Hi-tech

Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi
01.03.2026 13:58
2.4k+

Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi

Lenovo kompaniýasy 2026-njy ýylyň martyň başynda Barselonada geçiriljek «Mobile World Congress» (MWC) sergisinde Yoga Book Pro 3D konseptual noutbugyny görkezer. Enjam baradaky maglumat 28-nji fewralda X platformasyndaky Evleaks insaýderi tarapyndan çap edildi
Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy
27.02.2026 20:48
4.3k+

Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy

Xiaomi kompaniýasy yzlygyna zarýad beriş tehnologiýasy üçin niýetlenen, bary-ýogy 1,5 dollardan satylýan gysga we akylly USB-C kabelini hödürledi. Bu täze önümiň uzynlygy bary-ýogy 16 sm. Ol yzlygyna zarýad berýän wagty iki smartfony birleşdirmek üçin ýörite gysga edildi
Nýu-Ýorkda robotlara gar arassalatdylar
26.02.2026 23:40
5.3k+

Nýu-Ýorkda robotlara gar arassalatdylar

Nýu-Ýorkdaky adatdan daşary güýçli ýagan gar hatda robotlaryň hem ellerine pil bermäge mejbur etdi. Öň hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryna ýagan garyň galyňlygy 40-dan 90 santimetre çenli ýetdi, ulag ýollary ýapylyp, uçuş gatnawlary saklanyldy
Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi
26.02.2026 12:43
8.3k+

Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi

25-nji fewral agşamy geçirilen «Galaxy Unpacked» tanyşdyrylyşynda Samsung kompaniýasy resmi taýdan özüniň täze flagman seriýasyny — Galaxy S26-ny hödürledi. Bu hatara üç model: Galaxy S26, S26+ we S26 Ultra girdi
Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy
25.02.2026 06:26
2.4k+

Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy

Microsoft-yň barlagçylary Project Silica taslamasynyň çäginde femtosekund lazerleriniň kömegi bilen borosilikat aýnasynda arhiw maglumatlaryny saklamak ulgamyny döretdiler. "Nature" žurnalynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa maglumatlary hatda 290 gradus Selsiý gyzgynlykda hem 10 000 ýyla çenli okalýan görnüşde saklamaga mümkinçilik berýär
ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar
24.02.2026 14:19
3k+

ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar

ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi
Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär
23.02.2026 23:31
1.6k+

Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär

Apple kompaniýasy Ferret-UI Lite atly 3 milliard parametrli, gysga göwrümli emeli aň modeliniň barlagyny çap etdi. Model maglumatlary serwerlere ibermezden, göni enjamyň özünde işlemäge niýetlenendir. Şeýle-de ol  programmalaryň interfeýsindäki elementleri tanamaga we ulanyjynyň adyndan hereketleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr
Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»
23.02.2026 14:41
3.5k+

Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir
Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar
23.02.2026 14:13
8.8k+

Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar

Google kompaniýasy U.S.-India Connection atly ägirt infrastruktura taslamasyna başlandygyny yglan etdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 15 milliard dollar sarp etmek meýilleşdirilýär. Taslama ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany birleşdirjek täze suwasty we gury ýer optiki süýümli liniýalarynyň ulgamyny gurmagy göz öňünde tutýar
90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi
23.02.2026 09:41
5.2k+

90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi

Nýu-Delide geçirilen sammitiň netijeleri boýunça emeli aňyň täsiri baradaky jarnama kabul edildi. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berdi.  Jarnama jemi 88 ýurt we halkara guramasy tarapyndan goldanyldy
Işden soňra rahatlyk: Xiaomi ýadaw gözler üçin akylly massažor çykardy
22.02.2026 14:34
2.8k+

Işden soňra rahatlyk: Xiaomi ýadaw gözler üçin akylly massažor çykardy

Xiaomi kompaniýasy göze dynç bermek üçin niýetlenen Xiaomi Smart Massage Eye atly täze enjamy hödürledi. Bu döwrebap gajet köp wagtyny kompýutere ýa-da smartfona seredip işlemeli bolýan adamlar üçin niýetlenip, göreçleriň ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýär
Honda özbaşdak gonmagy başarýan ilkinji hususy uçarynyň nusgasyny görkezdi
21.02.2026 15:42
4.2k+

Honda özbaşdak gonmagy başarýan ilkinji hususy uçarynyň nusgasyny görkezdi

Iki motorly Honda Elite II reaktiw uçary öz segmentinde Garmin-iň adatdan daşary awtomatik gonuş ulgamy üçin ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa müdiriýetiniň sertifikatyny alan ilkinji uçar boldy. Bu barada Honda Aircraft kompaniýasy habar berýär
Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin üç sany täze funksiýany hödürledi
21.02.2026 08:32
1.5k+

Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin üç sany täze funksiýany hödürledi

Google kompaniýasy Chrome brauzeriniň desktop görnüşiniň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin üç sany täze guralyň goşulýandygyny habar berdi. Olar ekrany bölmek režiminden, PDF faýllaryna bellikleri goşmak we olary göni bulut saklaýjysyna ýüklemek mümkinçiliklerinden ybaratdyr
Google 2025-nji ýylda müňlerçe işläp düzüjini we millionlarça şübheli goşundyny bloklady
20.02.2026 22:19
1.9k+

Google 2025-nji ýylda müňlerçe işläp düzüjini we millionlarça şübheli goşundyny bloklady

2025-nji ýylda Google kompaniýasy giň gerimli arassalaýyş işlerini geçirip, düzgünleri bozan 1,75 milliondan gowrak goşundynyň Play Store-a ýüklenmeginiň öňüni aldy we zyýanly goşundyny ýerleşdirmek islän 80 müňden gowrak işläp düzüjiniň akkauntyny ýok etdi
Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler
20.02.2026 21:38
2.9k+

Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi
Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord
20.02.2026 18:09
2.7k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi
Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär
20.02.2026 17:00
3.9k+

Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Hindistan hökümeti geljek iki ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna 200 milliard dollardan gowrak maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waişnaw Nýu-Delide geçen «Emeli aňyň täsiri» sammitindäki çykyşynda aýtdy
Atlantada dünýäde ilkinji sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy işe giriziler
20.02.2026 12:48
5.5k+

Atlantada dünýäde ilkinji sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy işe giriziler

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta aglomerasiýasynda dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan jemgyýetçilik ulag ulgamynyň synag taslamasyna badalga berilýär.  Kaliforniýanyň Glydways kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu tehnologiýa esas hökmünde ýörite gurlan ýollar boýunça özbaşdak hereket edýän sürüjisiz elektromobiller hyzmat edýär
Fransiýaly inžener smartfondan dolandyrylýan 10 gramlyk robot-guş ýasady
19.02.2026 23:16
5.5k+

Fransiýaly inžener smartfondan dolandyrylýan 10 gramlyk robot-guş ýasady

Fransuz inženeri Edwin Wan Rýumbeke ganatlaryny işjeň kakmak arkaly guşlaryň uçuşyny gaýtalaýan «Swift» atly ornitopter dronuny tanyşdyrdy. Agramy bary-ýogy 10,9 gram bolan bu robot-guş iOS we Android ulgamlaryndaky ýörite mobil programma arkaly dolandyrylýar
Google I/O 2026 maý aýynda geçiriler: maslahatyň esasy bölegi emeli aň ulgamyna bagyşlanar
19.02.2026 15:36
818

Google I/O 2026 maý aýynda geçiriler: maslahatyň esasy bölegi emeli aň ulgamyna bagyşlanar

Google kompaniýasy her ýyl geçirilýän işläp düzüjiler üçin Google I/O 2026 maslahatynyň senesini yglan etdi. Çäre 19-njy we 20-nji maýda bolar. Kompaniýa esasy tanyşdyryşlary we maslahatyň bir bölegini, şol sanda esasy täzelikleriň hödürlenýän açylyş dabarasyny onlaýn görnüşde mugt ýaýlyma berer
Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär
18.02.2026 23:19
2.8k+

Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär

Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary bary-ýogy 0,6 sekundyň içinde ýokary takyklyk bilen çylşyrymly jisimleri döretmäge mümkinçilik berýän 3D-çap tehnologiýasyny işläp düzdüler. Onuň iň kiçi bölekleri 12 mikrometre ýetýär
Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi
18.02.2026 18:46
4.4k+

Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi

Hytaýyň Robotera kompaniýasy Hytaý Täze ýyly — Alawly At ýyly mynasybetli taýýarlan täze wideosyny paýlaşdy. Wideoda L7 atly adampisint robotyň gadymy hytaý gylyç tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişi görkezilýär
Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär
17.02.2026 09:29
4.4k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär
Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi
16.02.2026 20:11
1.5k+

Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi

Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi
Huawei Hytaýyň akylly sagat bazarynda öňdebaryjy, ýöne Apple ösüşini çaltlandyrýar
16.02.2026 17:40
2.4k+

Huawei Hytaýyň akylly sagat bazarynda öňdebaryjy, ýöne Apple ösüşini çaltlandyrýar

Huawei kompaniýasy üpjünçiligini 46,8% artdyryp, bazaryň 24,5%-ine eýe bolmak bilen, Hytaýyň akylly sagat bazarynda birinji orny eýeledi. Bu barada Runto guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, My Drivers neşiri habar berýär
Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar
16.02.2026 13:58
2.6k+

Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar

Unitree Robotics kompaniýasy Hançžou şäherindäki önümçilik toplumyndan düşürilen wideony paýlaşdy. Onda UnifoLM-X1-0 emeli aň modeliniň dolandyrmagyndaky adamsypat robotlar özlerine meňzeş beýleki robotlary ýygnamak işini ýerine ýetirýär
Robot itler futbol boýunça dünýä çempionatynda Meksikanyň stadionyna gözegçilik eder
16.02.2026 11:31
6.7k+

Robot itler futbol boýunça dünýä çempionatynda Meksikanyň stadionyna gözegçilik eder

Meksikanyň Gwadalupe şäheriniň häkimiýetleri BBVA stadionynda howpsuzlyk ulgamynyň bir bölegi boljak dört sany it şekilli roboty görkezdi. Bu stadion 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek ýurtdaky üç desganyň biridir diýip, Wired neşiri habar berýär
Bir tarapy az gördüler... TPV dünýäde ilkinji ikitaraplaýyn telewizory tanyşdyrdy
15.02.2026 21:09
4k+

Bir tarapy az gördüler... TPV dünýäde ilkinji ikitaraplaýyn telewizory tanyşdyrdy

TPV Technology Group kompaniýasy iki tarapynda hem ekrany bolan telewizory tanyşdyrdy. GP TV modelinde 4K durulygy bolan iki sany 48 dýuýmlyk OLED-displeý bar. Gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan metal aýakly telewizor Dolby Atmos ses ulgamy bilen üpjün edilen
NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär
14.02.2026 17:27
3.6k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi
Hytaýda gumanoid robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji liga döredildi: baş baýrak – 1,44 mln dollar
13.02.2026 18:03
4k+

Hytaýda gumanoid robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji liga döredildi: baş baýrak – 1,44 mln dollar

Hytaýyň Şençžen şäherinde adam şekilli robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji mugt liganyň – Ultimate Robot Knockout Legend (UKRL) ligasynyň işe girizilendigi yglan edildi. Ýaryşlara ýörite söweşler üçin işlenip düzülen EngineAI kompaniýasynyň T800 modelleri gatnaşýar
iOS 26.3 Android ulgamyna maglumat geçirmek mümkinçiligine we täze funksiýalara eýe boldy
13.02.2026 15:05
2.3k+

iOS 26.3 Android ulgamyna maglumat geçirmek mümkinçiligine we täze funksiýalara eýe boldy

Apple kompaniýasy iPhone üçin operasion ulgamynyň nobatdaky iri täzelenmesi bolan iOS 26.3 nusgasyny çykardy. Bu täzeleme ulanyjylara amatlylyk döredýän we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalaryň birnäçesini öz içine alýar
Gulakdaky göz: AirPods-yň täze nesli «görmek» ukybyna eýe bolar
13.02.2026 12:26
2.8k+

Gulakdaky göz: AirPods-yň täze nesli «görmek» ukybyna eýe bolar

Apple kompaniýasy AirPods gulaklyklary üçin düýpli täzelemeleri taýýarlaýar. Gulaklyklaryň indiki modeli Face ID ulgamynda ulanylýan kameralaryň kämilleşdirilen görnüşi bolan infragyzyl kameralar bilen enjamlaşdyrylar
Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi
13.02.2026 10:25
1.5k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat
Apple kompaniýasynyň täze üstünligi: dünýädäki her dördünji smartfon — iPhone
12.02.2026 18:19
3.9k+

Apple kompaniýasynyň täze üstünligi: dünýädäki her dördünji smartfon — iPhone

Apple dünýäde işjeň ulanylýan smartfonlaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. Counterpoint Research barlag kompaniýasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda planetada ulanylýan ähli smartfonlaryň takmynan 25%-i iPhone-laryň paýyna düşýär
Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi
11.02.2026 14:50
4.9k+

Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi

Hytaýyň Çendu şäherinde dron futboly boýunça Ablefly milli çempionatynyň final tapgyry tamamlandy. 7-9-njy fewral aralygynda howa menziliniň Halkara maslahat merkezinde geçirilen bu ýaryş öz gerimi boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy
Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler
11.02.2026 09:31
1.7k+

Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler

Humanoid kompaniýasy robotlaryň tutuş toplumy üçin ýeke-täk karar kabul ediş merkezi hökmünde işleýän KinetIQ dolandyryş ulgamyny tanyşdyrdy. Bu platforma senagat we durmuş gurşawynda ammar araba-robotlaryndan başlap, iki aýakly gumanoidlere çenli gurluşy we maksady dürli-dürli bolan enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär
Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi
10.02.2026 13:53
3.7k+

Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi

Beýik Britaniýada sap batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, otly «Great Western Railway» (GWR) operatorynyň «Greenford» şahasyna yzygiderli gatnawlara başlady
Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar
10.02.2026 11:20
9.6k+

Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär
iPhone-lar adaty awtoulag açarlarynyň deregini tutup başlady
10.02.2026 10:03
2.4k+

iPhone-lar adaty awtoulag açarlarynyň deregini tutup başlady

Apple korporasiýasy iPhone we Apple Watch enjamlaryny doly derejeli sanly awtoulag açaryna öwürýän Apple Car Keys tehnologiýasyny giň gerimde ornaşdyryp başlady. Bu ulgam smartfon gapynyň ýanynda ýa-da salonyň içinde bolanda, ulagy awtomatiki açmaga, ýapmaga we hereketlendirijini otlamaga mümkinçilik berýär
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder
10.02.2026 08:30
2.9k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder

OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir