BMW X7 krossoweriniň iki seýrek görnüşini görkezdi: olar diňe internet arkaly satylar
12.03.2026 15:07
2.9k+

BMW X7 krossoweriniň iki seýrek görnüşini görkezdi: olar diňe internet arkaly satylar

BMW Korea kompaniýasy flagman X7 krossoweriniň iki sany çäkli neşir görnüşiniň çykarylandygyny yglan etdi. Satuwlar diňe BMW Shop Online arkaly amala aşyrylar we söwda 10-njy martda başlanar. Birinji wersiýasy - BMW X7 M60i xDrive M Sport Pro Marina Bay Blue Edition
BYD-niň kaşaň sedany gaýtadan zarýad berilmezden 1000 km-den gowrak ýol geçip bilýär
12.03.2026 10:59
3.3k+

BYD-niň kaşaň sedany gaýtadan zarýad berilmezden 1000 km-den gowrak ýol geçip bilýär

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi özüniň Yangwang U7 lyuks sedanyny täzeledi. Täzelenmelere Blade batareýalarynyň ikinji nesli we täze Flash Charging has çalt zarýad beriş ulgamy girýär. Esasy üýtgeşiklik ýöreýiş ätiýaçlygynyň artmagydyr
Heniz gören ýok: iň gymmat Rolls-Royce-iň nyrhy 28 mln dollardan ybarat
11.03.2026 21:12
9.5k+

Heniz gören ýok: iň gymmat Rolls-Royce-iň nyrhy 28 mln dollardan ybarat

Rolls-Royce Boat Tail britan markasynyň häzirki zaman awtoulaglarynyň arasynda iň gymmady hasaplanýar. Çaklamalara görä, şeýle ulaglaryň biriniň bahasy takmynan 28 million dollara ýetýär. Ozal Rolls-Royce ulaglary üçin iň ýokary bahalar seýrek duş gelýän antikwar nusgalaryň bäsleşikli söwdalarynda hasaba alynýardy
Porsche-niň iň täsin kolleksiýasyndan 18 awtoulag auksiona çykaryldy
11.03.2026 19:05
2.5k+

Porsche-niň iň täsin kolleksiýasyndan 18 awtoulag auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s auksion öýi meşhur kolleksioner we dizaýner Magnus Wokeriň «Porsche» kolleksiýasynyň bir bölegini satuwa çykarar. 18-nji martdan 25-nji mart aralygynda geçiriljek auksionda 18 sany awtomobil hödürlener, olaryň agramly bölegi klassyky Porsche 911 modellerine esaslanýar
Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy
11.03.2026 17:18
2.8k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi
BMW 631 at güýji bolan eksklýuziw Alpina XB7 Manufaktur krossowerini tanyşdyrdy
11.03.2026 12:04
3.2k+

BMW 631 at güýji bolan eksklýuziw Alpina XB7 Manufaktur krossowerini tanyşdyrdy

BMW kompaniýasy Alpina brendiniň bawariýaly awtoöndürijisiniň düzümine doly goşulyşmagyndan soňky ilkinji model bolan BMW Alpina XB7 Manufaktur krossowerini görkezdi. Bu awtoulag çäkli seriýada — jemi 120 nusgada öndüriler
Subaru awtoulaglary “reaktiw hereketlendirijili” bolar: ýaponlar turbina-generatora patent aldylar
11.03.2026 08:13
4.9k+

Subaru awtoulaglary “reaktiw hereketlendirijili” bolar: ýaponlar turbina-generatora patent aldylar

Subaru kompaniýasy awtoulag pudagy üçin adaty bolmadyk tehnologiýany – ýöreýiş ätiýaçlygy uzaldylan elektrik awtoulaglarynda turbinany ulanmagy işläp düzmegini dowam etdirýär. Täze patent kompaniýanyň generator hökmünde hyzmat etjek kiçi turbinany işe girizmek we dolandyrmak üçin çözgütleri gözleýändigini tassyklaýar
BMW i3 sedanynyň tanyşdyryljak güni belli boldy
10.03.2026 15:17
2.3k+

