Hyundai howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna ýygnaýar
01.02.2026 22:24
4.2k+

Hyundai howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna ýygnaýar

Hyundai kompaniýasy ABŞ-da üçünji hatardaky gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň näsazlygy sebäpli 570 müňe golaý Palisade krossowerini yzyna çagyrýar. Bu barada Ýol hereketiniň howpsuzlygy Milli administrasiýasy (NHTSA) habar berýär
Xiaomi SU7 Ultra ulaglaryndan bir aýda bary-ýogy 45 sanysy satyldy. Öň 3000 satylýardy
01.02.2026 21:50
2.4k+

Xiaomi SU7 Ultra ulaglaryndan bir aýda bary-ýogy 45 sanysy satyldy. Öň 3000 satylýardy

CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, Xiaomi SU7 Ultra elektromobiliniň iň güýçli görnüşine bolan isleg aýda 3000 bolanlygyndan dekabr aýynda bary-ýogy 45-e çenli azaldy. 2025-nji ýylyň mart-awgust aýlary aralygynda bu modeliň her aýda 2,4 müňden 3,1 müňe çenlisi satyldy
BMW Mercedes-Benz-iň doglan gününi degişme bilen gutlady
01.02.2026 16:48
9.5k+

BMW Mercedes-Benz-iň doglan gününi degişme bilen gutlady

​29-njy ýanwarda  awtomobil senagatynda bäsdeşler özara göreşi bir gapdala goýsalar-da, degişmeden ýüz öwürmediler. ​Şu senede Karl Benziň özüniň «Motorwagen» ulagyna patent alan gününiň 140 ýyllygy doldy. Häzirki zaman düşünjesindäki awtomobil taryhy edil şu seneden başlanýar diýlip hasaplanýar
Tesla ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň peselendigini hasaba aldy
31.01.2026 13:40
2.7k+

Tesla ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň peselendigini hasaba aldy

2025-nji ýylda Tesla kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek umumy ýyllyk girdejisiniň 3% peselendigini hasaba aldy — öndürijiniň çärýekleýin hasabat resminamalaryna görä, ol 94,8 mlrd dollara barabar boldy. Awtomobil segmentindäki oňyn däl dinamikanyň (girdejiler 10% peselip, 69,5 mlrd dollara düşdi) energetika ugrunyň we hyzmatlar edarasynyň görkezijileriniň ösmegi netijesinde bölekleýin öwezi dolundy
Tesla iki elektromobiliniň deregine adamşekilli robotlary çykarar
31.01.2026 11:47
2.3k+

Tesla iki elektromobiliniň deregine adamşekilli robotlary çykarar

Tesla kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde Model S we Model X elektromobillerini öndürmegi bes eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar bilen geçirilen telefon arkaly maslahatda aýtdy diýip, CNN habar berýär
Britaniýanyň awtoulag senagaty 1956-njy ýyldaky derejä çenli pese gaçdy
31.01.2026 09:10
4.9k+

Britaniýanyň awtoulag senagaty 1956-njy ýyldaky derejä çenli pese gaçdy

2025-nji ýylda Beýik Britaniýanyň awtoulag önümçiligi soňky 70 ýylyň içinde iň pes derejä düşdi. Bu çökgünlige iri öndürijä amala aşyrylan kiberhüjüm, zawodlaryň ýapylmagy we ABŞ-nyň täze gümrük paçlary sebäp boldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär
"Çelgi — adamlar": Toyota RAV4-üň nesilleri barada täsirli mahabat çykardy
30.01.2026 23:56
3.4k+

"Çelgi — adamlar": Toyota RAV4-üň nesilleri barada täsirli mahabat çykardy

Toyota kompaniýasy Amerikan futboly boýunça çempionatyň finaly bolan Superboul (Super Bowl) wagtynda görkezmek üçin ýörite taýýarlanan 30 sekuntlyk mahabat wideosyny hödürledi. Wideo brendiň iň meşhur modelleriniň biri bolan RAV4 krossowerine bagyşlanýar
Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy
30.01.2026 18:50
5.4k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy
"Öýe hoş geldiňiz!": Täzelenen Mercedes-Benz S-Class çykdy
30.01.2026 15:34
6k+

"Öýe hoş geldiňiz!": Täzelenen Mercedes-Benz S-Class çykdy

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň kaşaň S-Class sedanynyň täzelenen görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Öndürijiniň habar bermegine görä, bu modeldäki şaýlaryň we komponentleriň ýarysyndan gowragy täzelendi ýa-da kämilleşdirildi
Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy
29.01.2026 17:40
5.2k+

Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy

Michelin topary Şanhaýda dünýäde ilkinji «future factory» («geljegiň zawody») formatly zawody açdy. Döwrebap önümçilik hatarlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana her 36 sekuntda bir teker öndürmäge ukyplydyr. Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 mlrd ýuana (takmynan, 425 mln dollar) barabar boldy
Mercedes-AMG täze ekstremal Mythos kupesiniň ilkinji suratlaryny görkezdi
29.01.2026 15:46
3k+

Mercedes-AMG täze ekstremal Mythos kupesiniň ilkinji suratlaryny görkezdi

Mercedes-Benz kompaniýasy AMG bölüminiň iň täze modeli hasaplanýan täze sport kupesiniň ilkinji resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu ulagyň eksklýuziw Mythos seriýasynyň ikinji modeli boljakdygy tassyklanyldy. Onuň resmi tanyşdyrylyş senesi heniz yglan edilmedi
Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy
28.01.2026 16:39
3.3k+

Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär
Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy
28.01.2026 13:50
2.4k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi
Toyota-dan syrly täzelik: Kompaniýa täze modeliniň ilkinji suratyny paýlaşdy
28.01.2026 09:18
5.9k+

Toyota-dan syrly täzelik: Kompaniýa täze modeliniň ilkinji suratyny paýlaşdy

Toyota kompaniýasynyň Amerikadaky bölümi täze modeliniň ilkinji tizer suratyny köpçülige hödürledi. Häzirlikçe gizlin saklanýan täze model baradaky habar "Gözýetimde täze bir zatlar bar" diýen ýazgy bilen paýlaşyldy
Hytaý awtoulaglarda elektron rul dolandyryşynyň düzgünlerini tassyklady
28.01.2026 00:06
3.8k+

Hytaý awtoulaglarda elektron rul dolandyryşynyň düzgünlerini tassyklady

Hytaýda awtoulaglaryň täze nesil rul dolandyryş ulgamlary üçin hökmany talaplar tassyklanyldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi 1-nji iýuldan güýje girjek "Awtoulaglaryň rul ulgamlaryna bildirilýän esasy talaplar" atly milli standarty çap etdi
Tramp Günorta Koreýadan getirilýän ulaglara gümrük pajyny 25%-e çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi
27.01.2026 18:54
12k+

Tramp Günorta Koreýadan getirilýän ulaglara gümrük pajyny 25%-e çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Günorta Koreýadan getirilýän awtoulaglara we beýleki birnäçe harytlara goýulýan gümrük pajyny 15 göterimden 25 göterime çenli ýokarlandyrmak baradaky kararyny habar berdi. Bu baradaky beýannama "Truth Social" jemgyýetçilik torunda çap edildi
BMW M3 elektrokary gaty sesi bilen benzinli ulaglara «öýkünip» bilýär
27.01.2026 15:22
3.9k+

BMW M3 elektrokary gaty sesi bilen benzinli ulaglara «öýkünip» bilýär

BMW kompaniýasy elektromobil ugruna geçilýän şertlerde sport modellerine mahsus sesi saklamagy meýilleşdirýär. BMW M3-niň elektrik görnüşi kapotyň aşagynda adaty hereketlendiriji bolmasa-da, benzinli hereketlendirijiniň sesini döredýär
Mercedes-Benz S-Class-a modeliň taryhynda iň düýpli özgeriş garaşýar
27.01.2026 13:25
6.2k+

Mercedes-Benz S-Class-a modeliň taryhynda iň düýpli özgeriş garaşýar

Täzelenen Mercedes-Benz S-Class-yň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşy 29-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi bu senäni tassyklady we geljekki täze modeliň birnäçe tizer suratlaryny çap etdi
Sowuk we buz synagy: Tesla Cybercab seriýalaýyn önümçilige taýýarlanýar
27.01.2026 11:17
3.5k+

Sowuk we buz synagy: Tesla Cybercab seriýalaýyn önümçilige taýýarlanýar

Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz işleýän Cybercab taksisi şu ýylyň aprel aýynda seriýaly önümçilige goýberiler. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Maskyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Cybercab prototipleri Alýaskanyň aşa sowuk, garly we buzly şertlerinde gyşky synaglardan geçirilýär
Tesla «Zolagy saklamak» kömegini mugt däl-de, tölegli funksiýa öwürdi
27.01.2026 10:39
2k+

