Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
19.11.2025 12:11
2.9k+
Melburnda 374 sany wolynkaçy meşhur AC/DC sazyny çalyp, rekord goýdy
Awstraliýanyň Melburn şäherinde bir wagtyň özünde 374 sany wolynkaçy AC/DC-iň “It’s a Long Way to the Top” aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord bolgariýaly 333 sazanda degişli bolup, 2012-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi diýip, APNews habar berýär
19.11.2025 12:05
2.3k+
Örän seýrek Audemars Piguet jübi sagady Sotheby's-de auksiona çykarylar
Sotheby’s auksion öýi markanyň mälim bolan modelleriniň iň çylşyrymlysy, şahsy kolleksiýada saklanýan örän seýrek Audemars Piguet Grosse Pice jübi sagadyny auksiona çykarar. Important Watches auksiony 2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Nýu-Ýork şäherinde, taryhy Breuer Building binasynda geçer
19.11.2025 10:27
1.4k+
The Game Awards 2025 baýragyna dalaşgärler yglan edildi
The Game Awards baýragynyň prodýuseri we alypbaryjysy Jeff Kili 2025-nji ýylyň baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Resmi saýtda eýýäm halaýan oýnuň üçin ses berip bolýar. Clair Obscur: Expedition 33 12 kategoriýada dalaşgär bolup, baýragyň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen oýun boldy
19.11.2025 10:24
4.8k+
Disney “Moana” boýunça düşürilen filmiň ilkinji tizerini hödürledi
Disney “Moananyň” oýun remeýkiniň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda daşary ýurt prokatyna çykar. Filmde baş keşbi kinoda ilkinji gezek çykyş edýän 17 ýaşly Ketrin Lagaýýa ýerine ýetirdi
19.11.2025 10:19
1.2k+
Samsung EA-ny çagyrmak düwmesi bilen “akylly” klawiaturany hödürledi
Samsung kompaniýasy Galaxy enjamlary – smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin simsiz “akylly” klawiaturany çykardy. Samsung Smart Keyboard aýratyn sanly blogy bolmadyk we birikmek üçin Bluetooth ulanýan ykjam QWERTY klawiaturasydyr
19.11.2025 10:18
676
Meta kompaniýasy Reels-i plagiatdan goramak üçin täze gural döretdi
Meta kompaniýasy Facebook-da Reels awtorlaryna öz wideolaryny awtoryň rugsady bolmazdan beýleki ulanyjylaryň ulanmagyndan goramaga kömek edýän täze Facebook Content Protection guralyny hödürledi. Haçan-da ulgam
19.11.2025 09:52
2.4k+
Huawei Mate 80 smartfon hatarynyň suratlary resmi premýeradan öň internetde görkezildi
Huawei kompaniýasy Mate 80 hatarynyň 25-nji noýabrda hödürlenjekdigini resmi taýdan tassyklady. Şol gün kompaniýa Mate X7 eplenýän smartfonynyň täzelenen görnüşini hem görkezer. Şeýle-de, kompaniýa ilkinji tizeri hödürledi – suratda iki uly tegelek bolup, ol Mate 80-iň kamera modulynyň dizaýnyny we yzky paneldäki magnit elementini ýatladýar
19.11.2025 09:47
3k+
“Awatar: Ot we kül” filminiň ahyrky treýleri çykdy
Disney “Awatar: Ot we kül” (Avatar: Fire and Ash) blokbasteriniň ahyrky treýlerini hödürledi. Jeýms Kemeronyň epiki franşizasynyň üçünji bölümi 19-njy dekabrda dünýä prokatyna çykar. Täze filmde Jeýk Salli (Sem Uortington) we onuň maşgalasy Pandorada ýaşaýan Kül halky bilen ýüzbe-ýüz bolar
18.11.2025 18:09
3.2k+
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino günleri geçirildi
Daşkentde Milli Kino köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ylmy hem medeni toparlarynyň wekilleriniň, sungat işgärleriniň we ýaş ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň çäginde türkmen we özbek filmleriniň görkezilişi bolup geçdi
18.11.2025 17:00
5.1k+
iPhone Air 2 2027-nji ýylyň ýazyndan ir çykmaz
Apple kompaniýasy iPhone Air 2 smartfonyny 2027-nji ýylyň ýazynda çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Smartfon kompaniýanyň ultra inçe smartfonlarynyň hataryny dowam etdirer we Apple-iň ilkinji 2 nanometrlik platformasyna eýe bolar
18.11.2025 11:31
