompaniýasy Elgrand miniweniniň köpden bäri garaşylan dördünji neslini hödürledi. Modeliň premýerasy forumyň iň esasy wakalarynyň biri boldy. Modeliň bazara 2026-njy ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar diýip, Carscoops habar berýär
06.11.2025 11:09
3.9k+
Toyota täze RAV4 bilen ölüm we heläkçilik ýagdaýlaryny nola getirmegi maksat edinýär
Toyota kompaniýasy Ýaponiýada we ABŞ-da satuwa çykýan doly täzelenen RAV4 krossowerini hödürledi. Model brendiň geljegiň mümkin boldugyndan iň ygtybarly awtomobillerini döretmäge gönükdirilen “Nol pida, nol heläkçilik” atly täze konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädim boldy
05.11.2025 11:54
6.9k+
“Ýewropada ýylyň awtomobili-2026” baýragynyň finalçylary yglan edildi
Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň emin agzalary 2026-njy ýylyň baş tituly üçin finalçylary yglan etdi. Gysga sanawa eýýäm ÝB-niň bazarynda elýeterli bolan ýa-da tiz wagtdan satuwa çykjak ýedi täze model girdi
05.11.2025 09:54
5.9k+
Mansory üç sany tüsseçykary, uglerod süýümi we 838 at güýji bolan BMW M5-i tanyşdyrdy
Germaniýanyň Mansory meşhur awtobezeg studiýasy täzeden işlenen BMW M5 gibrid sedan wersiýasyny görkezdi. Täzelenen model köp mukdarda uglerod süýümli elementler, Honda Civic Type R äheňinde merkezde ýerleşýän üç sany tüsseçykary bolan özboluşly gaz çykaryş ulgamy hem-de güýçlendirilýän güýç toplumy bilen tapawutlanýar
05.11.2025 09:43
3.1k+
Honda täze elektrik “0” maşgalasyndan ikinji krossowerini görkezdi
Honda kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde adynda «alfa» nyşany bolan Honda 0 krossoweriniň prototipini ilkinji gezek görkezdi. Bu model täze elektrikleşdirilen “0” maşgalasynyň üçünji modeli bolup, ondan öň 0 Saloon atly sedan we has uly göwrümli 0 SUV krossoweri tanyşdyrylypdy
04.11.2025 18:48
5k+
Rolls-Royce spirtde işleýän dünýäde ilkinji gämi hereketlendirijisini döretdi
Häzirki günde deňiz gatnawlary ähli ulag serişdeleriniň arasynda atmosferany esasy hapalaýjy çeşmeleriň biri bolup galýar. Gämileriň aglabasy häzirem dizel ýangyjyny ulanýar, ol bolsa ýanan wagty atmosfera diňe bir kömürturşy gazyny däl, eýsem beýleki köp sanly hapalaýjy maddalary zyňýar
04.11.2025 18:46
6.2k+
Lexus kompaniýasy kaşaň jaýlary we gämileri gurup başlar
Lexus kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde diňe bir LS awtomobilleriniň futuristik konseptini däl, eýsem ulaglaryň çäginden çykýan ösüş strategiýasyny görkezdi. Indi kompaniýa gämilere, binagärlige we ýaşaýyş jaýlarynyň dizaýnyna ünsi jemleýär
04.11.2025 14:34
3.8k+
Jeep Grand Cherokee güýçli turbo hereketlendirijisine we täzelenen interýere eýe boldy
Jeep kompaniýasy meşhur Grand Cherokee krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Täzelenen model 3,6 litrlik V6 Pentastar hereketlendirijisiniň ýerine, Stellantis konserniniň täze, has güýçli we has tygşytly diýlip mälim edilýän Hurricane maşgalasyndan dört silindrli hereketlendirijini aldy
«
1
…
14
15
16
…
86
»
«
1
…
11
12
13
14
15
16
17
18
19
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.