BMW i3 sedanynyň tanyşdyryljak güni belli boldy

BMW kompaniýasy özüniň i3 atly täze elektrik sedanynyň resmi tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Täze model 18-nji martda köpçülige hödürlener. Şeýle hem öndüriji tarapyndan ulagyň öň tarapynyň deslapky şekili paýlaşyldy
Rim papasyna şahsy belgili üýtgeşik Ford Exploreri sowgat berdiler
10.03.2026 11:01
6.1k+

Rim papasyna şahsy belgili üýtgeşik Ford Exploreri sowgat berdiler

Ford kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Farli Rim papasy Lew XIV-ä ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Ford Explorer awtoulagynyň ýörite görnüşini gowşurdy. Bu awtoulag 2026-njy ýylyň «Ford Explorer Platinum» modeliniň esasynda taýýarlanyp, hromlanan detallary bolan gara reňkli kuzowa hem-de «DA POPE» we «LEO XIV» diýen şahsy döwlet belgilerine eýedir
Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi
09.03.2026 20:33
6.1k+

Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi

Venuum týuning kompaniýasy Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň üýtgeşik görnüşi bilen tanyşdyrdy. Black Cullinan Venuum Tyrannus diýlip atlandyrylan bu taslama diýseň giňeldilen kuzowy bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň esasy aýratynlygy onuň haýbatly widebody toplumydyr
Auksionda 23 ýyl öň çykan Ford Mustang-y täzesinden 5 esse gymmada satdylar
09.03.2026 16:19
5.4k+

Auksionda 23 ýyl öň çykan Ford Mustang-y täzesinden 5 esse gymmada satdylar

"Bring a Trailer" onlaýn auksionynda 2003-nji ýylyň Ford Mustang SVT Cobra kupesi 175 müň dollara satyldy. Bu mukdar täze Mustang-yň ABŞ-daky başlangyç bahasyndan (32,6 müň dollar) bäş esse töweregi gymmatdyr. Beýle ýokary bahanyň esasy sebäbi bolsa ulagyň saklanyş ýagdaýydyr
ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi
09.03.2026 15:37
7.3k+

ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi

ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär. Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar
Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi
09.03.2026 11:12
5.2k+

Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler
Chevrolet Colorado ZR2 pikapy tekerleriniň ýelini düwmä bir gezek basylanda awtomatiki usulda goýberýär
08.03.2026 18:40
3.7k+

Chevrolet Colorado ZR2 pikapy tekerleriniň ýelini düwmä bir gezek basylanda awtomatiki usulda goýberýär

Wnedorožnik asfaltdan guma ýa-da daşly ýere düşende tejribeli sürüjiler, adatça, ilki bilen tekerlerdäki basyşy goýberýärler. Bu ulagy çarkandakly ýerlerden sürmegi halaýan sürüjileriň arasynda uzak wagtdan bäri ulanylyp gelýän tejribe: bu tekerleriň ýoluň üsti bilen galtaşýan ýerini artdyrýar, şinalar ýumşaşýar we topraga has gowy “ýapyşmagyny” üpjün edýär
Mercedes V12 hereketlendirijisi bilen bary-ýogy 50 sany kaşaň Maybach sedanyny çykarar
08.03.2026 08:56
4.8k+

Mercedes V12 hereketlendirijisi bilen bary-ýogy 50 sany kaşaň Maybach sedanyny çykarar

Mercedes-Benz kompaniýasy kaşaň sedanyň çäkli mukdardaky görnüşini — Mercedes-Maybach S 680 V12 Edition modelini hödürledi. Bu awtomobil taryhy Maybach Zeppelin modeline hormat hökmünde döredildi we dünýä bazary üçin bary-ýogy 50 nusgada öndüriler
Täze Toyota RAV4 Plug-in Hybrid öňki neslinden has arzan we kuwwatly boldy
08.03.2026 00:12
5k+

Täze Toyota RAV4 Plug-in Hybrid öňki neslinden has arzan we kuwwatly boldy

Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin 2026-njy model ýylynyň Toyota RAV4 Plug-in Hybrid krossoweriniň bahalaryny mälim etdi. Täze wersiýa öňki nesliň modellerinden has arzan boldy, şol bir wagtyň özünde onuň görnüşleriniň sany artdyryldy
Toyota oturgyçlar bilen bagly mesele sebäpli 550 müň töweregi Highlander-i yzyna çagyrýar
07.03.2026 17:45
5.8k+

