2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar
31.08.2025 08:54
6.5k+

2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar

BMW kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen X1 we iX1 krossowerlerini hödürledi. X1-iň benzin görnüşiniň bahasy takmynan 42 200 dollardan başlaýar, elektrik iX1 39 900 dollardan satylýar diýip, ITHome ýazýar
Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz
31.08.2025 08:52
7.4k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi
Tesla alty aýda Berlindäki zawodynda 100 müň sany täze Model Y ýygnady
31.08.2025 08:50
4.6k+

Tesla alty aýda Berlindäki zawodynda 100 müň sany täze Model Y ýygnady

Tesla Gigafactory Berlin zawodynda 100 000-nji täzelenen Model Y-nyň goýberilendigini yglan etdi. Zawod bu möhüm sepgide bary-ýogy alty aýyň içinde ýetdi - önümçilik 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda başlanypdy
Amerikalylar salgyt ýeňilligi gutarmanka elektromobilleri işjeň satyn alýar
28.08.2025 17:24
5.7k+

Amerikalylar salgyt ýeňilligi gutarmanka elektromobilleri işjeň satyn alýar

1-nji oktýabrdan ABŞ-da elektromobil satyn alýanlar üçin 7500 dollar möçberindäki salgyt ýeňilligi hereket etmegini bes eder. Şol sebäpli amerikalylaryň köpüsi elektrokarlary öňünden satyn almak kararyna geldi, netijede olaryň satuwy çalt ýokarlanyp başlady
2026-njy ýylyň Hyundai Tucson we Santa Fe-lerinde açara derek telefon ýa-da akylly sagat ulanyp bolar
28.08.2025 13:34
4.6k+

2026-njy ýylyň Hyundai Tucson we Santa Fe-lerinde açara derek telefon ýa-da akylly sagat ulanyp bolar

Hyundai kompaniýasy Awstraliýanyň bazary üçin täzelenen Tucson we Santa Fe 2026 krossowerlerini hödürledi. Iki ulaga hem adaty açara derek iPhone ýa-da Apple Watch ulanmaga mümkinçilik berýän Digital Key 2 sanly açar goşuldy
Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi
28.08.2025 12:01
8.2k+

Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi

Rolls-Royce kompaniýasy Inspired by Primavera (italýança primavera “bahar” diýlip terjime edilýär) ady bilen Spectre elektrik kupesiniň çäkli tapgyryny yglan etdi. Kolleksiýa dürli reňkli kuzowy, ýöne sakuranyň güllemegine bagyşlanan bir umumy çeper bezegi bolan üç awtomobil girdi
Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy
28.08.2025 07:15
8.1k+

Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy

18-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda Mercedes-AMG GT XX-iň prototipleri 7 gün, 13 sagat, 24 minut, 7 sekuntda Italiýanyň Nardo synag ýolunda 40 075 kilometr geçdi. Bu Ýeriň daşyndan bir aýlaw etmek bilen deňdir
Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady
28.08.2025 07:04
6.8k+

Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady

Nissan kompaniýasy R35 kuzowly GT-R modeliniň soňky nusgasynyň çykarylandygyny habar berdi. Bu wersiýa konweýerde 2007-nji ýylda peýda boldy, 18 ýylyň içinde bolsa 48 müň awtomobil ýygnaldy. Ahyrky awtomobil Midnight Purple goýy benewşe reňkine boýalan GT-R T-Spec boldy
Xiaomi 2026-njy ýylda SU7 ulagynyň uzaldylan görnüşini çykarmaga taýýarlanýar: ilkinji suratlar
27.08.2025 15:37
4.8k+

Xiaomi 2026-njy ýylda SU7 ulagynyň uzaldylan görnüşini çykarmaga taýýarlanýar: ilkinji suratlar

Xiaomi SU7 elektromobiliniň täze görnüşiniň ýol synaglaryna başlady. Nikaplanan nusganyň ilkinji suratlary Hytaýyň Weibo sosial ulgamynda peýda boldy. Car News China-nyň habaryna görä, bu modeliň uzaldylan görnüşi bolup, 2026-njy ýylda SU7 L ady bilen çykarylar
Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar
27.08.2025 15:21
7.4k+

Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar

Germaniýanyň Delta 4x4 atelýesi Toyota Land Cruiser Prado-nyň soňky nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Wnedorožnik döwrebaplaşdyrylan podweskany, kuzowyň goragyny we goşmaça esbaplary aldy. Bukjanyň bahasy entek mälim edilmedi
Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady
26.08.2025 21:31
23k+

Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady

Ozal Germaniýada taksi hökmünde ulanylan Mercedes-Benz E-Class 2,2 mln kilometrden gowrak ýol geçip, işe ukyply ýagdaýda galdy. Häzir awtomobil Finlýandiýada diýip, “Ilta-Sanomat” neşiri ýazýar. Ulagyň eýesi – ulanylan “Mersedesleri” satmak bilen meşgullanýan 36 ýaşly işewür Wille Rýaýsýanen
Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar
26.08.2025 16:15
9k+

Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar

Mercedes-Benz konserni Germaniýada köne awtomobilleri sökmek boýunça synag taslamasynyň işe girizilendigini habar berdi. Resmi maglumatlara görä, bu başlangyjyň maksady girdeji däl-de, daşky gurşawa ýetýän zyýanly täsiri azaltmakdyr: çig malyň bir bölegi gaýtadan işlenenden soň önümçilikde ulanylar
Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi
26.08.2025 13:44
6k+

Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi

Lexus Hytaýda 2026-njy model ýylynyň NX krossowerini hödürledi. Awtomobil 299,8 müň ýuandan 509,8 müň ýuana çenli (takmynan, 42 müň ABŞ dollaryndan 71 müň dollara çenli) baha bilen alty görnüşde çykarylar. Model uly radiator gözenegi we matrisa çyralary bilen markanyň firma dizaýnyny saklap galdy
Bugatti we Jacob&Co ýüzlerçe göwher bilen Tourbillon giperkarynyň stilinde sagat döretdi
25.08.2025 13:33
9.1k+

Bugatti we Jacob&Co ýüzlerçe göwher bilen Tourbillon giperkarynyň stilinde sagat döretdi

Bugatti kompaniýasy we onuň şweýsariýaly hyzmatdaşy Jacob&Co sagat öýi täze Tourbillon Baguette sagadyny hödürledi. Bu Tourbillon giperkarynyň stilinde döredilen ikinji modeldir. Bu sagatdan bary-ýogy 18 nusga çykarylar, olaryň her biri ýüzlerçe göwher bilen bezeler
Jeep has uly we gymmat bolan altynjy nesil Cherokee krossowerini hödürledi
25.08.2025 13:20
4.7k+

Jeep has uly we gymmat bolan altynjy nesil Cherokee krossowerini hödürledi

Jeep kompaniýasy ABŞ-da birnäçe ýyl çykarylmadyk täze, altynjy nesil Cherokee krossowerini resmi taýdan hödürledi. Ulag has uly we giň boldy hem-de täze daşky keşbe, salona eýe boldy. Ilkibaşda model üç hereketlendirijili gibrid ulgam bilen elýeterli bolar, ýöne kompaniýa geljekde başga görnüşleri hem çykarmagy wada berýär
Ford Explorer-yň täze wersiýasy 1720 dollar arzan çykdy
24.08.2025 17:54
8.1k+

Ford Explorer-yň täze wersiýasy 1720 dollar arzan çykdy

Ford 2026-njy ýylyň modeli üçin täze Active Base atly başlangyç wersiýany hödürläp, Explorer ulaglarynyň hataryny giňeltdi. Ol krossoweriň iň amatly bahaly görnüşi bolup, 38 330 dollardan satuwa çykarylar. Bu bolsa 2025-nji ýylyň Active komplektasiýasyndan 1 720 dollar arzan
Toyota RAV4 bilen bäsleşip biljek Nissan X-Trail 2026 hödürlendi
24.08.2025 16:54
3.6k+

Toyota RAV4 bilen bäsleşip biljek Nissan X-Trail 2026 hödürlendi

Nissan içerki ýapon bazarynda täzelenen X-Trail 2026 krossowerini görkezdi. Model çykmaga taýýarlanýan Toyota RAV4 (XA60) we Harrier ulaglarynyň bäsdeşi hökmünde görülýär. Täze ulag iki täze wersiýa – Rock Creek we NISMO eýe boldy
Nissan täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny görkezdi
24.08.2025 16:49
4.6k+

Nissan täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny görkezdi

Nissan kompaniýasy Hytaýda «Dongfeng» konserni bilen bilelikde öndürilýän täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Täze model Teana Plus ady bilen çykarylar we şu ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykmagyna garaşylýar diýip, AutoHome habar berýär
Ford awtomobilleri yzyna çagyrmagyň sany boýunça antirekord goýdy
22.08.2025 13:20
4.3k+

