Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Biznes
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Biznes
02.06.2025 13:42
5.5k+
Volkswagen-iň ulagdan hem has geçginli önümi bar - ol şöhlat
Volkswagen-iň iň geçginli önümi awtoulag däl-de, karriwurst, ýagny 1973-nji ýylda zawodyň işgärleri üçin iýmit hökmünde peýda bolan etden edilen şöhlatdyr. Häzirki wagtda bu ýörgünli önümdir: 2024-nji ýylda kompaniýa şeýle şöhladyň 8,6 millionyny, awtoulagyň bolsa 5,2 millionyny satdy
27.05.2025 13:17
3.6k+
Xiaomi ýylyň birinji çärýeginde dakylýan enjamlar bazarynda Apple-y geçdi
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Xiaomi kompaniýasy dakylýan enjamlaryň dünýä boýunça ibermeleriniň sany boýunça birinji orna çykyp, Apple-y yzda galdyrdy. Canalys analitikleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa 8,7 million enjam iberipdir, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 44% köp
25.05.2025 19:53
2.4k+
OpenAI kompaniýasy 6,5 mlrd dollara emeli aň gajetlerini işläp düzýän startapy satyn aldy
«OpenAI» kompaniýasy emeli aň tehnologiýasyny ulanmak üçin enjamlary taýýarlaýan «io Products» startapyny satyn alandygyny habar berdi. Amerikan metbugat çeşmeleriniň ýazmagyna görä, geleşik 6,5 milliard dollara baglaşylypdyr, şeýle-de pul serişdeleri paýnama görnüşinde tölener
25.05.2025 19:08
6.2k+
Ilon Mask Tesla-nyň baş direktorlygyndan aýrylmagy meýilleşdirmeýär
«Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask özüniň baş direktorlyk wezipesinden çekilmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Ol täze baş direktoryň diňe onuň aradan çykmagy bilen gelip biljekdigini aýtdy diýip, «Carscoops» habar berýär
25.05.2025 19:06
7.3k+
MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi
MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar
21.05.2025 11:17
3.2k+
Foxconn Hindistanda iPhone önümçiligini giňeltmäge $1,5 mlrd maýa goýar
Foxconn Hindistanda öz önümçilik kuwwatyny giňeltmek üçin 1,5 mlrd dollar maýa goýar. Bu Hytaýa garaşlylygy azaltmak we paçlar hem geosyýasy ýagdaýlar bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak strategiýasynyň bir bölegi bolar diýip, Reuters ýazýar
21.05.2025 07:57
8.6k+
Ispaniýada ýurt boýunça internet we telefon aragatnaşygy öçdi, bir aý öň ýurt boýunça tok öçüpdi
Tutuş Ispaniýada 20-nji maýda irden ykjam telefon aragatnaşygynyň we internetiň işinde bökdençlik bolup geçdi. Bu barada El Pais gazeti habar berýär. Britaniýanyň LBC ýaýlymynyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar ýurduň ähli uly aragatnaşyk operatorlaryna täsir etdi: Movistar, Orange, Vodafone, Digimobil we O2
18.05.2025 21:53
3k+
Apple iň gymmat brendleriň reýtinginde yzygider 4-nji ýyl öňdebaryjy boldy
Kantar analitiki kompaniýasy her ýylky BrandZ reýtingini hödürledi. Dünýäniň iň gymmat brendleriniň arasynda birinji orny Apple saklap galdy. Onuň bahasy 28% ýokarlanyp, 1,3 trln dollara ýetdi. Bu ilkinji 100-lüge girýän ähli kompaniýalaryň umumy bahasynyň 12%-den gowragydyr
17.05.2025 08:59
8.3k+
Katar «Boeing» bilen 200 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Kataryň «Qatar Airways» döwlet awiakompaniýasy «Boeing» amerikan konserni bilen 160 uçar satyn almak boýunça 200 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dohadaky gol çekiş dabarasynda habar berdi
16.05.2025 16:59
18k+
Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynda azyndan 2 mlrd dollar gazandy
Donald Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynyň dowamynda, azyndan, 2 milliard dollar girdeji gazandy diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär. Bu gazanç Trampyň ogullarynyň adyna hasaba alnan dürli biznes gurluşlaryndan gelip çykýar