11k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (17.11 - 23.11)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar
18.11.2025 11:18
2.2k+
“Garri Potteriň” ýyldyzy Alan Rikmanyň şahsy goşlary auksiona çykarylar
“Garri Potterden” Sewerus Sneýpiň keşbi bilen has tanalýan aktýor Alan Rikmanyň şahsy goşlary Londondaky Propstore auksionyna çykarylar. The Guardian neşiri olaryň arasynda “Ýanbermez” (Крепкий орешек) we “Garri Potter” filmleriniň ssenarileriniň hem bardygyny habar berýär
18.11.2025 11:14
3.3k+
Mask Grok 5-iň çykmagyny geljek ýyla süýşürdi. EA-ny adam derejesine ýetirmek meýilleşdirilýär
Ilon Mask xAI startapynyň Grok çat-botunyň täze wersiýasy bolan Grok 5-iň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2025-nji ýylyň ahyrynda däl-de, indiki ýylyň birinji çärýeginde çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, goşmaça okuwlardan soň täzelenen model ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, hatda 10% ähtimallyk bilen adam aňynyň derejesine ýetip biler
18.11.2025 11:13
2.1k+
Grokipedia işe girizilenden tiz wagtdan soň gyzyklanmanyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy
Ilon Maskyň oktýabrda işe girizilen Grokipedia onlaýn ensiklopediýasy auditoriýanyň uly bölegini derrew ýitirdi. Gysga wagtyň içinde saýtyň iň ýokary trafigi 90%-den gowrak azaldy. Similarweb-iň maglumatlaryna görä, ABŞ-da saýta girýänleriň iň ýokary derejesi 28-nji oktýabrda boldy we 460 000-den gowrak giriş hasaba alyndy, ýöne häzir saýta günde, takmynan, 30 000 adam girip görýär
18.11.2025 11:01
3.5k+
“Aldaw illýuziýasy 3” ilkinji uikendde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy
“Aldaw illýuziýasy 3” (Иллюзия обмана 3) filmi ilkinji dynç günleri 75,5 mln dollar ýygnap, dünýäde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy. Gözbagçy talaňçylar baradaky waka Demirgazyk Amerika bazarynda 21,3 mln dollar, beýleki sebitlerde 54,2 mln dollar gazandy
18.11.2025 09:22
3.6k+
Tom Kruza kinematografa goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragy berildi
Amerikaly aktýor Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny aldy. Bu barada Amerikan kinosungat akademiýasyna salgylanyp, Variety neşiri habar berýär. Kruza heýkeli amerikaly režissýor Alehandro Gonsales Inýarritu gowşurdy
17.11.2025 14:19
1.9k+
“Astral-6” filmi düşürilip tamamlandy: ol 2026-njy ýylyň awgustynda ekrana çykar
“Astral-6” filminiň düşürilişi tamamlandy. Bu barada režissýor Jeýkob Çeýz sosial ulgamlarda habar berip, aktýorlar düzümine we düşüriji topara bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Sýužet barada maglumatlar entek gizlin saklanýar, ýöne bu gezek wakanyň üns merkezinde arwahdyr jynlary öwreniji Elis Raýneriň boljakdygy belli
17.11.2025 13:39
4.7k+
Mask: Ýene-de 20 ýyldan adamlar aňlaryny robotlara geçirip bilerler
Tesla we Neuralink kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask takmynan 20 ýyldan soň adamlaryň öz "menini" — ýatlamalaryny, başarnyklaryny we duýgularyny — androide geçirip biljekdigini çaklady. Onuň sözlerine görä, bu iki taslamanyň: Neuralink-iň neýrointerfeýsleriniň we Tesla-nyň Optimus gumanoid robotlarynyň utgaşdyrylmagy arkaly gazanylar
17.11.2025 13:32
2.7k+
"Melgun Prada geýýär" filminiň dowamynyň tizer treýleri çykdy
20th Century Studios-yň YouTube kanalynda “Melgun Prada geýýär 2” filminiň ilkinji tizer treýleri çykdy. Filmiň kinoteatrlardaky görkezilişi 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilýär. Täze film Dewid Frenkeliň meşhur komediýasynyň dowamy bolar
17.11.2025 13:20
5k+
Kim Kardaşýanyň "Skims" brendi 5 milliard dollara durýar