Ford awtomobilleri yzyna çagyrmagyň sany boýunça antirekord goýdy

Amerikan awtoöndürijisi Ford dokuz aýda Demirgazyk Amerikanyň bazarynda ulaglary yzyna çagyryş boýunça 104 kampaniýa geçirdi. Bu görkeziji bäsdeşleriň arasynda iň ýokarysy boldy. Deňeşdirmek üçin, FCA konserni bu döwürde 21 gezek ulaglary yzyna gaýtardy, FCA, Volkswagen, GM, Mercedes, Honda we Hyundai öndürijileriniň umumy görkezijisi bolsa 77 kampaniýa boldy
Hennessey sargyt boýunça 2031 at güýçli taryhynda iň güýçli Venom F5-i çykardy
22.08.2025 07:54
3.9k+

Hennessey sargyt boýunça 2031 at güýçli taryhynda iň güýçli Venom F5-i çykardy

Hennessey amerikan kompaniýasy Montereý şäherindäki Awtoulag hepdeliginde taryhyndaky iň gymmat hem iň özboluşly awtoulagyny — Venom F5 Revolution LF giperkaryny tanyşdyrdy. Bu ulag, aýratyn sargytlar boýunça işleýän Maverick bölüminiň ilkinji taslamasy boldy
Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi
21.08.2025 16:12
9.4k+

Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi

Hindistanda 4,85 mln rupiýa (takmynan, 55,4 müň dollar) baha bilen täze Toyota Camry Sprint Edition hödürlendi. Bu görnüş Elegance wersiýasyna esaslanýar we goşmaça töleg talap etmeýär. Ulagyň tehniki taraplary öňküligine galdy, üýtgeşmeler diňe daşky görnüşe we interýeriň bezeg elementlerine degişlidir
Ford Transit 2000 at güýji bilen Nýurburgringde iň tiz furgon boldy
21.08.2025 16:09
3k+

Ford Transit 2000 at güýji bilen Nýurburgringde iň tiz furgon boldy

Ford kompaniýasy Nýurburgring ýolunda täze rekord goýlandygyny habar berdi. Kuwwaty 2000 at güýjüne barabar bolan Ford Transit SuperVan 4.2 elektrik furgony 20,8 kilometr uzynlykdaky aýlawy 6 minut 48,393 sekuntda geçdi
Ford satyn alyp bolmaýan, ýöne ýygnap bolýan üýtgeşik Bronco ulaglaryny çykardy
20.08.2025 14:18
8.2k+

Ford satyn alyp bolmaýan, ýöne ýygnap bolýan üýtgeşik Bronco ulaglaryny çykardy

Ford kompaniýasy iki sany ýörite taslamasynyň –  Bronco Silver Lake Dunes Project Vehicle we Bronco Sport Silver Lake Dunes Project Vehicle wersiýalarynyň çykmagy bilen Bronco modeliniň 60 ýyllygyny belledi. Olar Miçigan ştatynyň çägeli aňňatlaryna bagyşlandy we awtomobilleri şahsylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görkezýär
Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika
20.08.2025 08:48
14k+

Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika

Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtomobil öndürildi. Önümçiligiň esasy bölegini Hytaý, Ýaponiýa we ABŞ üpjün etdi – ýygnalan ähli ulaglaryň 54%-i bu ýurtlaryň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösýän bazarlaryň täsiri-de artýar
Montereýde Pebble Beach 2025 bäsleşiginde dünýäde iň kaşaň awtomobil saýlandy
19.08.2025 18:29
7.3k+

Montereýde Pebble Beach 2025 bäsleşiginde dünýäde iň kaşaň awtomobil saýlandy

Montereý şäherinde Awtomobil hepdeliginiň çäginde geçirilen meşhur Pebble Beach kaşaňlyk bäsleşiginde baş baýragy 1924-nji ýylda öndürilen, Tulipwood Torpedo kuzowly Hispano-Suiza H6C modeli aldy. Bu nusgawy awtoulagyň kuzowy fransuz kompaniýasy Nieuport-Astra tarapyndan döredildi
Mercedes kaşaň ulaglardan ünsi sowup, köpçülikleýin bazar üçin 36 sany täze model çykarar
19.08.2025 15:04
9k+

