Hi-tech

Android üçin Telegram «Liquid Glass» stilinde täze interfeýse eýe boldy
09.02.2026 15:17
1.7k+

Android üçin Telegram «Liquid Glass» stilinde täze interfeýse eýe boldy

Android ulgamy üçin Telegram-yň 12.4 wersiýasy doly täzelenen interfeýs bilen çykdy. AndroidInsider.ru neşiriniň belleýşi ýaly, goşundynyň daşky görnüşi düýpli özgerdilip, ozal iPhone wersiýasynda ulanylan «Liquid Glass» stiline eýe boldy
Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar
09.02.2026 14:55
1.1k+

Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar

GSMArena neşiriniň berýän habaryna görä, OpenAI kompaniýasy özüniň ilkinji enjam görnüşli önümini hödürlemäge taýýarlanýar. Özi-de bu smartfon ýa-da kulon däl-de, eýsem, emeli aň bilen işleýän gulaklykdyr. Başda kompaniýa emeli aň oturdylan kulon ýa-da ruçka diýen ýaly, has delräk enjamlary çykarmagy göz öňünde tutupdy
iPhone 17e 19-njy fewralda uly şowhun bolmazdan çykarylar
09.02.2026 09:58
4.8k+

iPhone 17e 19-njy fewralda uly şowhun bolmazdan çykarylar

Apple kompaniýasy täze iPhone-yň sessiz-üýnsüz çykyşyna taýýarlanýar. Macwelt-iň maglumatlaryna görä, kompaniýa eýýäm 19-njy fewralda diňe metbugat beýanatyny neşir eder we iPhone 17e-niň satuwyna başlar. Bu model «arzan» hatary dowam etdirýär, ýöne käbir aýratynlyklar bar
Apple duýdurýar: anonim çatlar App Store-den duýduryşsyz öçüriler
09.02.2026 07:36
1.2k+

Apple duýdurýar: anonim çatlar App Store-den duýduryşsyz öçüriler

Apple kompaniýasy ykjam goşundylaryny barlamak kadalaryny täzeledi we anonim ýazyşma häsiýetli hem-de «çat-ruletka» görnüşli hyzmatlary AppStore dükanynda ýerleşdirmegi gadagan etdi. Bu barada 9to5Mac portaly ýazýar
Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär
08.02.2026 18:12
3.7k+

Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär

Extreme Networks kompaniýasynyň tehniki direktory we emeli aň ugrunyň ýolbaşçysy Nabil Buhariniň ähli duşuşyklara ýetişmek üçin öz ýene bir nusgasynyň gerekdigi hakyndaky aýdan degişmesi işgärleri tarapyndan derrew durmuşa geçirildi
Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..
08.02.2026 10:36
6.1k+

Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..

Ýakynda peýda bolan RentAHuman.ai hyzmaty internetde kän jedel döretdi. Ol emeli aň agentlerine neýroulgamlaryň ýerine ýetirip bilmeýän meselelerini çözmek üçin adamlary işe almaga mümkinçilik berýär. 2-nji fewralda işe başlan bu meýdança algoritmleriň eýeleri bilen iş gözleýjileriň arasynda baglaýjy halka bolup hyzmat edýär
Google Android smartfonlaryna faýllary AirDrop arkaly iPhone-a  gönümel ibermegi öwreder
08.02.2026 03:56
1.6k+

Google Android smartfonlaryna faýllary AirDrop arkaly iPhone-a gönümel ibermegi öwreder

2026-njy ýylda Quick Share funksiýasy Android smartfonlarynyň köpüsinden Apple-iň  enjamlaryna faýllary geçirmäge mümkinçilik berer diýip, Android platformasynyň inženerçilik işlenmeleri boýunça wise-prezidenti Erik Keý habar berýär
Excel boýunça çempionatda uly öwrülişik: Üç gezekki dünýä çempiony täjini elden gidirdi
08.02.2026 03:56
3.7k+

Excel boýunça çempionatda uly öwrülişik: Üç gezekki dünýä çempiony täjini elden gidirdi

Asly Irlandiýaly bolan Dirmid Erli Microsoft Excel boýunça dünýä çempiony boldy. Ol 2025-nji ýylyň çempionatynyň finalynda bu adyň üç gezekki eýesinden – awstraliýaly bäsdeşinden üstün çykdy. Bäsleşik 500 töweregi tomaşaçyny ýygnady
Spotify audio-kitaplar bilen adaty kitaplary utgaşdyrmaga mümkinçilik berer
07.02.2026 21:22
1.3k+

