Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
22.06.2025 11:53
11k+
Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy deňiz buzunyň eremegi sebäpli iki esseden gowrak azaldy
Antarktikadaky Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy 1977-nji ýyldan bäri 54% azaldy. Bu barada Global Change Biology žurnalyndaky gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär. Gözegçilik 1970-nji ýyllardan bäri subantarktika sebitinde, aýratynam, Signýu adasynda deňiz süýdemdirijileriniň sanyny öwrenýän Britaniýanyň antarktika gullugynyň (BAS) hünärmenleri tarapyndan geçirildi
22.06.2025 11:50
4.7k+
Honor iň inçe we ýeňil eplenýän smartfony bilen Samsung-dan öňe geçer
Honor kompaniýasy Galaxy Z Fold 7 çykmazdan öň Magic V5 modelini hödürlemek bilen eplenýän smartfonlaryň bazarynda Samsung-y gysyp çykarmak isleýär. Hytaý kompaniýasy smartfonyň suraty bilen tizer hödürläp, onuň tanyşdyryljak senesiniň 2-nji iýulda boljakdygyny yglan etdi
22.06.2025 11:49
7.7k+
Hytaýda seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda hazynadan doly gadymy aramgähler tapyldy
Žiçžao şäher okrugynda (Şandun welaýaty, Hytaý) seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda arheologlar üç gadymy aramgähiň üstünden bardy. Bu barada Hytaýyň jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Arheologiýa institutyna salgylanyp, Independent habar berýär
22.06.2025 11:45
5.5k+
Britni Spirsiň, Beýonseniň we Teýlor Swiftiň medeniýete ýetirýän täsiri barada kitap çykdy
Amerikaly žurnalist Nora Prinsiotti Hit Girls kitabyny çykardy, onda Britni Spirsiň, Beýonseniň we Teýlor Swiftiň wakalarynyň üsti bilen 2000-nji ýyllar barada gürrüň berilýär. Awtor öz eserinde bu artistleriň aýdym-saz pudagynda we jemgyýetde pop-ýyldyzlaryň roluny nähili üýtgedendigini öwrenýär
22.06.2025 11:42
7.5k+
BTS-iň agzalary harby gullugy tamamlap, 2026-njy ýylyň martyna çenli sahna gaýdyp geler
Belli k-pop topary BTS 2026-njy ýylyň martynda doly düzüm bilen sahna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär diýip, The Korea Herald habar berýär. Bu toparyň ýedi agzasynyň ählisi hökmany 18 aýlyk harby gullugyny tamamlandan soň mümkin bolar
22.06.2025 11:38
3.5k+
Samsung smartfonlarynda täze funksiýa ilkinji sarsgynlardan öň ýertitremeler barada duýdurar
Samsung kompaniýasy Google-dan tapawutlylykda has köp mümkinçilikleri hödürleýän ýertitremeler barada hususy duýduryş ulgamyny işläp taýýarlaýar. One UI 8-iň beta-wersiýasynda seýsmiki hadysalar barada duýduryş funksiýasy ýüze çykaryldy
22.06.2025 11:29
2.1k+
Samsung-yň ilkinji XR giňeldilen hakykat garniturasy oktýabr aýynda satuwa çykarylar
Samsung-yň giňeldilen hakykat (eXtended Reality, XR) garniturasynyň tanyşdyrylyşy 29-njy sentýabrda Günorta Koreýada Unpacked çäresinde bolar. Garnitura 13-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Az soňra bolsa dünýä bazaryna çykar, diýip, GSMArena neşiri habar berýär
21.06.2025 18:20
6.4k+
NTW we “Soýuzmultfilm” "Dur bakaly!" multfilmini doly metražly kinofilme öwrer
“Dur bakaly!” atly meşhur sowet multserialynyň esasynda doly metražly çeper film dörediler diýip, TASS habar berýär. Filmiň üstünde işlemek baradaky hyzmatdaşlyk şertnamasy Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) "NTW" teleýaýlymynyň baş prodýuseri Timur Waýnşteýn bilen "Soýuzmultfilm" direktorlar geňeşiniň başlygy Ýuliana Slaşşewanyň arasynda baglaşyldy
21.06.2025 18:19
3.2k+
Samsung Galaxy Watch-iň käbir funksiýalaryny tölegli eder
Samsung Health ekoulgamynyň käbir aýratynlyklaryny, şol sanda Galaxy Watch akylly sagatlarynda ornaşdyrylan mümkinçilikleri monetizasiýa etmek meýilnamasyny tassyklady. Bu barada Samsung Electronics-iň “sanly saglyk” bölüminiň başlygy doktor Hon Pak CNet-e beren interwýusynda mälim etdi
21.06.2025 17:18
3.6k+
