Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
02.05.2025 13:07
6.6k+
Giza piramidalarynda 51 mln dollara abatlaýyş işleri geçiriler
Müsür Giza piramidalarynyň durkuny täzelemek işlerine 51 mln dollar bölüp berer. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti eýýäm birnäçe wagtdan bäri dolandyryşyň pesligi, iriziji söwdagärler, adamlaryň köp bolmagy we haýwanlara ýowuz daralmagy sebäpli tankyt edilýär diýip, DailyExpress habar berýär
01.05.2025 23:43
17k+
Beýonse dünýä boýunça konsert syýahatyna başlap, uçýan awtomobil bilen hemmeleri haýran galdyrdy
Amerikaly aýdymçy Beýonse ABŞ we Ýewropa boýunça Cowboy Carter konsert syýahatyna başlady. Onuň çäklerinde ilkinji konsert Kaliforniýanyň Inglwud şäherinde geçirildi we bu ýerde ol özüniň tehnologiki taýdan çylşyrymly çykyşy bilen muşdaklary haýran galdyrdy
01.05.2025 20:10
7.1k+
Samsung smartfonlarynyň eýeleri Brýusseldäki syn ediş çarhynda mugt aýlanyp biler
3-nji maýdan 18-nji maý aralygynda Brýusseldäki Poelaert meýdançasynda The View syn ediş çarhynda mugt aýlanmak bolýar. Bu aksiýa Samsung tarapyndan täze Galaxy S25 smartfonlaryny mahabatlandyrmagyň çäklerinde gurnaldy
01.05.2025 20:04
9.3k+
WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär
Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy
01.05.2025 15:26
20k+
Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi
116 ýyl 326 gün ýaşynda monah aýal Ina Kanabarro Lukas aradan çykdy – ol dünýäde iň garry adam diýlip hasaplanýardy. Bu barada aýalyň degişli bolan Portu-Alegri şäheriniň dini jemagatyna salgylanyp, AFP habar berýär
01.05.2025 14:27
13k+
UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar
A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy
01.05.2025 14:01
4.7k+
Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?
Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki hem teatr-sirk şüweleňini hödürleýär. 4-nji maýda tomaşaçylara halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle-de, “Türkmen jigitleri” toparynyň zehinli artistleriniň çykyşlary garaşýar
01.05.2025 13:35
5.9k+
Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy
Kerpiç örüji-dikeldijileriň “Naslediýe” mekdebiniň arheologlary, etnograflary we beýleki hünärmenleri Inguşetiýa daglaryndan ýaşy 3000 ýyldan gowrak bolan gadymy äpet binalary we mazary tapdylar. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, mekdebiň müdiri Ramzan Sultygowyň sözlerine salgylanýan TASS habar berýär
01.05.2025 12:56
3.4k+
Xiaomi 16 öz klasyndaky iň uly batareýa eýe bolar – insaýder
«Smart Pikachu» atly hytaýly insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, geljekki Xiaomi 16 öz bäsdeşleriniň arasynda iň uly batareýa eýe bolar. Şeýle-de insaýder smartfonyň dizaýny we tehniki häsiýetleri bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary hem paýlaşdy diýip, «GSMArena» habar berýär
01.05.2025 12:29
7.9k+
82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy
ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär
01.05.2025 11:13
2.2k+
Marvel “Dedpul we Rosomaha” filminden 400 mln dollar töweregi girdeji gazandy
Deadline neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, “Dedpul we Rosomaha” filminiň girdejisi we çykdajylary barada çen-takmyn maglumatlary hödürledi. Olardan ugur alsaň, 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň biri Marvel studiýasyna, takmynan, 400 mln dollar girdeji getirdi