Spotify audio-kitaplar bilen adaty kitaplary utgaşdyrmaga mümkinçilik berer

Spotify öz hyzmatyna adaty – çap edilen görnüşdäki kitaplar bilen işlemegiň täze usulyny goşýar diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Platformanyň «Page Match» atly täze guraly ulanyja kitaby okan ýerinden başlap diňlemäge ýa-da diňlän ýerinden başlap okamaga mümkinçilik berýär
ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär
07.02.2026 20:27
3.8k+

ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär

Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi
YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy
06.02.2026 23:24
1.8k+

YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy

YouTube wideo hyzmaty emeli aňyň esasynda awtomatik dublýaž funksiýasy üçin birnäçe täzelenmeleri yglan etdi. Indi bu hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli we 27 dili goldaýar. YouTube 2024-nji ýylda emeli aň arkaly awtomatik ses bermek funksiýasyny tanyşdyryp, ony diňe synag toparyndaky awtorlar üçin elýeterli edipdi
Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär
05.02.2026 23:52
6.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi
Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi
05.02.2026 20:37
1.8k+

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör
Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy
05.02.2026 13:45
2.8k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy
Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar
05.02.2026 10:23
1.5k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi
Apple kompaniýasy iPhone Fold-dan soň ykjam «flip» eplenýän smartfonyny taýýarlaýar
03.02.2026 18:37
2.4k+

Apple kompaniýasy iPhone Fold-dan soň ykjam «flip» eplenýän smartfonyny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Fold-y 2026-njy ýylyň sentýabrynda hödürlemegi meýilleşdirýär. Şol bir wagtda kompaniýa çeýe enjamlaryň hataryny giňeltmegi, şol sanda kese şarnirli has ykjam «flip» modeliniň üstünde işlemegi hem göz öňünde tutýar
Dikuçaryň ganatyny uçuş wagtynda üýtgedýän nurbat synagdan üstünlikli geçdi
02.02.2026 21:53
4.7k+

Dikuçaryň ganatyny uçuş wagtynda üýtgedýän nurbat synagdan üstünlikli geçdi

Germaniýanyň awiasiýa we kosmos merkeziniň (DLR) alymlary dikuçaryň ganatyny göni uçuş wagtynda üýtgedýän täze nurbaty üstünlikli synagdan geçirdiler. Aerodinamiki turbadaky synaglar bu täze tehnologiýanyň dikuçar gonan wagty galmagaly 7 desibel azaldýandygyny we agram düşen wagty titremäni iki esse peseldýändigini subut etdi
Samsung Galaxy Buds 4 we 4 Pro modelleriniň bahasy hem-de aýratynlyklary mälim boldy
02.02.2026 19:23
2.6k+

Samsung Galaxy Buds 4 we 4 Pro modelleriniň bahasy hem-de aýratynlyklary mälim boldy

Aptivi neşiri Samsung kompaniýasynyň täze Galaxy Buds 4 we Galaxy Buds 4 Pro simsiz gulaklyklarynyň tehniki görkezijilerini hem-de bahasyny mälim etdi.  Maglumatlar Galaxy Buds programmasynyň iň täze nusgasynyň içki faýllaryny seljermek arkaly alyndy
Smartfonlaryň ortaça bahasy ilkinji gezek 400 dollardan geçdi
02.02.2026 16:26
3k+

Smartfonlaryň ortaça bahasy ilkinji gezek 400 dollardan geçdi

2025-nji ýylyň ahyrynda dünýäniň smartfon bazary täze enjamlaryň ortaça bahasy boýunça ilkinji gezek 400 dollar görkezijisinden geçdi. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň analitikleri habar berýär. Satuwyň mukdar taýdan ösüşi bary-ýogy 4% bolan hem bolsa, öndürijileriň umumy girdejisi rekord 135 mlrd dollara ýetdi
Ýaponiýada «akula hamly» uçar synagdan geçirildi
02.02.2026 15:46
4.9k+

Ýaponiýada «akula hamly» uçar synagdan geçirildi

Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligi (JAXA) uçarlaryň korpuslaryny gapyrga görnüşde reňklemek tehnologiýasyny işläp düzdi we ony synagdan geçirip başlady. Bu barada jaxa.jp saýty habar berýär. Akulanyň hamyny
Emeli aňyň indi öz sosial tory bar: botlar ol ýerde adamlaryň gybatyny edýärler
02.02.2026 10:07
2.4k+

Emeli aňyň indi öz sosial tory bar: botlar ol ýerde adamlaryň gybatyny edýärler

Emeli aňyň indi adamlardan özbaşdak, «içindäkini döküp» bilýän ýeri bar. Diňe EA agentleriniň özara gürrüňdeşligi üçin niýetlenen täze «Moltbook» sosial tory hut şu niýet bilen döredildi. Adamlara bolsa ol ýerde diňe keseden synlamak galýar
2900 dollarlyk Samsung Galaxy Z TriFold-yň ilkinji toplumy ABŞ-da 20 minutyň içinde satylyp gutardy
01.02.2026 22:25
5.3k+