YouTube-daky gysga wideolar bir günde 200 milliarddan gowrak gezek görülýär
YouTube-yň baş direktory Nil Mohanyň sözlerine görä, YouTube Shorts-da gysga wideolaryň ortaça günlük görülme sany 200 milliarddan geçdi. Ol bu barada «2025 Cannes Lions International Festival of Creativity» festiwalyndaky çykyşynda aýtdy diýip, «TheWrap» habar berýär
21.06.2025 16:43
2.6k+
Režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary auksionda 4,25 mln dollara satyldy
Bewerli-Hillzde auksion geçirilip, onda 16-njy ýanwarda 78 ýaşynda aradan çykan režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary satyldy. Auksion Peninsula Beverly Hills myhmanhanasynda Julien’s Auctions auksion öýi tarapyndan Turner Classic Movies bilen bilelikde geçirildi
21.06.2025 12:16
4.8k+
Blumhouse kompaniýasy “Byçgy” horror-franşizasy üçin hukuklary satyn aldy
Meşhur “Astral” (Астрал) we “Freddi bilen bäş gije” (Пять ночей с Фредди) horror filmlerini döreden Blumhouse kompaniýasy “Byçgy” (Пила) franşizasynyň ähli geljekki filmleri, şüweleňleri we beýleki taslamalary üçin hukuklary satyn aldy
21.06.2025 12:04
5.3k+
Dünýäde kaşaň harytlaryň satuwy soňky 15 ýylda ilkinji gezek peseldi
Kaşaň harytlaryň dünýä bazary, pandemiýa döwrüni hasaba almazdan, soňky 15 ýylda ilkinji gezek pese gaçyşy görkezdi. Bu barada Bain & Company we Altagamma tarapyndan taýýarlanan Spring 2025 Luxury Goods Worldwide Market gözlegine salgylanyp, WWD habar berýär
21.06.2025 11:43
4.1k+
Bred Pitt “Formula-1” baradaky filme taýýarlygyň barşynda 9 müň km-den gowrak ýol geçdi
61 ýaşly golliwudly aktýor Bred Pitt “Formula-1” filminiň düşürilmegine taýýarlyk wagty ýaryş awtomobillerinde 6 müň milden gowrak (9656 kilometr) ýol geçdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. “Umumy alanyňda, biz iki ýyl ruluň başynda bolduk” – diýip, Pitt aýtdy we şeýle netijä buýsanýandygyny belledi
21.06.2025 11:41
11k+
Beýik Britaniýadaky bir obany tawus guşlary eýeledi
Beýik Britaniýadaky Hibaldstou obasyny tawus guşlary eýeledi. Guşlar awtomobillere hüjüm edip, özleriniň aýnadaky keşplerine haýbat atýar. Olar baglyklara we mazarlara zeper ýetirýär, şeýle-de ýiti sesleri bilen ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär diýip, The Telegraph habar berýär
20.06.2025 20:23
12k+
Aşgabatda täze awtobus ugry açylar we birnäçesiniň ugurlary üýtgediler
2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan başlap Aşgabatda 4 sany awtobus ugry üýtgediler. Bu barada"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy habar berdi. 100-nji ugur – “Teke bazar – Arkadag şäheri”
20.06.2025 18:46
4.1k+
Jeýms Gann kino sungatynyň çökmeginiň esasy sebäbini aýtdy
«Galaktikanyň goragçylarynyň» (Guardians of the Galaxy) režissýory we DC kinoäleminiň ýolbaşçysy Jeýms Gann «Rolling Stone» neşirine giňişleýin interwýu berdi. Meşhur kinorežissýor şol söhbetdeşlikde kinoteatrlara gelýän tomaşaçylaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagy bilen baglylykda, kino sungatynyň «ýuwaş-ýuwaşdan çöküp barýandygy» baradaky mowzugy gozgady
20.06.2025 17:40
2.9k+
Apple kompaniýasy iPhone 15 Pro-ny “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin gurala öwürdi
Apple baş keşpde Bred Pitt bilen “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin iPhone 15 Pro-nyň esasynda ýörite kamera döretdi. Gurluş gönüden-göni ýaryş ulagyna berkitmek üçin F1-iň adaty ýaýlym kameralaryna meňzeýän korpusa ýerleşdirildi
20.06.2025 17:14
2.6k+
Mariýa Antuanettanyň gülgüne-benewşe göwheri bolan ýüzük 13,98 mln dollara satyldy
17-nji iýunda Nýu-Ýorkdaky Rokfeller-merkezinde Christie’s Magnificent Jewels auksiony geçirildi. Onda esasy haryt agramy 10,38 karat bolan üýtgeşik gyraňly gülgüne-benewşe göwherli ýüzük boldy. Daşyň taryhy XVIII asyrdan gaýdýar
20.06.2025 09:50
4.6k+
