Ylym we tehnika

OpenAI gumanoid robotlary işläp taýýarlamak bilen meşgullanar we eýýäm hünärmenleri gözläp başlady
20.09.2025 06:52
1k+

OpenAI gumanoid robotlary işläp taýýarlamak bilen meşgullanar we eýýäm hünärmenleri gözläp başlady

OpenAI kompaniýasy robot tehnikasy, şol sanda gumanoid ulgamlaryň üstünde işlemek boýunça täze topary döredýär döredýär. Bu barada Wired habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa robotlary dolandyrmak ugrunyň hünärmenlerini işjeň işe alýar
Borty syçanly, siňekli we kömelekli hemra kosmosda 30 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi
20.09.2025 06:24
9.2k+

Borty syçanly, siňekli we kömelekli hemra kosmosda 30 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi

Bortunda janly organizmler bolan “Bion-M” № 2 hemrasy kosmosda 30 gün bolandan soň Russiýanyň Orenburg sähralaryna gondy. “Roskosmos” gonuş ýerinden kadrlary hödürledi. Bortda 75 syçan, 1,5 müň töweregi siňek, öýjükli kulturalar, ösümlikler (kalendula, ehinaseýa, moh), däneli, däne kösükli we senagat ekinleriniň nusgalary bardy
Beýik Britaniýada ilkinji kremniý çipli kwant kompýuteri işläp başlady
19.09.2025 14:57
3.8k+

Beýik Britaniýada ilkinji kremniý çipli kwant kompýuteri işläp başlady

Britaniýanyň Quantum Motion startapy pudakda ilkinji kremniý CMOS çiplerinde kwant kompýuteriniň işläp başlandygyny habar berdi. Onuň prosessorlary ýarym geçirijileriň pudagynda ulanylýan adaty 300-mm plastinalary bilen klassyk tehnologiýalar boýunça döredilýär
NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar
18.09.2025 10:47
2.1k+

NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar

NASA 10 gün dowam etjek we Aýa uçuşyň dowamynda geçjek Artemis II missiýasynyň çäklerinde AVATAR (A Virtual Astronaut Tissue Analog Response) synagyny geçirer. Synaglaryň dowamynda “çipdäki beden agzalary” - Artemis II-niň astronawtlarynyň süňk ýiliginiň öýjüklerini öz içine alýan fleşkanyň ölçegindäki enjamlar ulanylar
Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy
16.09.2025 19:57
7.7k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy
Astronomlar “gara ýyldyzlaryň” bardygynyň alamatlaryny tapdylar
15.09.2025 18:02
5.7k+

Astronomlar “gara ýyldyzlaryň” bardygynyň alamatlaryny tapdylar

Maks Plankyň astronomiýa institutynyň (MPIA) astronomlary irki Älemde "gara ýyldyzlar" diýilýänleriň bardygynyň alamatlaryny habar berdiler. Bu obýektler käbir gadymy galaktikalaryň adatdan daşary uly massasyny we gara girdaplaryň çalt ösüşini düşündirip bilerdi
Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy
15.09.2025 17:55
4.5k+

Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy

Ýerdäki çöllerde tapylan Chroococcidiopsis görnüşli sianobakteriýalar Aý we Mars topragynda ýaşamaga ukyplydygyny görkezdiler. Italiýanyň kosmos gullugynyň (ASI) barlagçylary ReBUS taslamasynyň çäklerinde şeýle netijä geldiler
Hytaý alymlary ilkinji gezek dinozawr ýumurtgalarynyň takyk ýaşyny kesgitledi
15.09.2025 09:54
5.6k+

Hytaý alymlary ilkinji gezek dinozawr ýumurtgalarynyň takyk ýaşyny kesgitledi

Hytaý alymlary ilkinji gezek ýurduň merkezi böleginde tapylan dinozawrlaryň ýumurtgalarynyň ýaşyny takyk kesgitlemegi başardy. Science XXI neşiriniň maglumatlaryna görä, täze çemeleşme hek döwrüniň klimatyny has çuň öwrenmäge mümkinçilik berer
NASA Perseverance-yň tapyndysyny Marsdaky ýaşaýşyň iň ygtybarly subutnamasy diýip atlandyrdy
15.09.2025 09:50
2.9k+

NASA Perseverance-yň tapyndysyny Marsdaky ýaşaýşyň iň ygtybarly subutnamasy diýip atlandyrdy

NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy tarapyndan ýygnalan nusga gadymy mikrob durmuşynyň yzlaryny saklap biler. Bu barada 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Nature žurnalynda neşir edilen NASA-nyň ylmy gözleginde aýdylýar
Hytaý alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen maýmynlaryň garramagyny haýallatdy
15.09.2025 09:48
1.8k+

Hytaý alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen maýmynlaryň garramagyny haýallatdy

Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň geçiren ylmy gözlegleri adamyň genetiki taýdan güýçlendirilen sütün öýjükleriniň maýmynlarda garrama alamatlaryny haýalladyp biljekdigini görkezdi. Netijeler Cell žurnalynda neşir edildi
Hytaýly biologlar 36 petabaýtlyk maglumaty saklamak üçin “DNK- kassetany” döredýärler
14.09.2025 23:25
3.7k+

Hytaýly biologlar 36 petabaýtlyk maglumaty saklamak üçin “DNK- kassetany” döredýärler

Guandunyň Günorta ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary sanly maglumatlary saklamagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar 1980-nji ýylyň äheňindäki ýüzüne dezoksiribonuklein kislotasynyň sintetiki molekulalary çap edilen plastik lentany öz içine alýan "DNK-kassetany" işläp taýýarladylar
Beýik Britaniýada 241 million ýyl ozal ýaşap geçen hažžyklaryň gadymy garyndaşy tapyldy
14.09.2025 23:22
5.2k+

Beýik Britaniýada 241 million ýyl ozal ýaşap geçen hažžyklaryň gadymy garyndaşy tapyldy

Beýik britaniýaly alymlar, takmynan, 241 million ýyl ozal Angliýanyň günorta-günbataryndaky kenarda ýaşap geçen gadymy süýrenijileriň galyndylaryny tapdylar. Nätekiz dişli kiçijik jandar lepidozawr toparyna - häzirki zaman hažžyklarynyň, ýylanlaryň we adaty bolmadyk Täze Zelandiýa gatteriýalarynyň ata-babalaryna degişlidir
Tozganyň üflenişine ylmy makala bagyşladylar
14.09.2025 20:01
1.8k+

Tozganyň üflenişine ylmy makala bagyşladylar

Näme üçin tozganyň tohumlary sürtülmä garşy durup bilýär-de, şemalyň güýjüne aňsatlyk bilen uçup gidýär? Alymlar bu sowala jogap tapmak üçin tutuş bir barlag geçirdiler we netijede ýeliň ugruna baglylykda, tohumy boşatmak üçin zerur güýjüň 100 gezekdenem köp üýtgäp biljekdigini anykladylar
ABŞ-da ilkinji gezek hemra bilen uçup barýan uçaryň arasynda lazer aragatnaşygyny barlap gördüler
13.09.2025 15:46
6.9k+

ABŞ-da ilkinji gezek hemra bilen uçup barýan uçaryň arasynda lazer aragatnaşygyny barlap gördüler

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ilkinji gezek uçup barýan uçar bilen Ýeriň pes orbitasyndaky emeli hemranyň arasynda lazer aragatnaşyk ulgamynyň synaglaryny geçirdi. Synag wagtynda 1 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligi bilen durnukly aragatnaşygy üpjün etmek başartdy
Gruziýada ösümlikleriň iýmitden başga maksatlar üçin ulanylyşynyň iň gadymy yzlary tapyldy
13.09.2025 14:53
1.5k+

Gruziýada ösümlikleriň iýmitden başga maksatlar üçin ulanylyşynyň iň gadymy yzlary tapyldy

Arheologlar Gruziýadaky gowakda ösümlikleriň iýmit üçin däl-de, boýag hökmünde ulanylandygynyň ilkinji göni subutnamalaryny tapdylar. Ýaşy 32000 - 34000 ýyl bolan daş üweýji gurallarda indigoferanyň yzlary tapyldy diýip, Arkeonews ýazýar
NASA-nyň täze tejribesinde 4 meýletinçi bir ýylyny Marsyň “simulyatorynda” geçirer
11.09.2025 21:21
6.7k+

NASA-nyň täze tejribesinde 4 meýletinçi bir ýylyny Marsyň “simulyatorynda” geçirer

NASA Marsyň barlag bazasyny simulýasiýa edýän gurşawda adamlary izolirlemek boýunça tejribeleriniň ikinji tapgyryny geçirer. 19-njy oktýabrda dört meýletinçi Hýustonyň Jonson adyndaky Kosmos merkeziniň Mars Dune Alpha barlaghanasyna ugrar
“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy
11.09.2025 19:53
7.9k+

“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy

TRAPPIST-1 ýyldyz ulgamyna girýän TRAPPIST-1e ekzoplanetasynda ýaşaýyş üçin laýyk gelýän şertler bolup biler. Bu barada “Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan alnan täze maglumatlara salgylanyp, NewScientist neşiri habar berýär
Tencent bir suratyň kömegi bilen 3D dünýäsini döretmek üçin EA modelini çykardy
11.09.2025 00:17
2.3k+

Tencent bir suratyň kömegi bilen 3D dünýäsini döretmek üçin EA modelini çykardy

Hytaýyň Tencent kompaniýasy bir suratyň esasynda 3D effektli wideolary döretmäge mümkinçilik berýän Hunyuan World-Voyager açyk EA modelini hödürledi. Algoritm bir suraty alyp, 49-a çenli yzygiderli kadr döredýär, bu iki sekuntlyk wideo deňdir
Hytaý asteroidi urup, planetany goramak tehnologiýasyny iş ýüzünde barlamak isleýär
09.09.2025 13:07
6.6k+

Hytaý asteroidi urup, planetany goramak tehnologiýasyny iş ýüzünde barlamak isleýär

Hytaý Ýeri kosmos howplaryndan goramak tehnologiýasynyň netijeliligini barlamak üçin, asteroidi urmak boýunça görkezme missiýasyny taýýarlaýar. Bu barada Hytaýyň Aý maksatnamasynyň baş inženeri Wu Weýžen çuň kosmos boýunça maslahatda aýtdy
SpaceX Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny 120-ä çenli artdyrmaga rugsat aldy
08.09.2025 13:21
3k+

SpaceX Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny 120-ä çenli artdyrmaga rugsat aldy

SpaceX Floridadaky Kanaweral burnundan Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny ep-esli artdyryp biler. ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) ekologiýa synyny tamamlady, bu hem kompaniýa uçuşlaryň sanyny ýylda 50-den 120-ä çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi diýip, TechCrunch habar berýär
Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar
08.09.2025 13:16
3.6k+

Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar

Alymlar suw buzy epilende elektrik togunyň çykýandygyny ýüze çykardylar. Fleksoelektrik täsiri diýlip atlandyrylýan bu hadysa dürli temperaturalarda syn edildi. Bu açyş çabga bulutlarynda ýyldyrymyň nähili emele gelýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär
Hytaýda kosmos üçin kir ýuwujy maşynyň taslamasyny işläp düzdüler
07.09.2025 18:59
3.8k+

Hytaýda kosmos üçin kir ýuwujy maşynyň taslamasyny işläp düzdüler

Orbitada hepdeläp işleýän kosmonawtlar üçin kir ýuwmak işi iň kyn meseleleriň biri bolmagynda galýar: suw üpjünçiliginiň çäkliligi we enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli, eşikler gaty hapa bolýança geýilýär we soň zyňylýar
Gadymy ýantar daşynda “şahly” garynjalaryň täze görnüşi tapyldy
07.09.2025 18:54
5.6k+

Gadymy ýantar daşynda “şahly” garynjalaryň täze görnüşi tapyldy

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň alymlary Baltika ýantarynda garynjanyň, takmynan, 37 million ýyl ozal ýaşap geçen näbelli görnüşini tapdylar. Nusga Kaliningrad oblastynyň çäginde tapyldy we ol ganatly ene garynjadyr diýip, TechInsider habar berýär
Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi
06.09.2025 17:40
3.9k+

Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi

Moskwanyň fiziki-tehniki institutyndan (MFTI) rus fizik-teoretikleri Älemimiziň geljegini çaklamak üçin täze matematiki gural döretdi. Ol kosmos masştabynda kwant meýdanlarynyň özüni nähili alyp barýandygyny beýan edýär we Äleme giňelmek şertlerinde nämäniň garaşýandygyna düşünmäge kömek eder
Nanotehnologiýa pudagyndaky patentleriniň sany boýunça Hytaý dünýäde birinji ýerde durýar
05.09.2025 17:25
3.7k+

Nanotehnologiýa pudagyndaky patentleriniň sany boýunça Hytaý dünýäde birinji ýerde durýar

2000-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli dünýäde nanotehnologiýa pudagynda 1,07 milliondan gowrak patent hasaba alyndy. Şolaryň 464 müň sanysy Hytaýda hasaba alyndy. Şeýle maglumatlar Pekindäki Nanotehnologiýa forumynda neşir edilen “Hytaýyň nanotehnologiýa senagaty 2025” atly Ak kitapda getirilýär
Gonkongly talyplar “Gün mobilini” gurup, Awstraliýadaky ýaryşda ýeňiji boldy
05.09.2025 10:34
6.1k+

Gonkongly talyplar “Gün mobilini” gurup, Awstraliýadaky ýaryşda ýeňiji boldy

Gonkongdan Vocational Training Council topary özüniň guran Sophie 8X elektromobilinde Awstraliýada geçirilen abraýly Bridgestone World Solar Challenge ýaryşynda ýeňiji boldy. Ulag 3021,5 kilometr aralygy geçip, ortaça 68,7 km/sag tizlik bilen 44 sagatda Darwinden Adelaida çenli yklymy kesip geçdi
Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamyndan hem gadymy bolan bölekler tapyldy
04.09.2025 13:09
2.6k+

Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamyndan hem gadymy bolan bölekler tapyldy

Alymlar Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamy emele gelmezden hem ozal ýüze çykan madda bölejiklerini tapdylar. Bu barada Nature Astronomy we Nature Geoscience žurnallarynyň neşirlerindäki makalalarda habar berildi
Hytaýda dünýäniň iň beýik asma köprüsini 96 sany ýük ulagy bilen synagdan geçirdiler
03.09.2025 17:13
18k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik asma köprüsini 96 sany ýük ulagy bilen synagdan geçirdiler

Hytaýda Guýçžou welaýatynyň Huaszýan Uly kanýonynyň üstünden geçýän täze asma köpriniň soňky synaglary tamamlandy. Gurluş 625 metr belentlikde ýerleşýär we uzynlygy 2980 metrdir. Bu köpri Lýuçži we Anlun etraplaryny birleşdirýär we  kanýonyň üstünden geçmegiň wagtyny 1 sagat bolanlygyndan 1 minut 30 sekunda çenli gysgaldýar
Hytaý dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny işe girizdi
03.09.2025 16:58
5.9k+

Hytaý dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaýyň Dongfang Electric kompaniýasy 26 megawatt kuwwaty bolan dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny oturtdy. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär. Mundan ozal Daniýanyň kenarynda oturdylan kuwwaty 21,5 megawat bolan Siemens Gamesa turbinasy öňdeligi eýeleýärdi, emma Hytaýyň täze taslamasy bu görkezijiden ýokary boldy
Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar
03.09.2025 11:53
5.3k+

Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar

Atlantika ummanynda güýçli ýertitremelerine we sunamilere sebäp bolup biljek tektoniki jaýryklar emele gelýär diýip, Nature Geoscience  žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Alymlar Portugaliýanyň litosfera plitalaryndaky belli jaýryklardan uzakda ýerleşýändigini, ýöne bu ýurtda ýertitremeleriniň ençeme gezek hasaba alnandygyny ýatlatdylar
Hytaýda 50 GB faýly sanalgyja sekuntda ýükleýän 6G çibi döredildi
01.09.2025 16:53
3.8k+

Hytaýda 50 GB faýly sanalgyja sekuntda ýükleýän 6G çibi döredildi

Hytaý dürli ýygylyk diapazonynda ýokary tizlikli interneti üpjün edýän dünýäde ilkinji “uniwersal” 6G çibini hödürledi. South China Morning Post-yň maglumatlaryna görä, bu çip bilen maglumatlary geçiriş tizligi “ABŞ-nyň oba ýerlerindäki” häzirki internetden 5 müň esse ýokary bolup biler
Koloradoda dinozawrlardanam has gadymy pyşbaganyň görnüşi tapyldy
31.08.2025 08:48
9.7k+

Koloradoda dinozawrlardanam has gadymy pyşbaganyň görnüşi tapyldy

Paleontologlar Chelydridae maşgalasyndan bolan pyşbagalaryň ozal näbelli sütün öýjükli neslini  we görnüşini tapdylar. Olary Koloradodan tapylan bitin çanagyna we beýleki galyndylaryna esaslanyp suratlandyrmak başartdy
SpaceX-iň köp gezeklik Falcon 9 raketasy 30-njy uçuşyny amala aşyrdy
28.08.2025 23:44
2.8k+

