Hyundai goşa elektromotorly öwrülişikli gibrid transmissiýany hödürledi
24.04.2025 12:32
6.3k+

Hyundai goşa elektromotorly öwrülişikli gibrid transmissiýany hödürledi

Seulda geçirilen Gibrid Tech Day çäresinde Hyundai P1 + P2 arhitekturaly gibrid transmissiýasynyň täze neslini görkezdi. Onda iki sany elektrik hereketlendirijisi ulanylýar: biri çekiş we energiýany dikeltmek üçin, ikinjisi hereketlendirijini işe girizmek we zarýad bermek üçin
Land Rover klassiki Range Rover L322-i täzeledi. Täze model has "akylly" boldy
23.04.2025 23:25
5.1k+

Land Rover klassiki Range Rover L322-i täzeledi. Täze model has "akylly" boldy

Land Rover 2010-2012-nji ýyllar aralygynda öndürilen Range Rover L322 üçin multimediýa ulgamyny täzeledi. Bu ulag indi Apple CarPlay-i we Android Auto-ny goldaýar. Täzelenme Land Rover Classic bölümi tarapyndan taýýarlandy
«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy
23.04.2025 16:34
5.2k+

«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy

JAC Motors bilen Volkswagen-iň bilelikdäki Volkswagen Anhui kärhanasy Hytaýda täze «Yuzhong 06» kupe-krossowerini, ýagny «ID. Unyx 06» atly täze modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «ITHome» portaly habar berýär
Nissan 15 ýyllyk Patrol Y62 modelini täzeledi: täze ekran, öňki V8
23.04.2025 16:27
7k+

Nissan 15 ýyllyk Patrol Y62 modelini täzeledi: täze ekran, öňki V8

Y63 kuzowly we V6 hereketlendirijili täze «Nissan Patrol-yň» bazara çykanyna alty aý bolandygyna garamazdan, kompaniýa 15 ýyl mundan ozal çykarylan «Patrol Y62» modelini täzelemäge karar berdi. Täzelenen «Nissan Patrol Y62», esasan, Awstraliýanyň bazary üçin niýetlenendir
Porsche yzy görkezýän kameradaky näsazlyk sebäpli 17 000-den gowrak Macan-y yzyna çagyrýar
23.04.2025 15:07
3k+

Porsche yzy görkezýän kameradaky näsazlyk sebäpli 17 000-den gowrak Macan-y yzyna çagyrýar

Porsche kompaniýasy yzy görkezýän kameranyň näsazlygy sebäpli 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda öndürilen 17 müňden gowrak Macan awtoulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Näsazlyk ekranyň ýüzünde hiç hili şekiliň bolmazlygyna getirip biler, bu dürli tarapa öwrülmegi we awtoulagy duralga goýmagy kynlaşdyrar, heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler
Mercedes-Benz V-Class-y täzeleýär we täze miniwenleri taýýarlaýar
23.04.2025 14:37
2.8k+

Mercedes-Benz V-Class-y täzeleýär we täze miniwenleri taýýarlaýar

Mercedes-Benz V-Class-y täzeläp, öz premium miniwenlerine täze atlary berýär. Şanhaýdaky awtosalonda Vision V modeli görkeziler. Bu VLS atly geljekki ýokary derejeli modeliň konseptidir. Şeýle-de, VLE wersiýasy görkezilmäge taýýarlanýar
Çendenaşa sary, çendenaşa güýçli: Mansory ýagty salony bilen täzeden bezelen Audi RS Q8-i hödürledi
23.04.2025 14:11
6.5k+

Çendenaşa sary, çendenaşa güýçli: Mansory ýagty salony bilen täzeden bezelen Audi RS Q8-i hödürledi

Mansory kompaniýasy «Audi RS Q8» kysymly ulagy düýpli täzeden işläp taýýarlady: onuň tehniki aýratynlyklary kämilleşdirildi, daşky görnüşi we interýeri bolsa düýpgöter üýtgedildi. Täze týuning toplumy karbon elementleri, gara radiator gözenegini, täzeden işlenip taýýarlanan bamperleri we agressiw howa akym elementlerini öz içine alýar
Şanhaýda halkara awtosalon açyldy: dünýä brendleri 100-den gowrak ulag hödürlär
23.04.2025 12:33
3.4k+

Şanhaýda halkara awtosalon açyldy: dünýä brendleri 100-den gowrak ulag hödürlär

Şanhaýda 21-nji halkara awtosalon öz işine başlady. Ol 10 gün, 23-nji aprelden 2-nji maýa çenli dowam eder. Guramaçylar bu döwürde sergä 1,3 mln adamyň gelmegine garaşýar. Sergide 100-den gowrak täze ulag görkeziler
Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar
23.04.2025 00:44
7.4k+

Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar

Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy. Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy
Tesla täze arzan bahaly elektromobiliniň çykarylyşyny yza süýşürdi
22.04.2025 11:55
3.2k+

Tesla täze arzan bahaly elektromobiliniň çykarylyşyny yza süýşürdi

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň arzan görnüşiniň önümçiligine başlamagy yza süýşürdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär. Kompaniýanyň içki resminamalarynda «E41» diýip atlandyrylýan bu modeli ýylyň birinji ýarymynda öndürip başlamak meýilleşdirilýärdi
Hyundai akkumulýatorlarda ýangyn söndüriji ulgam döretdi
21.04.2025 23:14
4.1k+

Hyundai akkumulýatorlarda ýangyn söndüriji ulgam döretdi

Günorta Koreýanyň Hyundai Motor Group kompaniýasyna degişli bolan Hyundai Mobis atly awtoulag şaýlaryny öndürijisi akkumulýatorlaryň öýjüginiň tutaşmagyndan bäş minut soň, awtomatiki ýagdaýda ýangynyň öňüni alýan tehnologiýanyň döredilendigini mälim etdi
Rolls-Royce kaşaň küşt toplumyny hödürledi
21.04.2025 23:07
7.4k+

Rolls-Royce kaşaň küşt toplumyny hödürledi

Rolls-Royce özüniň ýokary derejeli aksessuarlar hataryny täze küşt toplumy bilen giňeldýär. Bu toplum diňe brendiň resmi awtosalonlarynda we «Private Office» atly butiklerde satylýar. Keramika bilen örtülen alýumin we agaç şpon ýaly iň aňrybaş materiallardan taýýarlanan toplum küşt oýny bilen Rolls-Royce-yň özboluşly awtoulag estetikasyny özünde jemleýär diýip, «Carscoops» ýazýar
Täzelenen Land Cruiser 300 tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi
21.04.2025 14:00
17k+

Täzelenen Land Cruiser 300 tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi

Täzelenen «Land Cruiser 300-yň» häsiýetnamalary tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi. Täzelenen dizaýnly we öň görülmedik güýç ulgamy bolan «üç ýüzlügiň» suratlary sosial torlarda giňden ýaýrady diýip, «Motor.ru» habar berýär
«Tesla Model 3» 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili diýlip ykrar edildi
20.04.2025 23:43
3.1k+

«Tesla Model 3» 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili diýlip ykrar edildi

Zutobi analitika kompaniýasynyň geçiren gözlegine görä, «Tesla Model 3» ulagy 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili boldy. Gözlegiň çäklerinde ABŞ-da elektrik energiýasynyň ortaça bahasy göz öňünde tutulyp, 100 mil (160 km) ýol geçmegiň çykdajylary deňeşdirildi
Arzan bahadan aerotaksi hyzmaty Hytaýda eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilip bilner
20.04.2025 23:38
4.5k+

Arzan bahadan aerotaksi hyzmaty Hytaýda eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilip bilner

Mart aýynyň ahyrynda Hytaýyň EHang kompaniýasy ýolagçylary howa arkaly gatnatmak üçin ýurduň degişli edaralaryndan resmi taýdan rugsat aldy. Bu rugsat kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň iki sebitinde «awiagezelençleri» ýola goýmaga hem-de bu hyzmat üçin töleg almaga mümkinçilik berýär
Tesla satuwynyň pesdigi sebäpli, Cybertruck-yň önümçiligini azaldýar
20.04.2025 23:22
6.6k+

Tesla satuwynyň pesdigi sebäpli, Cybertruck-yň önümçiligini azaldýar

Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) Ostin şäherindäki zawodynda «Cybertruck» elektropikabynyň önümçiligini azaltmaga karar berdi. Kompaniýanyň bu ädimi ätmeginiň sebäbi, Demirgazyk Amerikada islegiň örän pes bolmagy we halkara derejesindäki düzgünleşdiriji çäklendirmeler bilen baglanyşykly
Toyota gümrük paçlaryndan gaça durmak üçin RAV4-iň önümçiligini ABŞ göçürmegi meýilleşdirýär
20.04.2025 21:59
5.4k+

Toyota gümrük paçlaryndan gaça durmak üçin RAV4-iň önümçiligini ABŞ göçürmegi meýilleşdirýär