Mercedes kaşaň ulaglardan ünsi sowup, köpçülikleýin bazar üçin 36 sany täze model çykarar

Mercedes-Benz girdejileri azalandan soň strategiýasyny üýtgedýändigini mälim etdi. Handelsblatt portalynyň habar bermegine görä, kompaniýa 2027-nji ýyla çenli köpçülikleýin bazar üçin niýetlenen 36 täze awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär
GMA-nyň iň seýrek giperkarlarynyň hemmesi bir müşderi tarapyndan sekundyň içinde satyn alyndy
19.08.2025 14:28
5.8k+

GMA-nyň iň seýrek giperkarlarynyň hemmesi bir müşderi tarapyndan sekundyň içinde satyn alyndy

Gordon Murray Automotive kompaniýasy 2025-nji ýylyň Montereý awtoulag hepdeliginde Special Vehicles bölümi tarapyndan döredilen täze GMA S1 LM giperkaryny hödürledi. Model T.50-ä esaslanýar we 1995-nji ýylda Le-Manda ýeňiji bolan McLaren F1 GTR-iň stilinde ýerine ýetirildi
Lamborghini 3,5 mln dollara öz taryhynda iň tiz Fenomeno giperkaryny çykarar
18.08.2025 19:35
7.4k+

Lamborghini 3,5 mln dollara öz taryhynda iň tiz Fenomeno giperkaryny çykarar

Lamborghini brendiň taryhynda iň tiz ýol awtomobili boljak Fenomeno giperkarynyň çykaryljakdygyny habar berdi. “Bu häzire çenli döredilen iň kuwwatly V12 hereketlendirijisi we iň tiz Lamborghini” – diýip, kompaniýa belledi
Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar
18.08.2025 19:27
5.5k+

Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar

Volkswagen we Xpeng awtoulaglaryň elektron arhitekturasy boýunça bilelikdäki işini giňeltjekdiklerini habar berdiler. Öň ol diňe Hytaý üçin niýetlenen CMP we MEB platformalaryndaky elektrik ulaglary üçin ulanylýardy, indi ony plagin gibridleri we şol ýurtda satylýan benzin hereketlendirijili awtoulaglar üçin ulanmak meýilleşdirilýär
Mitsubishi 20 ýyldan soň Montero ulagyny yzyna getirýär
18.08.2025 16:03
7.2k+

Mitsubishi 20 ýyldan soň Montero ulagyny yzyna getirýär

Mitsubishi kompaniýasy käbir bazarlarda Pajero ady bilen tanalýan Montero ulagyny çykarmaga taýýarlanýar. Muny internet torunda peýda bolan prototipiň suratlary delillendirýär. Bu soňky ýigrimi ýylda Montero-nyň ABŞ-da ilkinji gezek peýda bolmagy bolar, Ýewropada bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli çykmagyna garaşylýar
Lexus garaşylmadyk ýagdaýda Montereýde täze superkarynyň konseptini tanyşdyrdy
18.08.2025 08:45
6.1k+

Lexus garaşylmadyk ýagdaýda Montereýde täze superkarynyň konseptini tanyşdyrdy

Montereýdäki Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Lexus kompaniýasy öňünden yglan etmezden Sport konsept superkaryny hödürledi. Model barada jikme-jik maglumat ýok. Ýöne konseptiň geljekde brendiň diňe bir sport däl, eýsem beýleki modellerinde öz beýanyny tapjak dizaýny görkezýän bolmagy gaty ähtimal
McLaren ýaryş topary heniz ýok awtomobilleri satýar
18.08.2025 08:42
2.8k+

McLaren ýaryş topary heniz ýok awtomobilleri satýar

Meşhur McLaren ýaryş topary üýtgeşik auksion barada yglan etdi: auksiona dürli ýaryşlar – “Formula-1”, Indycar we ulaglaryň çydamlylygy boýunça dünýä çempionaty (WEC) üçin niýetlenen üç ulag çykarylar. Ýöne bir nýuans bar: bu ulaglaryň hiç biri entek taýýar görnüşde ýok
Elektromobiller üçin täze batareýa adatdakydan has uzak hyzmat edip biler
17.08.2025 23:39
2.6k+