SpaceX-iň köp gezeklik Falcon 9 raketasy 30-njy uçuşyny amala aşyrdy

28-nji awgustda SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny üstünlikli uçurdy – ol Ýere golaý orbita Starlink internet aragatnaşyk ulgamynyň täze hemralaryny çykardy. Raketanyň B1067 belgili birinji köp gezeklik basgançagy uçuşdan soň Ýere gaýdyp geldi we eýýäm 30-njy gezek Atlantika ummanyndaky ýüzýän platformada asuda gondy
Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar
28.08.2025 15:51
5.7k+

Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology Company kompaniýasy asman ýel elektrik stansiýasyny - turbinaly dirižably synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändigini yglan etdi. Geliý bilen doldurylan howa gämisi 1500 metr belentlige çykar, ol ýerde ýeliň tizligi Ýeriň ýüzündäkä garanyňda, takmynan, üç esse ýokarydyr diýip, South China Morning Post belleýär
Mask Starship-de ýokary tizlikli uçuşlary wada berýär: Nýu-Ýorkdan Londona 10 minutda
28.08.2025 12:21
5.7k+

Mask Starship-de ýokary tizlikli uçuşlary wada berýär: Nýu-Ýorkdan Londona 10 minutda

Ilon Mask özüniň soňky çykyşynda ýene Starship kosmos gämisini Ýerde ýokary tizlikli uçuşlar üçin ulanmak mümkinçiligi barada söz açdy. SpaceX-iň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Los-Anjeles we Sidneý, Los-Anjeles we Tokio ýa-da Nýu-Ýork we Singapur ýaly şäherleriň arasyndaky syýahat 30 minutdan hem az wagt alyp biler
Iň güýçli Gün teleskopy rekord jikme-jiklik bilen koronal arkalaryny surata aldy
28.08.2025 07:19
6.2k+

Iň güýçli Gün teleskopy rekord jikme-jiklik bilen koronal arkalaryny surata aldy

Astronomlar Deniel K. Inoue Gün teleskopynyň (DKIST) kömegi bilen Gündäki alawlamanyň jikme-jik suratyny aldy. Milli Gün obserwatoriýasynyň (NSO) hünärmenleri 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda bütindünýä wagty boýunça 20:12-de bolup geçen X1
Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar
27.08.2025 15:44
5.2k+

Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar

Hytaý emeli aň üçin dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurýar. Bu desga Şanhaýyň kenaryndan 10 km uzaklykda ýerleşip, golaýdaky deňiz ýel elektrostansiýasyndan energiýa alar diýip, Live Science habar berýär
SpaceX kompaniýasy Starship gämisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi
27.08.2025 11:42
2.9k+

SpaceX kompaniýasy Starship gämisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi

26-njy awgustda SpaceX amerikan kompaniýasy Starship gämisi oturdylan Super Heavy raketa göterijisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi. Çäre X sosial ulgamy arkaly göni ýaýlymda görkezildi. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, synagda öňde goýlan maksatlara ýetildi we bu uçuş "dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini işläp taýýarlamakda ähmiýetli ädim» boldy
Müsürde suwdan gadymy Kanopus şäheriniň bölekleri çykaryldy
26.08.2025 13:37
10k+

Müsürde suwdan gadymy Kanopus şäheriniň bölekleri çykaryldy

Müsür häkimiýetleri Aleksandriýanyň golaýynda Abu-Kir aýlagynda ýerleşen suwa giden gadymy şäheriň böleklerini gury ýere çykardy diýip, The Guardian habar berýär. Bu Müsüri tas 300 ýyl dolandyran Ptolemeý nesilşalygynyň dolandyran we 600 ýyl töweregi ýurdy dolandyran Rim imperiýasynyň döwründe möhüm merkeze öwrülen Kanopus şäheri hasaplanýar
Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy
26.08.2025 13:26
5.7k+

Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy

Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy. Istiorachis macarthurae adyny alan bu jandarlar 120 mln ýyldan gowrak ozal Angliýanyň günorta kenaryndan uzak bolmadyk ýerde ýaşapdyr diýip, Londondaky Tebigy taryh muzeýine salgylanyp, CNN habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.