15.05.2025 21:07
4.5k+
Saud Arabystany bilen ylalaşyk Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň baýlygyny $120 mlrd çenli artdyrdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda birnäçe uly tehnologiýa şertnamalary baglaşyldy. Bu hem Ýakyn Gündogarda amerikan çip öndürijileriniň ornuny güýçlendirdi. Nvidia we AMD kompaniýalary onlarça milliard dollarlyk önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazandy
14.05.2025 14:56
3.2k+
Nissan çökgünlikden halas bolmak üçin 10 müň işgärini işden çykarar
Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi maliýe kynçylyklaryny ýeňip geçmek we bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin dünýä boýunça 10 000 işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada NHK neşiri habar berýär. Öňki işden çykarylanlary göz öňünde tutsaň, olaryň umumy sany 20 000 adama ýeter, bu bolsa kompaniýanyň umumy işgärleriniň 15%-ine deňdir
14.05.2025 10:29
2.9k+
WSJ: Apple täze iPhone-laryň bahasyny galdyrar
Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň güýzünde tanyşdyryljak täze iPhone modelleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, 12-nji maýda «The Wall Street Journal» gazeti habar berdi
12.05.2025 16:38
1.6k+
Apple 2024-nji ýylda diňe ABŞ-da App Store-yň üsti bilen $10 mlrd gazandy
2024-nji ýylda Apple-iň diňe ABŞ-da App Store-dan gazanan girdejisi 10,1 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada Appfigures analitiki kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch habar berýär. Bu kompaniýanyň programmalar dükanynyň töleg ulgamy arkaly amala aşyrylan her bir amaldan alan mukdarydyr
12.05.2025 07:10
2.1k+
Google 2035-nji ýyla çenli 3 sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär
Google korporasiýasy atom energetikasy ugrundaky taslamalar bilen meşgullanýan Elementl Power amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde, Google umumy kuwwaty 1800 megawatt bolan üç sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär
10.05.2025 14:52
1.7k+
Sem Altman ChatGPT-niň ýolbaşçylygyndan çekilip, barlag işleri bilen meşgullanar
OpenAI kompaniýasy Instacart amerikan eltip berme hyzmatynyň häzirki baş direktory we Facebook App-yň öňki ýolbaşçysy Fiji Simonyň programma üpjünçiliginiň ösüş ugruna ýolbaşçy hökmünde bellenendigini habar berdi
10.05.2025 14:40
1.2k+
Apple emeli aň üçin Google bilen hyzmatdaşlygyny bes edip biler
Apple kompaniýasynyň hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Eddi Kýu gözleg tehnologiýalarynyň çalt üýtgeýändigini belläp, ýene 10 ýyldan iPhone-yň öz ähmiýetini hem ýitirmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol bu barada ABŞ-da Google kompaniýasyna garşy alnyp barylýan monopoliýa garşy iş boýunça kazyýet diňlenişiginde mälim etdi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
09.05.2025 12:29
4.1k+
DoorDash amerikan eltip bermek hyzmaty $3,9 mlrd dollara Deliveroo britan hyzmatyny satyn alar
DoorDash amerikan kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Deliveroo nahar eltip bermek hyzmatyny 2,9 mlrd funt sterlinge (takmynan, 3,9 mlrd dollara) satyn almak boýunça ylalaşdy. Ylalaşyga görä, DoorDash Deliveroo-nyň her bir paýnamasy üçin 180 pens töleýär, bu bolsa onuň häzirki bahasyndan 44% köpdür
08.05.2025 16:49
3.2k+
OpenAI täjirçilik maksatly kompaniýa bolmak meýillerinden el çekdi
ChatGPT-ni döreden OpenAI amerikan kompaniýasy täjirçilik däl guramanyň dolandyryşynda galar. Muny kompaniýanyň baş direktory Sem Altman 5-nji maýda işgärlere ýazan hatynda resmi taýdan yglan etdi. Onuň sözlerine görä, OpenAI çäklendirilen jogapkärçilikli täjirçilik däl kompaniýa bolmagyndan jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek boýunça korporasiýa öwrüler
06.05.2025 10:32
2.2k+
Huawei EA üçin hususy çip zawodyny gurýar. Kompaniýa Nvidia bilen bäsleşmekçi
Huawei Şençžende emeli aň üçin çip öndürjek uly zawodyň gurluşygyna başlady. Kompaniýa daşarky üpjün edijilerden garaşsyz bolmagy we öz EA çözgütleriniň önümçilik prosesini gözegçilikde saklamagy maksat edinýär
05.05.2025 16:10
6.7k+
Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň aýlyk haky 10 ýyldan soň ilkinji gezek ýokarlandy
Emeli aňyň çalt ösmegi netijesinde bazar bahasy 3 trillion dollara ýeten Nvidia kompaniýasy baş direktory Jensen Huangyň aýlygyny ep-esli artdyrdy. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasyna (SEC) tabşyrylan täze resminama görä, Huangyň esasy zähmet haky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 50% ýokarlandy, indi onuň aýlyk haky 1,5 million dollar boldy
05.05.2025 00:18
3.3k+
Uorren Baffett 60 ýyldan soň, Berkshire Hathaway-iň baş direktorlygyndan çekiler
Maýadar Uorren Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ol bu barada kompaniýanyň ýyllyk paýdarlar ýygnagynda aýtdy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär
04.05.2025 19:52
3.1k+
Jeff Bezos Amazon-yň 4,75 mlrd dollarlyk paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär
Jeff Bezos 2026-njy ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli Amazon kompaniýasynyň 4,75 milliard dollarlyk paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasynyň (SEC) habaryna görä, ol jemi 25 million gymmatly kagyz satar diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar
04.05.2025 02:17
4.5k+
Samsung smartfon bazarynda ýene öňdebaryjy, Apple ikinji orna düşdi
Canalys kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde global smartfon üpjünçiligi barada maglumatlary hödürledi. Analitiki kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu döwürde 296,9 mln smartfon iberildi – bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,2% köpdür
03.05.2025 11:57
6.8k+
Tata we Foxconn Hindistanda iPhone 16 we 16e smartfonlaryny ýygnap başlady
Hindistanyň Tata Electronics we Foxconn zawodlary iPhone smartfonlarynyň, şol sanda täze iPhone 16 we iPhone 16e modelleriniň önümçiligine başlady. Bu Apple-iň önümçilik kuwwatyny Hytaýdan geçirmek strategiýasynyň bir bölegi boldy
03.05.2025 10:59
1.7k+
TSMC çip imperiýasyny bir wagtda 3 yklymda 24 zawod gurýar
Taýwanly ägirt TSMC häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde şol bir wagtyň özünde 24 sany zawody gurar. Bu zawodlaryň 15-si Taýwanda ýerleşýär (şolaryň 11-si plastina öndürýän fabrika, 4-si bolsa çip gaplaýyş kärhanasy), 6-sy ABŞ-nyň Arizon ştatyndaky Fab 21 taslamasynyň çäginde gurulýar, galanlary bolsa Ýaponiýada we Germaniýada ýerleşýär
28.04.2025 16:06
1.8k+
Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy
Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär
28.04.2025 13:29
3.5k+
Samsung ABŞ-da çip öndürmekde milliardlarça ýitgi çekýär
Samsung ýarymgeçirijileriň önümçiligi sebäpli ABŞ-da düýpli maliýe kynçylygyny başdan geçirýär. Soňky dört ýylda kompaniýanyň Arizonadaky amerikan bölümçesi 1,21 mlrd dollar ýitgi çekdi diýip, Sammobile habar berýär
23.04.2025 23:34
8.5k+
Airbus wodorod uçaryny çykarmagyň möhletini gijikdirýär. Onuň bahasy kompaniýa 1,7 milliard ýewro düşdi
Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän nol zyňyndyly ýolagçy uçaryny çykarmak meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. Taslama 2020-nji ýylda hödürlenipdi
20.04.2025 14:05
1.3k+
OpenAI kompaniýasy 3 mlrd dollara Windsurf startapyny satyn almak üçin taýynlyk görýär
OpenAI kompaniýasy Windsurf atly startapy satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Bloomberg» agentligi habar berýär. Şertnamanyň bahasy, takmynan, 3 milliard dollar bolar diýip garaşylýar we bu ChatGPT-niň işläp düzüjisi üçin taryhyndaky iň uly geleşik bolup biler
19.04.2025 23:05
7.5k+
Apple Hytaýyň smartfon bazarynda bäşinji orna düşdi
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi
17.04.2025 15:12
2.1k+
Apple I çärýekde smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi
Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Apple birinji çärýekde ilkinji gezek smartfonlaryň bölek satuwy boýunça öňdebaryjy boldy. Ol bazaryň 19%-ini eýeledi. Kompaniýa iPhone smartfonlarynyň bölek satuw möçberini 4% artdyrdy, umumy smartfon bazary bolsa 3% ýokarlandy
16.04.2025 18:32
1.5k+
Intel çökgünlik sebäpli Altera kompaniýasyndaky paýyny satyp başlady
Intel biznesiniň bir bölegini satýandygyny mälim etdi. Ol 2015-nji ýylda 16,7 mlrd dollara satyn alan Altera kompaniýasyndaky paýlarynyň 51%-ini aýyrmak kararyna geldi. Şol wagt bu Intel-iň taryhynda iň uly şertnama bolupdy
16.04.2025 09:48
3.1k+
Önümsiz $2 mlrd: OpenAI-yň öňki ýolbaşçysy rekord goýmak isleýär
OpenAI-yň öňki tehniki direktory Mira Murati tarapyndan esaslandyrylan Thinking Machines Lab kompaniýasy 2 milliard dollarlyk başlangyç maýa goýum tapgyryny ýapmagy meýilleşdirýär. Bu möçber ilki meýilleşdirilenden
16.04.2025 08:02
1.5k+
Nvidia Samsung-dan öňe geçip, iň uly çip öndürijisi boldy
Nvidia 2024-nji ýylyň girdejisi boýunça dünýäde iň uly ýarymgeçiriji öndürijisi bolmak bilen, ilkinji gezek Samsung Electronics-den öňe geçdi. Gartner-iň berýän maglumatlaryna görä, Nvidia-nyň girdejisi 120% ösüp
14.04.2025 13:40
2.6k+
Bütin dünýä boýunça diňe 2024-nji ýylda kompýuter oýunlaryna $37,3 milliarddan gowrak pul harçlanyldy
Kompýuter oýun pudagy ösmegini dowam edýär – 2024-nji ýylda oýunçylar oýunlara 37,3 milliard dollar harçlady diýip, «Newzoo» platformasynyň täze hasabatynda aýdylýar. Bu mukdaryň tas üçden iki bölegi mikrotöleglere
11.04.2025 16:13
5.9k+
Apple iň gymmat kompaniýa adyny gaýdyp aldy, Maskyň baýlygy bolsa bir günde 36 mlrd dollar artdy
9-njy aprelde Apple kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 15% ýokarlandy – bu 1998-nji ýyldan bäri iň uly bir günlük ösüş boldy. Muňa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Wýetnam, Hindistan we Tailand ýaly Apple kompaniýasynyň
11.04.2025 13:11
6.2k+
Nýu-Ýork dünýäde dollar millionerleriniň sany boýunça öňdebaryjylygy saklady
Nýu-Ýork ýaşaýan dollar millionerleriniň sany boýunça dünýäniň şäherleriniň arasynda birinji orny eýeleýär – 384,5 müň adam. Şolardan 818 sanysynyň aktiwleri 100 mln dollardan geçýär diýlip, Henley & Partners we
09.04.2025 16:15
4.5k+
Microsoft Apple-dan geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy
Apple-yň paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi, Microsoft-a dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmaga mümkinçilik berdi. «CNBC-niň» maglumatlaryna görä, soňky dört söwda sessiýasynyň dowamynda Apple-yň paýnamalarynyň
09.04.2025 13:08
12k+
Mask Tesla-nyň paýnamalarynyň düşmegi we Trampyň salgytlary zerarly $135 mlrd dollaryny ýitirdi
Ilon Mask, 2025-nji ýylyň başyndan bäri, takmynan, 135 mlrd dollaryny ýitirdi. «Seeking Alpha-nyň» maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý adamsynyň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň arzanlamagy sebäpli, 2024-nji ýylyň
«
1
…
9
10
11
…
40
»
«
1
…
6
7
8
9
10
11
12
13
14
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.