Kim Kardaşýanyň Skims egin-eşik brendi maýa goýumlaryň täze tapgyrynda 225 million dollar toplady. Reuters habarlar gullugynyň habaryna görä, bu şertnamadan soň kompaniýanyň bahasy 5 milliard dollara galdy. Habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, Skims häzirki wagtda bazar kapitalizasiýasy takmynan 2,86 milliard dollar bolan esasy bäsdeşi Victoria's Secret-den takmynan iki esse gymmat
17.11.2025 13:03
1.6k+
“Super Mario” multfilminiň dowamynyň treýleri çykdy
Nintendo-nyň resmi YouTube kanalynda "Doganlar Super Mariolar Galaktikada" (The Super Mario Galaxy Movie) multfilminiň treýleri çykdy. Meşhur animasiýa blokbasteriniň dowamy 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Film 2007-nji ýylda Wii konsolynda çykan Super Mario Galaxy wideo oýnunyň motiwlerine esaslanýar
17.11.2025 12:56
5.8k+
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda b.e. öňki V–III asyrlara degişli ýüzlerçe gadymy mazar tapyldy
Hytaýly arheologlar Şensi welaýatynyň Sian şäherinde 566 sany gadymy mazary tapdylar. Olaryň aglabasy Söweşýän Şalyklar döwrüne — biziň eýýamymyzdan öňki V–III asyrlara, entek Hytaýyň imperator Sin Şihuandiniň hökümdarlygynyň astynda birleşmezden ozalky döwre degişlidir
17.11.2025 12:31
3.5k+
Teýlor Swift Madonnadan öňe geçip, taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy boldy
Teýlor Swift ChartMasters-iň wersiýasy boýunça iň üstünlikli aýdymçylaryň sanawynda Madonnadan öňe geçip, bäşinji orny eýeledi. Bu ony aýdym-saz satuwynyň göwrümi boýunça taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy (ýa-da iň köp satylan zenan aýdymçy) edýär
17.11.2025 12:27
1.1k+
"Google Suratlar" indi äýnegi aýryp, suratlardaky ýüz keşbi üýtgedip biler
Google kompaniýasy täze EA mümkinçilikleri bolan “Google Suratlar” programmasyna täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar fotosuratlardaky detallary redaktirläp bilerler, mysal üçin äýnekleri aýryp, ýylgyryş goşup ýa-da suratdaky adam surata düşen wagty gözüni ýuman bolsa, ony açyp biler
17.11.2025 11:25
2.9k+
Sabrina Karpenter "Alisa Täsinlikler dünýäsinde" kinomýuziklinde baş keşbi janlandyrar
Amerikaly aktrisa we aýdymçy Sabrina Karpenter “Alisa Täsinlikler dünýäsinde” («Алиса в Стране чудес») atly kinomýuziklde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada Variety habar berýär. Filmi Universal Pictures tarapyndan döredilýär
17.11.2025 10:55
4.2k+
Ýaşlaryň 141-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri boldular
16-njy noýabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär
17.11.2025 10:03
6.5k+
Kristofer Nolan “Odisseýany” düşürmek üçin 600 km-den gowrak plýonka ulandy
Kristofer Nolanyň geljekki “Odisseýa” filmini düşürmek üçin 2 million futdan gowrak plýonka gerek boldy – bu, takmynan, 609,6 kilometre barabar diýip, Rolling Stone habar berýär. Filmiň düşürilişiniň köp bölegi açyk deňizde geçirildi
16.11.2025 23:10
10k+
Şweýsariýaly daýwer buz astyna 56 metr çuňluga çümüp, rekord goýdy
Şweýsariýaly daýwer Waldemar Bruderer demini saklap, buz astyna çuňluga çümmek boýunça rekord goýdy. Ol ýörite esbap we gidrokostýum bolmazdan 56 metr çuňluga ýetdi diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi
16.11.2025 22:56
1.2k+
Pixar “Oýunjaklaryň taryhy 5-iň” ilkinji tizer-treýlerini çykardy
Pixar studiýasynyň resmi YouTube-kanalynda “Oýunjaklaryň taryhy 5” multfilminiň ilkinji tizer-treýleri goýberildi. Film 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda dünýä derejesinde çykarylar. Gysga rolikde tomaşaçylara täze gahryman - Lilipad atly planşet hödürlendi
16.11.2025 22:48
3.8k+
Apple we dizaýner Isseý Miýake adaty bolmadyk iPhone-lar üçin adaty bolmadyk daşlyk-haltajyk döretdiler
Apple ýapon dizaýneri Isseý Miýake bilen hyzmatdaşlykda iPhone üçin özboluşly, torly torbany ýatladýan iPhone Pocket daşlyk-haltajygyny çykardy. Aksessuaryň dizaýny modelýeriň “mata bölegi” (a piece of cloth) - dürli görnüşde göterip boljak ýönekeý, köp taraply we üýtgäp bilýän zat hakyndaky düşünjesinden ylhamlanýar