Napoleon Bonapartyň şahsy goşlary Sotheby’s auksionynda satylar
25-nji iýunda Sotheby’s auksionynda imperator Napoleon Bonapartyň goşlary satylar. Auksiona Pýer-Žan Şalansonyň şahsy kolleksiýasyndan taryhy predmetler çykarylar. Auksiondan öň dizaýner Žan-Şarl de Kastelbažak fransuz hökümdaryna bagyşlanan özboluşly sergini geçirer
20.06.2025 09:28
3.4k+
Aşgabadyň kinoteatrlary we sirki tomaşaçylary gyzykly başdan geçirmelere we ýiti duýgulary duýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny tutuş maşgala üçin hakyky baýramçylyga öwrüljek teatr-sirk çykyşyna çagyrýar. Sahnada “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, şeýle-de “Türkmen jigitleri” we “Gündogaryň ýyldyzlary” toparlary çykyş eder
19.06.2025 18:15
8.1k+
Gökderede ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi
Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler
19.06.2025 13:55
4k+
Instagram ulanyjylary akkauntlaryň sebäpsiz petiklenmeginden zeýrenýär
Instagram ulanyjylary eýýäm birnäçe hepde bäri akkauntlaryň açyk sebäp bolmazdan köpçülikleýin petiklenmeginden zeýrenýär. Köpler muny emeli aňa esaslanýan ulgamyň işinde bolup biljek bökdençlikler bilen baglanyşdyrýar
19.06.2025 11:07
1.3k+
Adobe kompaniýasy Firefly-yň ähli emeli aň gurallary bilen ykjam goşundysyny çykardy
Generatiw emeli aň hyzmatlarynyň platformasy bolan Adobe Firefly indi Android we iOS smartfonlarynda elýeterli boldy. Täze ykjam goşundy tekst beýany boýunça surat we wideo döretmäge, şeýle-de suraty redaktirlemek üçin EA gurallaryny ulanmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar
19.06.2025 11:04
2.8k+
Facebook, YouTube, Instagram, WhatsApp, TikTok... ilkinji gezek esasy habar çeşmesine öwrüldi
Sosial ulgamlar esasy habar çeşmesi hökmünde telewideniýeden, gazetlerden, habar saýtlaryndan we beýleki adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden öňe geçýär. Bu barada Oksford uniwersitetiniň Reuters Institute for the Study of Journalism merkeziniň täze hasabatynda aýdylýar
19.06.2025 10:00
2.8k+
Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar
Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar
19.06.2025 00:19
3k+
Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin gyssagly patç çykardy we täze meseleleri döretdi
Geçen hepde Microsoft korporasiýasy Patch Tuesday programmasynyň çäklerinde Windows 11 üçin KB5060842 täzelenmesini çykardy. Ýöne ol Easy Anti-Cheat antiçitini ulanýan oýunlar bilen gabat gelmekde mesele döretdi
19.06.2025 00:16
14k+
135 ýaşly pyşdyl ilkinji gezek kaka boldy
Goliaf atly 135 ýaşly Galapagos pyşdyly ilkinji gezek kaka boldy. Bu barada Maýami haýwanat bagynyň işgärleri buşlady diýip, New York Post habar berýär. Olar kiçijik pyşdylyň ejesiniň hem ýaş däldigini belledi, ýagny dürli hasaplamalara görä, Sweet Pea atly pyşdyl 85-den 100 ýaş aralygynda bolmaly
18.06.2025 14:41
3.4k+
Stellar Blade oýnunyň kompýuter wersiýasy üç günde milliondan gowrak nusgada satyldy
Günorta Koreýanyň Shift Up studiýasy tarapyndan işlenip düzülen post-apokaliptik Stellar Blade ekşen oýnunyň kompýuter wersiýasy bary-ýogy üç günüň dowamynda bir milliondan gowrak nusgada satyldy. Oýnuň satuwy 12-nji iýunda başlady diýip, Günorta Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär
18.06.2025 10:09
12k+
Hemra suratlary dünýäde kub görnüşli iň uly binanyň – “Mukaabyň” gurluşygyny görkezdi
Täze hemra suratlary Saud Arabystanynda uly kub şekilli bina bolan “Mukaabyň” (The Mukaab) gurluşygynyň işjeň alnyp barylýandygyny tassyklady. Gurluşyk meýdançasynyň suraty düýp çukurynyň doly taýýardygyny we häzir söýegleriň buraw işleriniň dowam edýändigini görkezýär
18.06.2025 10:07
3.7k+
WhatsApp sözünde durmady: messenjerde ilkinji gezek mahabat peýda bolar