01.05.2025 11:11
4.3k+
“Şalaryň şasy” ABŞ-da “Mugthorlardan” öňe geçip, iň girdejili koreý filmi boldy
Geçen dynç günleriniň jemi boýunça “Şalaryň şasy” multfilmi ABŞ-da 54,7 mln dollar gazandy. Film meşhur bolan “Mugthorlar” filminden ($53,8 mln) öňe geçip, amerikan prokatynda iň girdejili koreý kinotaslamasy boldy diýip, Deadline habar berýär
30.04.2025 15:22
2.7k+
Režissýor Aleksandr Peýn şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar
Amerikaly režissýor Aleksandr Peýn 82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy bolar. Dünýäniň iň esasy üç kinofestiwalynyň biri 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety habar berýär
30.04.2025 14:17
13k+
Meteozond aşagyndan sagatda 800 km tizlikde uçup barýan uçary wideo düşürdi
Sosial torlarda atmosferanyň ýokary gatlaklarynda howa maglumatlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Doroti» taslamasynyň howa şaryna berkidilen kameradan düşürilen wideo meşhur boldy diýip, «Petapixel» ýazýar. Ýerden örän beýige çykarylan 360 gradusly kamera bilen düşürilen wideoda, sagatda 800 kilometr tizlik bilen uçýan uçaryň meteozonda tarap güýçli ses bilen gelýändigini görmek bolýar
30.04.2025 14:04
6k+
Kurt Kobeýniň döwlen gitarasy 101,5 müň dollara satyldy
Sazanda Kurt Kobeýniň döwük gitarasy Tehasly kolleksionere 101,5 müň dollara satyldy. Saz guraly başda çaklanylandan has gymmat bahadan satyldy diýip, «TMZ» ýazýar. Kobeýn bu gitarany 1992-nji ýylda "Nirvana" toparynyň Ýewropadaky konsert saparynyň dowamynda döwüpdi
30.04.2025 13:53
3.7k+
Nikol Kidman Kann kinofestiwalynda «Women in Motion» baýragyny alar
13-24-nji maý aralygynda geçiriljek 78-nji Kann kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümini yglan etdiler. Emin agzalarynyň başynda meşhur fransuz aktrisasy Žýulýet Binoş durýar. Onuň
30.04.2025 13:39
1.6k+
76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi
76-njy Berlin kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler. Bu barada abraýly kinofestiwalyň ýolbaşçylary resmi taýdan yglan etdi. Bäsleşik we beýleki programmalara gatnaşyjylaryň sanawy geljek ýylyň başynda belli bolar
30.04.2025 13:20
8.3k+
Rotterdamda bir çaga tötänleýin Rotkonyň 50 mln ýewrolyk suratyny zaýalady
Rotterdamdaky (Niderlandlar) Boýmans wan Beningen muzeýinde bir çaga tötänleýin Mark Rotkonyň “Goýy gyzylda çal, mämişi, №8” suratyny zaýalady. Onuň bahasy 50 mln ýewro barabar. Bu waka muzeýiň kolleksiýasyndan saýlama eserleriň görkezilýän Depot zalynda bolup geçdi diýip, BiBiSi habar berýär
30.04.2025 13:06
1k+
Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar
“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi. Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar
30.04.2025 12:31
11k+
Britaniýaly adam 1917-nji ýyldan bäri suwuň düýbünde ýatan gämini satyn aldy
Britaniýaly daýwer Birinji jahan urşy döwrüniň suwa gark bolan gämisini 300 funt sterlinge (399 dollar) satyn aldy. Ol gäminiň satylýandygy baradaky bildirişi ýanwar aýynda sosial ulgamlarda gördi diýip, The Telegraph ýazýar
30.04.2025 12:19
4.6k+
“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar
Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynda Tommi Şelbiniň rolunda geýen üçli eşigi Omega Auctions haýyr-sahawat auksionyna çykaryldy. Ähli alnan serişdeler onkologiýa keseli bolan adamlaryň goldawyna gönükdiriler
30.04.2025 11:47
7.6k+
Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy
Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Ýumeşima emeli adasynda uzynlygy iki kilometr töweregi bolan dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy. Desga Expo 2025-iň merkezi elementi we durnukly gurluşygyň nyşany boldy
30.04.2025 11:33
1.1k+
Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy
Microsoft kompaniýasy Copilot+PC-lary üçin Windows 11-iň aprel täzelenmesini çykardy. Onda emeli aňly üç sany täze funksiýa peýda boldy. Recall-yň esasy funksiýasy şifrlenen skrinşotlary wagtal-wagtal enjamyň ýerli ammarynda ýatda saklamak bilen, fon režiminde işleýär
30.04.2025 11:22
7.8k+
«Titanigiň» ýolagçysynyň ýazan haty auksionda 400 müň dollara satyldy
«Titanikde» aman galan ýolagçy tarapyndan ýazylan hat «Henry Aldridge & Son» auksionynda 300 müň funt sterlinge (takmynan, 400 müň dollara) satyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär. Neşiriň belleýşi ýaly, lotuň bahasy başlangyç bahasyndan bäş esse ýokary boldy
30.04.2025 11:06
6k+
Xiaomi ýedi sany meşhur smartfon modeli üçin goldawy bes edýär
Xiaomi 2025-nji ýylyň aprel aýynda ýedi sany smartfon modeli üçin goldawyň bes ediljekdigini (EOL-nyň tamamlanjakdygyny) habar berdi. Bu ýagdaý programma üpjünçiliginiň täzelenmeleriniň, şol sanda howpsuzlyk üçin möhüm paçlaryň we täze operasion ulgamyň wersiýalarynyň çykarylmagynyň bes ediljekdigini aňladýar diýip, «Gizchina» ýazýar
29.04.2025 20:32
12k+
Tehasda Demirgazyk Amerikanyň iň uly dinozawrynyň äpet galyndysy tapyldy
Tehas ştatynyň (ABŞ) «Big-Bend» milli seýilgähinde Sul-Ross döwlet uniwersitetiniň (SRSU) talyplary tötänden taryhy tapyndynyň üstünden bardylar: gadymy dünýäniň hakyky titany bolan alamozawra degişli äpet daşlaşan oňurga tapyldy
29.04.2025 14:01
17k+
Britaniýaly adam ýitip barýan görnüşi goramak üçin guş eşiginde 85 km pyýada geçdi
Mett Trewelýan seýrek guş görnüşi bolan uly ýylkyçynyň ýitip barýandygyna ünsi çekmek üçin onuň eşiginde 85 km ýoly pyýada geçdi. Bu guş 2015-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň Gyzyl kitabyna girýär diýip, Independent we New York Post habar berýär
29.04.2025 11:18
5.7k+
“Matrisa” we Village Roadshow-yň beýleki filmleri studiýanyň batmagy sebäpli satylar
Village Roadshow Entertainment Group-yň filmler ýygyndysy satuwa çykarylar. Çözgüt Golliwudyň meşhur studiýasynyň bankrot bolmagynyň çäklerinde kabul edildi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Aktiwleriň bahasy 417,5 mln dollar bilen bahalandyrylýar
28.04.2025 18:23
5.6k+
Xiaomi Garri Potteriň stilinde aksessuarlary hödürledi
Redmi Turbo 4 Pro smartfonynyň çykmagy bilen bir hatarda Xiaomi kompaniýasy Garri Potteriň stilinde döredilen aksessuarlar kolleksiýasyny görkezdi. Oňa kolonka, daşarky akkumulýator, syçanjyk we klawiatura girdi
28.04.2025 17:21
10k+
Samsung Galaxy S25 Edge 5,8 mm-lik ultra inçe korpusy we 200MP kamera eýe bolar
Samsung 13-nji maýda Galaxy S25 Edge smartfonyny yglan etmegi meýilleşdirilýär, satuwlar 23-nji maýda başlar. Bu barada metbugat habarynyň garalamasyna meňzeýän syzylma salgylanýan GSMArena neşiri habar berýär
28.04.2025 17:20
7.8k+
Niderlandlarda şäher häkimligi ýalňyşlyk bilen 46 sany gymmatly sungat eserini zibile taşlapdyr