Toyota oturgyçlar bilen bagly mesele sebäpli 550 müň töweregi Highlander-i yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazarynda satylan takmynan 550 müň sany Highlander krossoweriniň ikinji hatardaky oturgyçlar bilen bagly ýüze çykyp biljek  mesele sebäpli meýletin yza çagyryşy yglan etdi. Bu çagyryş 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli öndürilen awtoulaglaryň benzin we gibrid görnüşlerine degişlidir
Sürüp bolanok, ýöne diwary bezeýär: üýtgeşik Ferrari 250 Testa Rossa auksiona çykaryldy
07.03.2026 11:59
6.2k+

Sürüp bolanok, ýöne diwary bezeýär: üýtgeşik Ferrari 250 Testa Rossa auksiona çykaryldy

Collecting Cars internet platformasy adaty bolmadyk, öý üçin sungat eserini — meşhur Ferrari 250 Testa Rossa sport awtoulagynyň kuzowynyň kiçi nusgasy görnüşinde diwar heýkelini auksionda satýar. Auksionyň tamamlanmagyna 24 sagatdan az wagt galanda, onuň soralýan bahasy 9107 funt sterlinge (takmynan 11 600 dollar) deňdir
Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi
07.03.2026 11:53
3.9k+

Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi

Lexus kompaniýasy özüniň UX krossoweriniň elektrik görnüşiniň önümçiligini we satuwyny togtatdy. Bu barada "Auto Express" neşiri brendiň Britaniýadaky bölüminiň tassyklamagyna salgylanyp habar berdi. Şonuň bilen birlikde, agzalan model baradaky maglumatlar Lexus-yň Ýewropa we Ýaponiýa üçin niýetlenen resmi internet çeşmelerinden hem aýryldy
Lexus Hytaýda Maybach-yň äheňinde ES sedanynyň hoşlaşyk ýörite görnüşini hödürledi
06.03.2026 18:08
8.1k+

Lexus Hytaýda Maybach-yň äheňinde ES sedanynyň hoşlaşyk ýörite görnüşini hödürledi

Lexus kompaniýasy Hytaý bazarynda ES sedanynyň «Moon Shadow» (Aý şuglasy) diýlip atlandyrylýan ýörite görnüşini tanyşdyrdy. Bu model, ilkinji nobatda, iki reňkdäki kuzowy bilen tapawutlanýar. Bu wersiýanyň çykarylmagy sedanyň häzirki nesliniň satuwynyň tamamlanmagy bilen baglanyşykly diýlip çaklanylýar
Hyundai awtoulaglaryndaky nawigasiýa kartalarynyň täzelenmesini çaltlaşdyrar
06.03.2026 11:57
1.4k+

Hyundai awtoulaglaryndaky nawigasiýa kartalarynyň täzelenmesini çaltlaşdyrar

Hyundai kompaniýasy awtoulaglardaky nawigasiýa kartalaryny ýüklemek ulgamyny döwrebaplaşdyrýar. Indi "Connected Car Navigation Cockpit" (ccNC) multimedia platformasy bolan awtoulaglar täzelenmeleri has çalt we awtomatiki usulda, sürüjiniň hiç hili gatnaşmagy gerekmezden alyp bilerler
«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
05.03.2026 20:55
7k+

«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» (World Car of the Year) bäsleşiginiň emin agzalary her kategoriýa boýunça finala çykan modelleri mälim etdiler. Birnäçe ugurda ýeňiş gazanmaga esasanam BMW we Hyundai markalarynyň awtoulaglary dalaş edýärler
BMW M2 ýaryş trassasy üçin täzelenme toplumyny aldy: ýeke özüniň bahasy 23,5 müň ýewro
05.03.2026 12:11
2.6k+

BMW M2 ýaryş trassasy üçin täzelenme toplumyny aldy: ýeke özüniň bahasy 23,5 müň ýewro

BMW konserni M2 sportkary üçin zawodda gurnalan M Performance Track Kit-e sargytlaryň açylandygyny yglan etdi. Bu toplum awtoulagyň ýaryş trassasynda işleýşini gowulandyrmak üçin niýetlenen, şol bir wagtyň özünde kupe gurnalandan soň hem adaty ýollarda sürmek üçin ulanylmaga rugsat berlen ýagdaýda galmagyna mümkinçilik berýär
Dodge güýçli sekiz silindrli Hellcat motory bilen enjamlaşdyrylan Charger modelini çykarar
05.03.2026 10:01
2.3k+