Elektromobiller üçin täze batareýa adatdakydan has uzak hyzmat edip biler

CATL kompaniýasy özüniň rekord derejede uzak hyzmat etjek täze Naxtra natriý batareýasynyň aýratynlyklaryny tassyklady. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, nazaryýetde ol 10 000 zarýad sikline çydamly bolup, sygymyň azyndan 85%-ini saklaýar
Jeep Cherokee tygşytly gibrid hökmünde gaýdyp gelýär: 100 km üçin 6,2 litr sarp eder
17.08.2025 23:36
2.9k+

Jeep Cherokee tygşytly gibrid hökmünde gaýdyp gelýär: 100 km üçin 6,2 litr sarp eder

Jeep kompaniýasy täze nesil Cherokee krossoweri barada maglumat berdi. Ol 2023-nji ýylyň fewralynda önümçilikden aýrylan modeli çalşyp, tygşytly gibrid bolar. Hatarda Trailhawk wersiýasy hem saklanar. Cherokee 1,6 litrlik turbo hereketlendirisiji bilen benzin-elektrik hereketlendirijisine eýe bolar
Lamborghini ýollarda hereket edip bilýän dünýäde ýeke-täk Gallardo Concept S-i görkezdi
17.08.2025 23:20
4.7k+

Lamborghini ýollarda hereket edip bilýän dünýäde ýeke-täk Gallardo Concept S-i görkezdi

Lamborghini Montereýde geçirilen Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Gallardo modeliniň 20 ýyllygyny belledi. Ýubileý mynasybetli kompaniýa seýrek Gallardo Concept S-i hödürledi. Bu konsept ilkinji gezek 2005-nji ýylda Ženewa awtosalonynda görkezilipdi
Toyota 36 990 ýewrodan 2025-nji ýylyň Corolla Cross ulagyny satyp başlady
16.08.2025 23:28
7.2k+

Toyota 36 990 ýewrodan 2025-nji ýylyň Corolla Cross ulagyny satyp başlady

Toyota 36 990 ýewro (43,2 müň dollar) baha bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Corolla Cross krossoweri üçin sargyt kabul edip başlady. Awtomobil üýtgedilen daşky görnüşe, kämilleşdirilen salona we täze GR Sport wersiýasyna eýe boldy
Toyota ähli görnüşdäki ulaglary üçin benzinli hereketlendirijileriniň täze neslini döredýär
15.08.2025 18:44
10k+

Toyota ähli görnüşdäki ulaglary üçin benzinli hereketlendirijileriniň täze neslini döredýär

Toyota dürli görnüşli awtomobiller üçin laýyk gelýän täze nesil benzin hereketlendirijilerini taýýarlaýar. Hereketlendirijiler hem adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan awtomobillerde, gibridlerde (HEV), birikdirilýän gibridlerde (PHEV), ýol ätiýaçlygy artdyrylan elektromobillerde (EREV), şeýle-de, bioýangyçda, e-fuels-de we wodorodda işleýän ulaglarda ulanmak üçin döredilýär
Audi RS6 Avant deslapky sargytlarda uly tolgunyşyk döretdi: Hemmeler benzinli V8-i almak isleýär
15.08.2025 17:31
6.9k+

Audi RS6 Avant deslapky sargytlarda uly tolgunyşyk döretdi: Hemmeler benzinli V8-i almak isleýär

2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Audi modeliň tutuş taryhynda RS6 Avant üçin rekord mukdarda sargyt aldy. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, RS liniýasyna bolan isleg, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 41% ýokarlandy
Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär
15.08.2025 14:57
4k+

Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär

Ford öz AI ulgamyndan iki sanysyny – AiTriz-i we MAIVS-i öz zawodlaryna ornaşdyrýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, olar häzirki wagtda iň ownuk önümçilik kemçiliklerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Dirborn şäherindäki zawod her ýylda dürli konfigurasiýaly 300 müňden gowrak F-150 pikabyny ýygnaýar
Carwow Driver Power-iň täzelenen reýtinginde Mercedes we Lexus Subaru-dan yza galdy
15.08.2025 01:16
3.4k+

Carwow Driver Power-iň täzelenen reýtinginde Mercedes we Lexus Subaru-dan yza galdy

Carwow Driver Power 2025 pikir soraşygynyň netijelerine görä, Subaru eýýäm yzygider ikinji ýyl bäri awtoulag brendleriniň arasynda birinji orny eýeledi. Marka güýç ulgamy, howpsuzlyk, amatlylyk, dolandyryş we ygtybarlylyk ýaly on esasy kategoriýanyň ýedisinde iň ýokary baha aldy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.