WhatsApp messenjerinde 2009-njy ýylda esaslandyrylandan bäri ilkinji gezek mahabat peýda bolar. Täzelik barada Meta korporasiýasyna degişli bolan messenjeriň blogunda habar berilýär. Kompaniýa “Statuslary” we “Kanallary” öz içine alýan “Ýörgünli” bölüminde üç sany täze funksiýanyň peýda boljakdygyny anons etdi
18.06.2025 10:00
3.6k+
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” Internetde elýeterli boldy
“Ahyrky nokat” horror-franşizasynyň altynjy bölümi bolan “Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) filmi onlaýn kinoteatrlarda çykdy. Bu barada WhenToStream habar berýär. Warner Bros. studiýasy 50 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 272 mln dollar gazandy
17.06.2025 19:38
9k+
Nýu-Ýorkda “The Last of Us” serialynyň ýyldyzy Pedro Paskala meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi
Nýu-Ýorkda meňzeş adamlaryň nobatdaky bäsleşigi geçirildi. Bu gezek guramaçylar myhmanlara “The Las of Us” (“Biziň soňkymyz”) we “Narko” seriallaryndaky keşpleri bilen tanalýan aktýor Pedro Paskala has meňzeş adamlary saýlamagy teklip etdi
17.06.2025 19:31
4.2k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki prokatyň başynda $200 mln töweregi ýygnady
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) multfilminiň oýun remeýki dünýä prokatyna 198 mln dollar kassa ýygymy bilen başlady. Bu barada Variety ýazýar. Ilkinji dynç günleri kassa ýygymy garaşylandan ýokary boldy
17.06.2025 19:22
4.1k+
Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar: “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň tizer-treýleri çykdy
Universal Pictures “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideo “Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar” ady bilen çykdy. Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 2-nji iýulyna meýilleşdirilýär
17.06.2025 19:14
19k+
Kriştianu Ronaldu Trampa öz awtografy we parahatçylyk ýüzlenmesi bilen köýnekçe iberdi
“Altyn topuň” bäş gezek eýesi Kriştianu Ronaldu ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa şahsy ýüzlenmesi bilen goly goýlan Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini berdi. Sowgat Kanadada geçirilen G7 sammiti wagtynda Ýewropa geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta tarapyndan gowşuryldy
17.06.2025 18:50
7.2k+
39 ýaşly lemur Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ýabany tebigatda olar 20 ýyldan köp ýaşamaýar
15-nji iýunda Stampi atly alabeder guýrukly lemur 39 ýaşyny belledi we resmi taýdan erkinlikde ýaşamaýan iň garry lemur diýlip ykrar edildi. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Stampi 1986-njy ýylda Surreý graflygynda (Beýik Britaniýa) dünýä indi, soňra Şotlandiýa getirildi
17.06.2025 17:31
11k+
Trampyň maşgalasy 499 dollara “altyn” smartfon çykarar we aragatnaşyk operatoryny işe girizer
Trump Organization holdingi Trump Mobile aragatnaşyk operatorynyň işe girizilýändigini we “kaşaň altyn görnüşde” T1 smartfonynyň çykarylýandygyny habar berdi. Bu barada The Verge belleýär. Aragatnaşyk operatory
17.06.2025 14:25
6.5k+
Tewesiň pokeri we ÝUNISEF üçin 7 mln funt: “Old Traffordda” haýyr-sahawat oýny geçirildi
“Mançester Ýunaýtediň” öý stadionynda her ýyl geçirilýän haýyr-sahawat oýny Soccer Aid geçdi. Oýunda Angliýanyň topary bilen öňki futbol ýyldyzlaryny, tälimçileri we beýleki media şahsyýetlerini jemlän dünýä topary duşuşdy
17.06.2025 14:21
2.3k+
Huawei 2025-nji ýylyň I çärýeginde smart-sagatlaryň we fitnes bilezikleriniň bazarynda öňdebaryjy boldy
IDC analitiki agentliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dakylýan gurluşlaryň (akylly sagatlar we fitnes bilezikleri) dünýä bazary 10,5% ösüp, 45,57 mln birlige ýetdi. Iň uly ösüş Hytaýda hasaba alyndy, bu ýerde döwlet goldawynyň netijesinde üpjünçilik 37,6% ýokarlandy
«
1
…
77
78
79
…
276
»
«
1
…
74
75
76
77
78
79
80
81
82
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.