Dodge güýçli sekiz silindrli Hellcat motory bilen enjamlaşdyrylan Charger modelini çykarar

Dodge kompaniýasy häzirki Charger modeliniň sekiz silindrli (V8) Hellcat hereketlendirijisi bilen üpjün edilen täze görnüşini işläp taýýarlaýar. «Mopar Insiders» neşiriniň çeşmelere salgylanyp berýän habaryna görä, awtoulagyň bu görnüşi modeliň meýilleşdirilen täzelenmesiniň çäginde peýda bolar
Tesla-nyň awtopiloty 13,5 milliard kilometr aralygy geçdi
05.03.2026 09:41
2.1k+

Tesla-nyň awtopiloty 13,5 milliard kilometr aralygy geçdi

Tesla kompaniýasynyň gözegçilik astyndaky awtonom sürüş ulgamy (FSD) eýýäm umumylykda 13,5 milliard kilometrden ýoly geçdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň howpsuzlyga bagyşlanan resmi sahypasynda çap edildi. Kompaniýa uly göwrümli real maglumatlaryň awtonom sürüş üçin neýroulgam platformasyny kämilleşdirmäge kömek edýändigini belleýär
SAIC we Huawei gyşky synaglaryň dowamynda täze Porsche Taycan görnüşli elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy
04.03.2026 18:41
2.7k+

SAIC we Huawei gyşky synaglaryň dowamynda täze Porsche Taycan görnüşli elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy

SAIC awtokonserni we Huawei tehnologiýa ägirdi tarapyndan döredilen bilelikdäki Shangjie hytaý brendi ikinji modeli bolan Z7 elektrik awtoulagynyň gyşky synagynyň wideosyny çap etdi. Wideoda awtoulagyň dizaýny ilkinji gezek doly görkezilýär
Meşhur Jeep öndürijisi taryhyndaky ilkinji ýyllyk zyýanyny mälim etdi
04.03.2026 16:34
4.4k+

Meşhur Jeep öndürijisi taryhyndaky ilkinji ýyllyk zyýanyny mälim etdi

Stellantis awtoulag konserni öz taryhynda çeken ilkinji ýyllyk zyýany barada habar berdi. CNBC-niň habaryna görä, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça kompaniýa 26,3 milliard dollar zyýana galdy. Ýitginiň esasy sebäbi elektromobilleriň önümçiligine çalt depginde geçmek üçin gönükdirilen maýa goýumlarynyň hatardan çykmagy boldy
Tikenleri pasla görä üýtgeýän tekerler bazara çykar
04.03.2026 15:04
3.9k+

Tikenleri pasla görä üýtgeýän tekerler bazara çykar

Finlýandiýanyň Nokian Tyres kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup tikenleriniň ýagdaýyny awtomat usulda üýtgedýän Hakkapeliitta 01 nusgaly awtomobi teker toplumyny hödürledi. Bu täzelik sürüjä dahylsyz öz-özünden dürli howa şertlerine görä uýgunlaşmak üçin niýetlenendir
Xiaomi Barselonada Vision GT giperkarynyň nusgasyny görkezdi
04.03.2026 14:39
2.8k+

Xiaomi Barselonada Vision GT giperkarynyň nusgasyny görkezdi

Xiaomi kompaniýasy Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde özüniň täze konseptual elektrikli giperkaryny — Xiaomi Vision GT-ni tanyşdyrdy. Xiaomi Vision GT — bu «Gran Turismo 7» ýaryş oýny üçin ýörite döredilen doly göwrümli awtomobil nusgasydyr
Bugatti bäş sany «tans edýän pil» bilen bezelen özboluşly W16 Mistral modelini görkezdi
04.03.2026 12:03
4.7k+

Bugatti bäş sany «tans edýän pil» bilen bezelen özboluşly W16 Mistral modelini görkezdi

Bugatti kompaniýasy ady agzalmadyk müşderiniň ýörite buýurmasy esasynda döredilen we «La Perle Rare» (seýrek dür dänesi) diýlip atlandyrylan unikal W16 Mistral rodsterini tanyşdyrdy. Bu awtomobil dür-ak we altynsow reňkleriň ajaýyp sazlaşygynda ýerine ýetirilip, bäş sany «tans edýän pil» şekili bilen bezelipdir
Hyundai Elantra 2027 bütinleý täzelenip, sanly çözgütler bilen çykar
04.03.2026 09:17
6.2k+