Tesla «Zolagy saklamak» kömegini mugt däl-de, tölegli funksiýa öwürdi

Tesla täze awtoulaglar üçin esasy Autopilot bukjasynda düýpli üýtgeşme etdi. 2026-njy ýylyň täze baha gurluşyna görä, ulagy hereket zolagynda awtomatiki saklaýan kömekçi ulgam (Autosteer) indi standart komplektasiýa girmeýär
2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar
27.01.2026 10:20
2.4k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer
Reňki juda batyrgaý bolup çykdy: Xiaomi SU7 we YU7 modellerinde «Lava Orange» reňkinden ýüz öwürdi
26.01.2026 16:49
3.9k+

Reňki juda batyrgaý bolup çykdy: Xiaomi SU7 we YU7 modellerinde «Lava Orange» reňkinden ýüz öwürdi

Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbin Xiaomi SU7 sedany we YU7 krossoweri üçin meşhur Lava Orange reňkiniň indi elýeterli däldigini mälim etdi. Bu reňkdäki awtoulaglaryň önümçiligi resmi taýdan bes edildi
Hytaýda awtoulaglar diňe hökmany ýol synagyny geçenden soň satuwa çykarylar
26.01.2026 14:38
6.5k+

Hytaýda awtoulaglar diňe hökmany ýol synagyny geçenden soň satuwa çykarylar

Hytaýyň Senagat we maglumatlaşdyryş ministrligi awtoulaglaryň hilini barlamagyň täze kadalaryny tassyklady. Bu düzgünler 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Üýtgeşmeleriň esasy maksady — mundan ozal J
Täze Hyundai Santa Fe-niň prototipi synag wagty ot aldy. Kompaniýa sebäbini derňeýär
26.01.2026 10:00
7.7k+

Täze Hyundai Santa Fe-niň prototipi synag wagty ot aldy. Kompaniýa sebäbini derňeýär

Günorta Koreýada ýol synaglary wagtynda täze nesil Hyundai Santa Fe awtomobiliniň prototipi ýandy. Waka kompaniýanyň Ulsandaky önümçilik merkeziniň golaýynda bolup geçdi. Bu ýerde Hyundai täzelenen modeli synagdan geçirýär
Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar
26.01.2026 07:39
17k+

Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar

Özbegistanda 1-nji fewraldan başlap, öndürilenine 50 we ondan köp ýyl bolan ulag serişdelerini ulanmaga hem-de täzeden hasaba almaga gadagançylyk güýje girýär. Gadagançylyk antikwar (gadymy) awtomoto ulaglara degişli däl
Täze Kia Sportage Platinum Edition tanyşdyryldy: ol mart aýynda satylyp başlanar
25.01.2026 18:42
3.3k+

Täze Kia Sportage Platinum Edition tanyşdyryldy: ol mart aýynda satylyp başlanar

Kia kompaniýasy täzelenen Sportage Platinum Edition modelini resmi taýdan görkezdi. Bu täze wersiýanyň seriýalaýyn önümçiligi 7-nji fewralda Hytaýyň Ýançen şäherindäki döwrebap «Yueda Kia» zawodynda başlanar. Awtoulagyň mart aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar
Volkswagen Touareg ýitenok: Hytaýda V6 hereketlendirijili 2026-njy ýylyň modeli tanyşdyryldy
25.01.2026 17:32
3.5k+

Volkswagen Touareg ýitenok: Hytaýda V6 hereketlendirijili 2026-njy ýylyň modeli tanyşdyryldy

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda özüniň flagman wnedorožniginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Touareg 2026 3.0 TSI Elite diýlip atlandyrylýan bu modeliň bahasy 756 000 ýuan (takmynan 108 400 amerikan dollary) bolup, ol diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir
Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär
25.01.2026 13:47
7.6k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy
2025-nji ýylda dünýäde tas 92 million täze awtoulag satyldy
25.01.2026 02:50
6.4k+

2025-nji ýylda dünýäde tas 92 million täze awtoulag satyldy

2025-nji ýylda dünýäde täze ýeňil awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende artdy. GlobalData-nyň maglumatlaryna görä, 12 aýda 91,9 million awtoulag satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 3,6% ýokarydyr
«Gara» ekranyň howpy: Hytaýda Toyota RAV4-iň täze nesli yzyna çagyrylýar
24.01.2026 19:08
5.8k+

