Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Moda we stil
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Moda we stil
29.06.2026 00:06
2.2k+
Hermès Parižde erkeklere niýetlenen 2027-nji ýylyň ýaz-tomus toplumyny görkezdi
Hermès Parižde 2027-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin erkeklere niýetlenen toplumyny görkezdi. Bu toplum Weronik Nişanýanyň kompaniýadan gidenden soňky ilkinji we brendiň döredijilik ýolbaşçysyz topary...
26.06.2026 23:49
2.7k+
Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler
Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy.
11.06.2026 13:03
7.6k+
Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär
Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň...
05.06.2026 13:07
5k+
Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi
Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda...
01.06.2026 17:04
2.7k+
Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar
Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar.
20.05.2026 12:28
2.1k+
Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi
Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär.
12.05.2026 18:30
1.8k+
Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar
Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady.
06.05.2026 18:18
4.9k+
«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??
4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr» diýen kesgitleme boýunça geçdi.
05.05.2026 23:18
1.6k+
Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi
Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy.
25.04.2026 15:42
3.4k+
Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy
Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär.
24.04.2026 16:14
2.5k+
Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy
«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi.
23.04.2026 11:43
4k+
Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar
Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz...
16.04.2026 22:53
2k+
Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy
Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär.
16.04.2026 19:57
7k+
«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?
...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:
13.04.2026 16:26
4.5k+
Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar
2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär.
04.04.2026 14:12
9.3k+
Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir
Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir.
26.03.2026 15:37
7.9k+
Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady
Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan...
23.03.2026 21:50
3.5k+
Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy
Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy
23.03.2026 15:10
3.2k+
Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy
Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar
22.03.2026 15:29
2k+
Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar
Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir
15.03.2026 23:03
4.7k+
Blackpink toparynyň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň ýüzi boldy
Ady belli K-pop topary Blackpink-iň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň täze global ilçisi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde brend «Backstory» atly gysga wideony hödürledi. Onda aýdymçy gyz özüniň döredijilik ýoly we geýiniş stili barada gürrüň berýär
07.03.2026 19:41
7k+
Caviar bahasy 11 490 dollara çenli ýetýän Galaxy S26 Ultra kolleksiýasyny çykardy
Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar
04.03.2026 15:33
1.9k+
Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar
Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi
02.03.2026 16:04
1.4k+
Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi
Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär
27.02.2026 11:50
7.2k+
Içi görünýän köwüşler — 2026-njy ýylyň täze trendi
2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler
26.02.2026 05:32
3.2k+
Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär
Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar
25.02.2026 21:05
3.5k+
«Moda — bu sungat»: Met Gala 2026-nyň dress-kody yglan edildi
Metropoliten-muzeýi Met Gala 2026 haýyr-sahawat balynyň mowzugynyň «Moda — bu sungat» diýlip atlandyrylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Vogue neşiriniň habar bermegine görä, çäre 4-nji maýda Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Condé Nast Galleries giňişliginde geçiriler
25.02.2026 08:47
2.1k+
El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar
Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy
17.02.2026 20:15
2.2k+
Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy
Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär
13.02.2026 16:17
2.4k+
Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar
Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy
12.02.2026 20:56
14k+
Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy
Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi. Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi
10.02.2026 12:47
7.2k+
Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär
Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr
07.02.2026 10:47
11k+
Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi
Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi
07.02.2026 00:28
2.1k+
Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy
Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola
06.02.2026 19:41
3.7k+
2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler
Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi
06.02.2026 10:12
670
Versace markasynyň döredijilik müdiri belgiýaly dizaýner Piter Mülýe bolar
Versace moda öýüniň döredijilik müdiri wezipesine belgiýaly dizaýner Piter Mülýe bellenildi. Bu barada Prada Group yglan etdi. Şertnama 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer diýip, Vogue neşiri habar berýär
05.02.2026 20:20
2.2k+
Saint Laurent – dünýäniň iň meşhur moda brendi
Lyst platformasynyň bilermenleri tarapyndan 2025-nji ýylyň soňky çärýeginiň iň meşhur moda brendi saýlanyldy. Moda industriýasynda alyjylaryň hereketlerini öwrenmäge ýöriteleşen Lyst, geçen ýylyň soňky çärýeginde iň ýörgünli moda markasy hökmünde Saint Laurent-iň adyny tutdy
02.02.2026 15:28
2.9k+
Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy
Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy
02.02.2026 03:32
2.4k+
Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek
Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler
01.02.2026 12:19
2k+
Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar
Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler
«
1
2
…
16
»
«
1
2
3
4
5
…
16
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.