Niderlandlaryň Apeldorn şäherinde şäher häkimligi ýalňyşlyk bilen 46 sany sungat eserini zyňypdyr diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýitirilen eserleriň arasynda amerikaly suratkeş Endi Uorholyň 1980-nji ýyllaryň ortalarynda döreden şa zenany Beatriksiň portreti hem bar
28.04.2025 17:18
3.7k+
Apple Tom Henksiň düşmeginde “Greýhaund” harby dramasynyň dowamyny çykarar
Apple kompaniýasy Tom Henksiň düşmeginde Ikinji jahan urşy döwrüniň esminçisi (harby deňiz gämisi) hakdaky filmiň dowamy bolan “Greýhaund 2-niň” önümçiligine başlady diýip, Deadline neşiri habar berýär. Oskar baýragyny alan aktýor ýene öz keşbine gaýdyp geler
28.04.2025 14:05
3.2k+
Winsan Kassel, Izabel Ýupper we Katrin Denew Asgar Farhadiniň täze filminde surata düşerler
Eýranly režissýor Asgar Farhadi "Parallel wakalar" atly täze filmini surata düşürer. Film Fransiýanyň öňdebaryjy aktýorlarynyň gatnaşmagynda Parižde düşüriler diýip, Variety habar berýär. Taslamada Wensan Kassel
28.04.2025 14:01
3.3k+
Starbucks 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasyny açýar
Starbucks kompaniýasy 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasynyň gurluşygyny tamamlaýar. Bu barada Dezeen neşiri habar berýär. Kofehana Tehas ştatynyň Braunswill şäherinde ýerleşýär. Onuň meýdany, takmynan, 130 inedördül metre barabar
28.04.2025 13:24
7.9k+
Baýramçylyk at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny Bezirgen atly at aldy
27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi
28.04.2025 12:24
7.1k+
Waymo sürüjisiz robotaksilerini hemmeler üçin elýeterli eder
Waymo geljekde öz sürüjisiz ulaglaryny şahsy ulanyş üçin satyp başlamagy mümkin. Bu barada Alphabet konglomeratynyň baş direktory Sundar Piçai mälim etdi, emma anyk wagt aýtmady diýip, «The Verge» neşiri habar berýär
28.04.2025 12:22
1.7k+
Google Chrome ahyrsoňy PDF-faýllary göni öz içinde açmagy goldap başlady
Google kompaniýasy Chrome-yň Android üçin görnüşine PDF resminamalaryna doly goldaw goşdy. Indi degişli faýllary gös-göni brauzerde açyp bolýar, daşarky programmalar ýüklemegiň zerurlygy ýok diýip, «Android Authority» habar berýär
28.04.2025 12:11
6.1k+
Samsung içi görnüp duran akylly sowadyjy çykardy
Samsung kompaniýasy içi görnüp duran gapy bilen enjamlaşdyrylan bölümi bolan Bespoke AI Hybrid KitchenFit Max atly täze sowadyjysyny hödürledi. Bu barada «SamMobile» portaly habar berýär. Samsung Bespoke AI Hybrid KitchenFit Max dört gapyly, aýratyn kameralary bolan model bolup, olaryň biri «Food Showcase» diýlip atlandyrylýan içi görnüp duran gapy bilen üpjün edilendir
28.04.2025 12:09
6k+
iPhone 16e ABŞ-da iPhone 16 Pro-dan has meşhur boldy
Consumer Intelligence Research Partners analitika kompaniýasy geçiren barlagy iPhone 16e-niň ABŞ bazarynyň 7%-ini eýeläp, arzan bahaly iPhone SE-den hem öňe geçendigini we üstesine-de iPhone 16 Pro-dan hem has meşhur bolandygyny ýüze çykardy
28.04.2025 12:04
6.5k+
Dünýäniň iň iri kompaniýalary klimata $28 trillionlyk zyýan ýetirdi — barlagyň netijesi
Täze geçirilen barlagyň netijelerine görä, dünýäniň iň uly kompaniýalary klimatyň üýtgemegine 28 trillion dollarlyk zyýan ýetiripdir. Bu mukdar ABŞ-nyň 2024-nji ýyldaky jemi içerki önümine deň bolup, ählumumy maýlama sebäp bolýan parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň netijesini görkezýär
«
1
…
89
90
91
…
276
»
«
1
…
86
87
88
89
90
91
92
93
94
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.