«Gara» ekranyň howpy: Hytaýda Toyota RAV4-iň täze nesli yzyna çagyrylýar

Hytaýyň gözegçilik edaralary Toyota RAV4 krossowerleriniň täze neslini yzyna çagyrýarlar. Ulaglaryň yzyna gaýtarylmagyna hereketlendiriji işläp başlandan soň, merkezi multimediýa ulgamyndaky displeýde peýda bolýan näsazlyk sebäp bolupdyr
Mask Optimus-y 2027-nji ýylyň ahyryna çenli satyp başlamagy wada etdi we awtopilotyň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy
24.01.2026 16:42
2.9k+

Mask Optimus-y 2027-nji ýylyň ahyryna çenli satyp başlamagy wada etdi we awtopilotyň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy

Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumynda Ilon Mask Tesla-nyň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Optimus adampisint robotlaryny satyp başlamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şol bir wagtda ol, munuň haçan-da, kompaniýanyň robotlaryň ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna we funksiýalarynyň ýeterlikdigine ynamly bolan ýagdaýynda boljakdygyny-da duýdurdy
Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady
24.01.2026 15:48
3.7k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy
Kia kompaniýasy Niro krossoweriniň durkuny täzeledi
23.01.2026 20:13
2.3k+

Kia kompaniýasy Niro krossoweriniň durkuny täzeledi

Kia kompaniýasy ilkinji gezek 2021-nji ýylda Günorta Koreýada peýda bolan Niro krossoweriniň täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Restaýlingden soň modeliň daşky görnüşi indi Kia-nyň elektrik awtoulaglaryna meňzedildi
Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord
23.01.2026 15:51
2.4k+

Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord

Xiaomi Auto kompaniýasy önümçilik elektromobilleri üçin täze rekord goýdy. Onuň döwrebaplaşdyrylan SU7 Max sedany 24 sagatda diňe zarýad almak üçin saklanyp, 4 264 km ýol geçdi. Ozal önümçilik elektromobilleriniň arasynda rekord geçen ýylyň tomsunda bir günde 3 961 km geçen Xpeng P7 liftbegine degişlidi
Toni Starkyň «Ar alyjylar» filmindäki rodsteri auksiona çykaryldy
23.01.2026 15:14
2.3k+

Toni Starkyň «Ar alyjylar» filmindäki rodsteri auksiona çykaryldy

2012-nji ýylda surata düşürilen «Ar alyjylar» filminde Toni Starkyň/Demir adam-yň sürýän goýy gyzyl reňkli Acura NSX rodsteri ýakyn wagtda auksiona çykarylar. Ýatladyp geçsek, filmde gahrymanyň roluny Robert Dauni-kiçi ýerine ýetiripdi
Toyota «Ýertudana şalygynyň güni» mynasybetli gülgüne reňkli Crown sedanyny çykardy
23.01.2026 14:48
5.2k+

Toyota «Ýertudana şalygynyň güni» mynasybetli gülgüne reňkli Crown sedanyny çykardy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň «Ýertudana şalygynyň güni» mynasybetli Totigi prefekturasynda geçirilen dabaralara gatnaşdy we bu ýerde täze Toyota Crown sedanyny görkezdi. Model Ichigo Crown (terjimesi – «ýertudana täji») diýlip atlandyryldy
Xiaomi YU7 dördünji çärýekde Hytaýda iň köp satylan krossower boldy
23.01.2026 12:03
1.8k+

Xiaomi YU7 dördünji çärýekde Hytaýda iň köp satylan krossower boldy

Xiaomi YU7 krossoweri 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Hytaýda öz segmentinde (SUV) ähli bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, satuwda birinji orny eýeledi. Smartfon we beýleki elektronik enjamlaryň öndürijisi bu üstünligi awtoulag bazarynda örän gysga wagtyň içinde gazanmagy başardy
Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy
21.01.2026 10:59
2.6k+

Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy

Land Rover kompaniýasy Britaniýanyň paýtagtynyň iň meşhur ýerlerine bagyşlanan Range Rover awtoulaglarynyň eksklýuziw tapgyryny tanyşdyrdy. Bu täze seriýanyň ilkinji wekilleri bolan Range Rover Evoque Hoxton we Range Rover Velar Belgravia ýazyň ahyrynda satuwa çykarylar
Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi
21.01.2026 10:55
2.3k+

Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi

Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi
Toyota Hiace soňky 13 ýylda iň uly täzelenmäni aldy
20.01.2026 22:45
12k+

Toyota Hiace soňky 13 ýylda iň uly täzelenmäni aldy

Toyota ýapon bazary üçin Hiace furgonynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Onuň satuwy 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda başlar. Ýaponiýada modeliň häzirki nesli 2004-nji ýyldan bäri çykarylýar. Galan ýurtlarda Hiace-yň nesli 2019-njy ýylda üýtgedildi