Hyundai Elantra 2027 bütinleý täzelenip, sanly çözgütler bilen çykar

Hyundai Elantra sedanynyň sekizinji nesli 2027-nji ýylyň başynda bazara çykmaga taýýarlanýar. Bu model öz segmentinde iň ýokary tehnologiýaly we estetiki taýdan kämil awtomobilleriň biri bolmaga dalaş edýär. Ulagyň suratlaryny Carscoops neşiri paýlaşdy
Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy
03.03.2026 16:26
5.7k+

Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy

Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy
Ford programma üpjünçiligindäki säwlik sebäpli 4,3 milliondan gowrak ulaglaryny yzyna çagyrýar
03.03.2026 14:29
3k+

Ford programma üpjünçiligindäki säwlik sebäpli 4,3 milliondan gowrak ulaglaryny yzyna çagyrýar

Ford konserni 4 380 609 awtomobili öz içine alýan giň gerimli hyzmat ediş kampaniýasyny yglan etdi. Yzyna çagyryş dürli modellerdäki pikaplary, wnedorožnikleri we furgonlary öz içine alýar. Mesele tirkeg çekilen wagty ýüze çykýan programma säwligi bilen baglanyşyklydyr
Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar
02.03.2026 22:02
1.9k+

Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar

General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar
Mercedes ulagda çaýkanma keseliniň öňüni alýan ulgamy patentledi
02.03.2026 21:52
3.6k+

Mercedes ulagda çaýkanma keseliniň öňüni alýan ulgamy patentledi

Mercedes-Benz awtoulaglardaky çaýkanmanyň derejesini peseltmek üçin niýetlenen ulgamy patentledi. Bu tehnologiýada işjeň podweska ýa-da wibrokompensasiýa ýaly çylşyrymly tehniki çözgütlere derek, kompaniýa ýelejiretme ulgamyny we içki LED yşyklandyryşy ulanýar
Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi
02.03.2026 20:18
2.5k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan
Nissan Pathfinder modeli iki görnüşde çykarylar – hem krossower, hem wnedorožnik
02.03.2026 14:31
3.3k+

Nissan Pathfinder modeli iki görnüşde çykarylar – hem krossower, hem wnedorožnik

Nissan kompaniýasy özüniň häzir krossower bolan Pathfinder modelini täze ramaly wnedorožnik (ýolsuz ýerler üçin niýetlenen) bilen bilelikde satuwda saklamagy meýilleşdirýär diýlip, Automotive News neşiri habar berýär
BMW ýangyn howpy zerarly 59 müň awtomobilini yzyna ýygnaýar
02.03.2026 14:15
2.7k+

BMW ýangyn howpy zerarly 59 müň awtomobilini yzyna ýygnaýar

BMW konserni klimat ulgamynyň simlerinde ýüze çykan kemçilik sebäpli Demirgazyk Amerikada 5-nji we 7-nji seriýaly awtomobillerini yzyna çagyrmak çäresini yglan etdi diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Milli administrasiýasy habar berýär
«Aždarha derisi»: täze ýubileý Škoda Octavia üçin reňki tutuş internet jemgyýeti saýlady
01.03.2026 23:03
3.5k+

«Aždarha derisi»: täze ýubileý Škoda Octavia üçin reňki tutuş internet jemgyýeti saýlady

Škoda kompaniýasy Beýik Britaniýada Octavia modeli üçin açyk onlaýn ses berişliginde ýeňiji bolan täze altynsow-ýaşyl «Dragon Skin» (Aždarha derisi) reňkini görkezdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sosial ulgamlaryň ulanyjylary bu görnüşi «Storm Blue» we «Tangerine Orange» reňklerinden has makul bildi
Volkswagen müşderilerine iki million elektromobil gowşurdy
01.03.2026 21:56
3.7k+

Volkswagen müşderilerine iki million elektromobil gowşurdy

Volkswagen jemi 2 million satylan elektromobil görkezijisine ýetdi. Ýubileý awtomobili Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawodda öndürilen we Drezden şäherindäki Gläserne Manufaktur merkezinde eýesine gowşurylan ID