2900 dollarlyk Samsung Galaxy Z TriFold-yň ilkinji toplumy ABŞ-da 20 minutyň içinde satylyp gutardy

Üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň ilkinji toplumy ABŞ-da bary-ýogy 20 minutyň içinde doly satylyp gutardy. Täze önüm şu hepdede resmi onlaýn dükanda we Samsung Experience firma nokatlarynda satuwa çykdy
Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»
30.01.2026 11:34
4.1k+

Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»

LG Electronics kompaniýasy Koreýanyň bazaryna kondisionerleriň täze LG Whisen Objet Collection Tower 1 we View 1 Pro modellerini çykardy. Enjamlar«AI Cold Free» tehnologiýasy bilen üpjün edilensoň, olar sowuk howany otagdaky adamlaryň üstüne gönümel üflemän, eýsem jaýy giňişleýin sowatmagy başarýar
Howa arkaly 120 Gbit/s: alymlar örän çalt işleýän simsiz maglumat ugradyş ulgamyny döretdiler
30.01.2026 03:15
2.7k+

Howa arkaly 120 Gbit/s: alymlar örän çalt işleýän simsiz maglumat ugradyş ulgamyny döretdiler

Irwaýndaky Kaliforniýa uniwersitetiniň (UC Irvine) barlagçylary maglumatlary sekuntda 120 Gbit (takmynan sekuntda 15 gigabaýt) tizlikde geçirmäge ukyply simsiz kabul ediji-geçirijini işläp düzdüler. Deňeşdirmek üçin: «Wi-Fi 7» ulgamynyň nazary taýdan iň ýokary çägi 30 Gbit/s töweregi, «5G mmWave» aragatnaşyk ulgamynyňky bolsa 5 Gbit/s çenli ýetýär
Şanhaýda robotlar üçin bogun öndürýän dünýäde ilkinji zawod açyldy
30.01.2026 03:01
1.7k+

Şanhaýda robotlar üçin bogun öndürýän dünýäde ilkinji zawod açyldy

Şanhaýda adamşekilli robotlar üçin elleriň, aýaklaryň we beýleki «beden agzalarynyň» hereketine jogap berýän bogunlary öndürmäge ýöriteleşdirilen dünýäde ilkinji zawod işe girizildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär
Singapur emeli aňy ösdürmek üçin 786 million dollardan gowrak serişde sarp eder
29.01.2026 19:40
4.6k+

Singapur emeli aňy ösdürmek üçin 786 million dollardan gowrak serişde sarp eder

Singapur emeli aň ulgamynda gözlegleri we işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmegiň Milli meýilnamasyna (NAIRD) 1 mlrd Singapur dollaryndan ($786 mln) gowrak serişde gönükdirer. Bu barada Singapuryň Sanly ösüş we maglumat ministrligi (MDDI) habar berýär diýip, Channel News Asia belleýär
Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy
29.01.2026 13:43
2.1k+

Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy

Italiýada maglumatlary işläp taýýarlamakda energiýa sarp edilişini sanly çözgütler bilen deňeşdirilende 5000 essä çenli azaldýan analog prosessoryň prototipi işlenip düzüldi. Milanyň politehniki uniwersitetiniň barlagçylarynyň TechXplore neşirine beren maglumatyna görä, bu enjam robototehnika we emeli akyl ulgamlary üçin niýetlenendir
Nvidia howa ýagdaýyny iki hepde öňünden takyk çaklaýan emeli aň ulgamyny döretdi
29.01.2026 09:53
2.9k+

Nvidia howa ýagdaýyny iki hepde öňünden takyk çaklaýan emeli aň ulgamyny döretdi

Nvidia kompaniýasy howa şertlerini iki hepde öňünden takyk çaklamak üçin niýetlenen, açyk kodly "Earth 2" ulgamyny işe girizdi. Bu platforma meteorologik maglumatlaryň işlenilmegini çaltlaşdyrmak üçin birnäçe emeli aň modelini özünde jemleýär
Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi
29.01.2026 07:04
2.2k+

Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi

Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy
Bu-da emeli aň sebäpli: App Store-da täze iOS goşundylarynyň sany 60 göterim ýokarlandy
28.01.2026 19:24
2.3k+

Bu-da emeli aň sebäpli: App Store-da täze iOS goşundylarynyň sany 60 göterim ýokarlandy