Toyota täze nyrhlar we ýenanyň kursunyň durnuksyzdygy sebäpli RAV4-i ýygnamagy ABŞ-a göçürmegi meýilleşdirýär. Ozal bu model Ýaponiýada we Kanadada ýygnalýardy, ýöne indi Kentukki zawody ileri tutulýan ugur boldy
1980-nji ýyllaryň äheňinde Mercedes-Benz G-Class «Gelendwagen» tanyşdyryldy
20.04.2025 20:13
7.3k+

1980-nji ýyllaryň äheňinde Mercedes-Benz G-Class «Gelendwagen» tanyşdyryldy

Mercedes-Benz kompaniýasy «Stronger Than The 1980s» (1980-nji ýyllardanam güýçli) atly çäkli nusgada çykaryljak G-Class modelini hödürledi. Bu model 1979-njy ýylda öndürilip başlanan taryhy «W460» ulagyndan ylham alnyp taýýarlanyldy
Kia 531 km ýol ätiýaçlygy bolan täze EV4 elektrosedanyny tanyşdyrdy
20.04.2025 19:13
2.7k+

Kia 531 km ýol ätiýaçlygy bolan täze EV4 elektrosedanyny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) awtosalonda täze elektrosedany «EV4-iň» global görnüşini hödürledi. Bu dört gapyly model «Tesla Model 3» bilen bäsleşmek üçin ýörite taýýarlanyldy. «EV4-iň» dizaýny Kia-nyň «EV6» we «EV9» modellerine meňzeýär, ýöne bu model has sport äheňde işlenip düzülipdir
Renault we Geely içinden ýandyrylýan hereketlendirijini halas etjek uniwersal gibrid moduly teklip etdiler
20.04.2025 19:08
2.8k+

Renault we Geely içinden ýandyrylýan hereketlendirijini halas etjek uniwersal gibrid moduly teklip etdiler

Renault bilen Geely-niň bilelikdäki kärhanasy bolan Horse Powertrain 2025-nji ýylyň Şanhaý awtoulag sergisinde Future Hybrid Concept modully gibrid hereketlendirijisini hödürledi. Ol elektrokarlary iň ýeňil platforma üýtgemeleri bilen gibrid ulaglara öwürmek üçin niýetlenendir
GM podweskasynda howply kemçilik sebäpli Cadillac Lyriq-y yzyna çagyrýar
20.04.2025 19:06
2k+

GM podweskasynda howply kemçilik sebäpli Cadillac Lyriq-y yzyna çagyrýar

General Motors 2022-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň dekabry aralygynda öndürilen Cadillac Lyriq elektrik ulaglarynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Munuň sebäbi öňdäki podweskanyň stabilizatorynyň boltlarynyň gowşaklygy bilen bagly
Mercedes-Benz «CLA» modeliniň önümçiligine meýilleşdirilenden öň başlady
20.04.2025 17:57
2.1k+

Mercedes-Benz «CLA» modeliniň önümçiligine meýilleşdirilenden öň başlady

Mercedes-Benz kompaniýasy Raştatt şäherindäki (Germaniýa) zawodynda täze elektrikli «CLA» modeliniň köpçülikleýin önümçiligine meýilleşdirilen senesinden öň başlady. Ilkinji meýilnama görä, satuwlar iýun aýynda başlanmalydy, ýöne sargytlary kabul etmek garaşylmadyk ýagdaýda 29-njy aprele geçirildi
Huawei we SAIC kompaniýalary arzan bahaly täze elektrokar brendi bolan "Shangjie-ni" işe girizýär
20.04.2025 17:52
1.1k+

Huawei we SAIC kompaniýalary arzan bahaly täze elektrokar brendi bolan "Shangjie-ni" işe girizýär

Hytaýyň Huawei tehnoägirdi bilen SAIC awtokonserni hyzmatdaşlykda Shangjie atly täze elektromobil brendiniň döredilýändigini yglan etdiler. Bu brendiň ilkinji awtoulagy 2025-nji ýylyň güýzünde satuwa çykar. Bu barada Huawei Consumer Business Group-yň ýolbaşçysy Riçard Ýu Hytaýda geçirilen çäräniň dowamynda habar berdi
Porsche 911 GT3 mehanika ulaglarynyň arasynda “Nýurburgringiň” rekordyny goýdy
20.04.2025 14:42
2.7k+

Porsche 911 GT3 mehanika ulaglarynyň arasynda “Nýurburgringiň” rekordyny goýdy

2025-nji ýylyň Porsche 911 GT3 ulagy mehaniki hereket gutusy bolan köpçülikleýin awtomobiller üçin Nýurburgring ýolunda täze aýlaw rekordyny goýdy. Ulagy Porsche-niň zawod ýaryşa gatnaşyjysy Ýorg Bergmaýster dolandyrdy
Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär
20.04.2025 14:37
5.5k+

Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär

Jeep brendiň logotipiniň Turiniň “Ýuwentus” futbol klubunyň eşik toplumynda ýene peýda bolmagy üçin ýylda, takmynan, 25 mln ýewro tölemäge taýýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şertnama taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy gaýtadan dikelder
Lexus global premýerasyndan öň täze ES sedanynyň tizerini hödürledi
20.04.2025 14:27
5.5k+

Lexus global premýerasyndan öň täze ES sedanynyň tizerini hödürledi

Lexus täze nesil ES sedanynyň tizerini hödürledi. Modeliň global premýerasy 23-nji aprelde Şanhaýdaky awtosalonda bolar. Täze ulag “global flagman” hökmünde görkezilýär we şu ýyl Hytaýyň, Ýewropanyň we ABŞ-nyň bazaryna çykar
Hennessey iň güýçli benzinli giperkary hödürledi: 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär
20.04.2025 14:07
3.2k+

Hennessey iň güýçli benzinli giperkary hödürledi: 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär

ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýerleşýän Hennessey kompaniýasy köpçülikleýin ýollarda sürmek üçin niýetlenen dünýäniň iň güýçli benzinli awtoulagyny – «Venom F5 Evolution» modelini hödürledi. Kämilleşdirilen «ýyrtyjy» 6,6 litrlik twin-turbo V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan
29 müň 800 dollardan Volkswagen Passat 2025 tanyşdyryldy
20.04.2025 10:40
6.2k+

29 müň 800 dollardan Volkswagen Passat 2025 tanyşdyryldy

Volkswagen 2025-nji ýylyň «Passat PHEV» modelini tanyşdyrdy. Täze model Hytaýda bahasy, takmynan, 29 müň 800 dollardan başlaýan 430PHEV Hybrid Business Edition atly toplum bilen hödürlenýär. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär
Tesla ilkinji robotaksisi bolan Cybercab-yň dizaýnyny Ýewropada patentledi
19.04.2025 18:06
3.1k+

Tesla ilkinji robotaksisi bolan Cybercab-yň dizaýnyny Ýewropada patentledi

Tesla kompaniýasy «Cybercab» sürüjisiz elektromobilini Ýewropa bazaryna çykarmak boýunça ilkinji resmi ädimini ätdi. Ýewropanyň patent edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň 9-njy aprelinde bu modeliň dizaýnyny hasaba aldyrmak üçin ýüz tutulypdyr
ABŞ-da täzeleriniň ýetmezçiligi sebäpli ulanylan ulaglara isleg ýokarlandy
19.04.2025 01:04
15k+

ABŞ-da täzeleriniň ýetmezçiligi sebäpli ulanylan ulaglara isleg ýokarlandy

CarFax tarapyndan geçirilen täze barlaga görä, ABŞ-da ulanylan awtoulaglara bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpeldi. Şol bir wagtda bahalar hem ýokarlanmagyny dowam etdirýär: ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglaryň bahasy ortaça 400 dollar, pikaplaryňky 250 dollar, miniwenleriňki bolsa 800 dollar ýokarlandy
Ferrari 9-njy oktýabrda özüniň ilkinji elektrik awtoulagyny görkezer
18.04.2025 15:12
2.3k+

Ferrari 9-njy oktýabrda özüniň ilkinji elektrik awtoulagyny görkezer

Ferrari kompaniýasy 9-njy oktýabrda özüniň ilkinji düýbünden täze elektrik awtoulagyny hödürlär. Bu barada markanyň direktorlar geňeşiniň başlygy Jon Elkann habar berdi diýip, Reuters onuň sözlerini getirýär. Elkann modeli Ferrari Elettrica diýip atlandyrdy, ýöne munuň gutarnykly ady boljakmy ýa-da ýok, ony takyk aýtmady
Hyundai 3,5 litrlik V6 hereketlendirijili "Palisade XRT Pro 2026" modelini tanyşdyrdy
18.04.2025 15:10
4.9k+

Hyundai 3,5 litrlik V6 hereketlendirijili "Palisade XRT Pro 2026" modelini tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy 2026-njy ýylyň «Palisade XRT Pro» modelini tanyşdyrdy. Bu ulag brendiň ýolsuz ýerler üçin niýetläp döreden XRT Pro seriýasynyň ilkinji modeli bolup durýar diýip, «ITHome» portaly habar berýär
Hytaýda pajygaly ýol-ulag hadysasyndan soň, «akylly» we «awtonom» sürüşi mahabat etmek gadagan edildi
18.04.2025 15:09
7.1k+

Hytaýda pajygaly ýol-ulag hadysasyndan soň, «akylly» we «awtonom» sürüşi mahabat etmek gadagan edildi

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi awtoulag öndürijilere «akylly sürüş» we «awtonom sürüş» diýen sözleri mahabat materiallarynda ulanmagy gadagan etdi. Bu karar mart aýynda «Xiaomi SU7» elektrosedany bilen bolan heläkçilikli ýol hadysasyndan soň kabul edildi diýip, «Reuters» neşiri habar berýär
Kia EV3 Nýu-Ýork awtosalonynda “Ýylyň awtomobili” diýlip ykrar edildi
18.04.2025 12:10
4.5k+

Kia EV3 Nýu-Ýork awtosalonynda “Ýylyň awtomobili” diýlip ykrar edildi

Nýu-Ýork halkara awtosalonynda World Car of the Year baýragynyň jemi jemlendi. Şu ýyl baş baýragy Kia EV3 elektromobili aldy. Koreý brendiniň ulagy BMW X3 we Hyundai Inster / Casper Electric ýaly bäsdeşlerinden öňe geçp, “Ýylyň bütindünýä awtomobili” adyny eýe boldy
Audi markanyň taryhynda iň gowy aerodinamika bilen A6 sedanyny hödürledi
18.04.2025 00:55
5k+

Audi markanyň taryhynda iň gowy aerodinamika bilen A6 sedanyny hödürledi

Audi A6 sedanynyň täze neslini hödürledi. Model marka üçin rekord aerodinamika, ýeňil gibride we kämil ses ýatyryş ulgamyna eýe boldy. Ulag mart aýynda hödürlenen uniwersal A6 Avant wersiýasynyň üstüni ýetirer
Lexus Hytaýda özüniň ilkinji elektromobil zawodyny gurýar
17.04.2025 22:30
5.9k+

Lexus Hytaýda özüniň ilkinji elektromobil zawodyny gurýar

Lexus awtoulag öndürijisi Hytaýyň Şanhaý şäheriniň Szinşan etrabyndan 1,13 million inedördül metr meýdan satyn alyp, Hytaýda dolulygyna özüne degişli ilkinji elektromobil zawodyny gurmak üçin 185 million dollar töledi
Land Rover ykjam Defender wnedorožnigini - Toyota Land Cruiser 250-niň bäsdeşini döredýär
17.04.2025 13:50
7k+

Land Rover ykjam Defender wnedorožnigini - Toyota Land Cruiser 250-niň bäsdeşini döredýär

Land Rover kompaniýasy Defender Sport atly täze ykjam wnedorožnigiň üstünde işleýär. Bu model doly göwrümli Defender-e alternatiwa we elýeterli wnedorožniklere bolan islege jogap bolar. Prototip eýýäm synagdan geçirilýär we täze önüm baradaky maglumatlar JLR-iň web sahypalarynda çap edildi
Dünýäde ýeke-täk Maserati 3500 GT Frua kabrioleti auksiona çykaryldy
17.04.2025 13:41
5.8k+

Dünýäde ýeke-täk Maserati 3500 GT Frua kabrioleti auksiona çykaryldy

Özboluşly  Maserati 3500 GT Spyder 1958  Bring Trailer auksionyna çykylýar. Bu Piýetro Fruanyň çykaran  dünýäde ýeke-täk kuzowly kabrioletidir. Şunuň ýaly  dizaýnly diňe bäş nusga awtoulag öndürildi, ýöne diňe biriniň kuzowy açykdy
Volvo 65 müň dollardan XC90 2025 modelini tanyşdyrdy
17.04.2025 12:02
6.3k+

Volvo 65 müň dollardan XC90 2025 modelini tanyşdyrdy

Volvo kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Volvo XC90» flagman krossowerini Hytaý bazarynda resmi taýdan tanyşdyrdy. Ulagyň bahasy 479 müň ýuandan (takmynan, 65 müň dollardan) başlaýar diýip, «ITHome» portaly habar berýär
Tesla Berliniň eteginde dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy
17.04.2025 11:38
1.8k+

Tesla Berliniň eteginde dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy

Tesla kompaniýasy Berliniň (Germaniýa) töweregindäki Brandenburg sebitinde ýerleşýän Giga Berlin zawodynda dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy. Umuman alanyňda, bu ýerde 546 sany zarýad nokady gurnalan. Stansiýalaryň köpüsinde ähli brendlerdäki ulaglar üçin elýeterli bolan 11 kWt kuwwatly mugt AC zarýad nokatlary bar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.