16.11.2025 22:38
1.3k+
Kolin Farrell doganlar Russonyň täze ekşn-trillerinde ruhanynyň keşbini oýnar
Irlandiýaly aktýor Kolin Farrell (“Inişeriniň banşisi”, “Pingwin”) “Ordained” ekşn-trillerinde ruhanynyň keşbini ýerine ýetirer. Film bilen “Ar alyjylaryň” birnäçe bölüminiň üstünde işlän doganlar Russolar meşgullanýar diýip, Deadline neşiri habar berýär
16.11.2025 21:39
2.8k+
Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” romanynyň ekranlaşdyrmasy dünýä prokatyna çykdy
14-nji noýabrda Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” (Бегущий человек) romany boýunça düşürilen adybir filmiň global premýerasy boldy. Film eýýäm ABŞ-da, Kanadada we başga birnäçe ýurtda görkezilýär. Filmiň sýužeti antiutopik totalitar ABŞ-da ýaşaýan Benjamin Riçards barada gürrüň berýär
16.11.2025 21:32
2.3k+
Call of Duty: Black Ops 7 çykdy
14-nji noýabrda Activision kompaniýasynyň Call of Duty oýnunyň täze bölümi Call of Duty: Black Ops 7 çykdy. Oýun PK-da we konsollarda elýeterli, şeýle-de PC Game Pass we Game Pass Ultimate ýazylyşyklaryna goşuldy
16.11.2025 21:17
1.1k+
Disney ulanyjylar üçin emeli aň kontentini döretmek funksiýasyny taýýarlaýar
Disney wideo döretmek üçin öz neýroulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ol Disney+ ulanyjylaryna kontent döretmek mümkinçiligini berer. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Bob Aýger maliýe ýylynyň jemi boýunça konferensiýa jaňynda habar berdi diýip, The Hollywood Reporter belleýär
16.11.2025 19:00
4.7k+
Heýkeltaraş Babasary Annamyradow "Geljegiň mirasy" halkara baýragynyň eýesi boldy
Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» (“Келажак мероси”) halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Baýragy gowşurmak dabarasy Daşkent şäherindäki Yslam medeniýetiniň merkezinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi
16.11.2025 18:40
1.1k+
Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde arheologiýa boýunça halkara kongrese gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň işine gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşirinde habar berilýär
16.11.2025 17:15
7.7k+
Tibetde 416 ýaşly üzüm çybygy ösýär: Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Tibetde tapylan 416 ýaşly üzüm agajy dünýäde iň gadymysy diýlip ykrar edildi. Ösümlik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Uzak ýaşan bu agaç Gündogar Tibet daglarynda, Dzogang etrabynyň Zuoba obasynda, 2400 metr belentlikde ýerleşýär
16.11.2025 16:59
5.6k+
Rouen Atkinsonyň baş keşpde düşen “Çaga bilen uly adamyň garşylygy” gülküli serialynyň treýleri çykdy
Netflix "Çaga bilen uly adamyň garşylygy" (Man vs Baby) mini-serialyň ilkinji treýlerini çykardy. Bu "Ary bilen adamyň garşylygy" komediýasynyň dowamydyr. Ilkinji görkezilişi 11-nji dekabrda meýilleşdirilýär. Baş keşbi ýene Rouen Atkinson ýerine ýetirdi
16.11.2025 12:39
3.8k+
Aşgabatda Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi
15-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi. Soňky dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýän bu çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti we ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraldy
16.11.2025 11:18
2.1k+
ChatGPT-de toparlaýyn çatlar peýda boldy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de toparlaýyn çatlary synagdan geçirmäge başlady. Täze funksiýa EA bilen söhbetdeşlige dostlaryňy, garyndaşlaryňy ýa-da kärdeşleriňi goşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ol Ýaponiýadaky, Günorta Koreýadaky we Taýwandaky ulanyjylar üçin elýeterlidir
«
1
…
50
51
52
…
276
»
«
1
…
47
48
49
50
51
52
53
54
55
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.