Birnäçe ýyllap dowam eden durgunlykdan soň, «App Store» dükanynda täze goşundylaryň sanynyň çalt depginler bilen artýandygy hasaba alyndy. Sensor Tower we Wells Fargo Securities kompaniýalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda täze iOS goşundylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterim artdy
Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar
28.01.2026 16:58
6.3k+

Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär. Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi
Hytaýda robot-it −30 °C sowukda we boýy 4 metre ýetýän garda synagdan geçirildi
28.01.2026 11:48
7.6k+

Hytaýda robot-it −30 °C sowukda we boýy 4 metre ýetýän garda synagdan geçirildi

Deep Robotics kompaniýasy LYNX M20 robot-itini Hytaýyň demirgazygyndaky örän sowuk gyş şertlerinde synagdan geçirdi.  RIA Nowosti-niň habar bermegine görä, synaglar Içki Mongoliýanyň Hulun-Buir şäher sebtinde bolup geçdi
Ulanylan ösümlik ýagyny plastmassa öwürdiler
27.01.2026 18:35
3.1k+

Ulanylan ösümlik ýagyny plastmassa öwürdiler

Halkara alymlar topary ulanylan ösümlik ýagyny gaýtadan işläp, häsiýetleri boýunça adaty polietilene meňzeş bolan plastmassany almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Barlagyň netijeleri Journal of the American Chemical Society žurnalynda çap edildi
Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar
26.01.2026 04:09
5.2k+

Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar

Hytaýda çeýe elektronikanyň geljekdäki köpçülikleýin önümçiligi üçin esas döredildi. Taslamany düzüjiler inçejik çeýe sapak görnüşinde mikroshema taýýarladylar. Geljekde şeýle sapaklardan hasaplamalary ýerine ýetirip, neýroulgamlar bilen işläp we maglumatlary görkezip biljek matalary dokap bolar
Google-ň gözlegi: Kompaniýa Gmail we Photos-daky faýllary «dörjeläp» bilýän «Şahsy aňy» synagdan geçirýär
25.01.2026 18:18
1.1k+

Google-ň gözlegi: Kompaniýa Gmail we Photos-daky faýllary «dörjeläp» bilýän «Şahsy aňy» synagdan geçirýär

Google kompaniýasy özüniň gözleg ulgamynda täze «Personal Intelligence» (Şahsy aň) funksiýasyny synag edip başlady. Bu täzelik emeli aňa Gmail we Google Photos (Google Suratlar) goşundylardaky maglumatlary seljermäge, şonuň esasynda-da ulanyja has takyk we şahsy jogaplary bermäge mümkinçilik döredýär
Kosmos enjamlary wibrasiýany, ýeli we kosmonawtlaryň hereketini elektrik energiýa öwürmegi öwrener
24.01.2026 13:57
1.8k+

Kosmos enjamlary wibrasiýany, ýeli we kosmonawtlaryň hereketini elektrik energiýa öwürmegi öwrener

Halkara alymlar topary kosmos apparatlaryny we skafandrlary awtonom ýagdaýda energiýa bilen üpjün etmek üçin triboelektrik nanogeneratorlary (TENG) ulanmak konsepsiýasyny hödürledi. Bu barlag Luleo tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halifa Uniwersitetiniň we Kembrij uniwersitetiniň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar
24.01.2026 09:13
2.5k+

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar

Türkmenistanda emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek üçin kadalaşdyryjy binýady döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem degişli subýektleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek baradaky teklip hödürlenildi
Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär
23.01.2026 20:24
2.5k+

Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär

Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) alymlary özbaşdak hereket edýän we zatlary gapjap tutup bilýän robot eli döretdiler. Biraz möýi ýatladýan robot esasy manipulýator golundan «gopup», elýeterden uzakdaky ýerlere ýetip, zerur zatlary «ele salyp», yzyna gaýdyp bilýär
Portugaliýa dünýäde ilkinji 1 MWt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasyny gurar
23.01.2026 15:48
4.4k+

Portugaliýa dünýäde ilkinji 1 MWt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasyny gurar

Portugaliýada dünýäde ilkinji 1 megawatt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilýär. Taslama ýurduň demirgazyk kenarynda ýerleşer.  Desganyň gurluşygy amatly tolkun şertleriniň bardygy  tassyklanandan we meýdançanyň taslamasy jikme-jik işlenip düzülenden soň başlandy, - diýip, Interesting Engineering habar berýär
Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi
19.01.2026 15:08
3.5k+

Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi

Täze robot söhbetdeşiniň ýüz keşbiniň nähili boljakdygyny öňünden duýýar we 11 dilde dodak hereketlerini gaýtalaýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary robotlara adamyň başdan geçirip duran ýagdaýyndaky dodak we ýüz hereketlerini sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürlediler