Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
21.03.2026 16:21
21k+
Halk Maslahatynyň Başlygy: Atylan ok harbymy, esgermi ýa-da çagamy… saýgarmaýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny aýtdy. Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýädäki ýagdaýlaryň çylşyrymlydygyna garamazdan, halkara hukuk gurallaryna daýanyp, durnuklylygy dikeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi
21.03.2026 16:03
8.2k+
Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi
2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi
21.03.2026 15:32
3.9k+
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy
Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar
21.03.2026 15:16
3.2k+
Müňýyllyklar bilen berkän gatnaşyklar: Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gözbaşy barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşlikde türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy gözbaşy we çuňňur kökleri barada gürrüň berdi
21.03.2026 14:37
5.1k+
Hytaý dünýä bazaryndan kümüş goruny «syryp-süpürýär»
Hytaý 2026-njy ýylyň başynda kümüş importyny ep-esli artdyrdy. Satyn alyşlar soňky sekiz ýylda iň ýokary derejesine ýetdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Import edijiler ýurduň içindäki senagat we maýa goýum isleglerini kanagatlandyrmak üçin çig maly gyssagly satyn alýar
21.03.2026 14:07
3.9k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CGTN» teleýaýlymyna interwýu berdi
Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň doly teksti Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi
21.03.2026 08:25
5.6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär
21.03.2026 08:18
2.3k+
Türkmenistan ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamasyny taýýarlaýar
Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu meselä 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde garaldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi
21.03.2026 07:55
4k+
25-nji martda ähli welaýatlarda gowaça ekişine başlanar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine 25-nji martda başlamaga ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi
21.03.2026 07:31
3.1k+
Daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça resminamalaryň taslamalary makullandy
20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça möhüm resminamalaryň taslamalary maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi
21.03.2026 01:05
8.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyryny özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» äpet gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Döwlet
20.03.2026 18:53
8.8k+
ABŞ-da Trampyň şekili bilen tylla teňňe çykarylar
ABŞ-da häzirki prezident Donald Trampyň şekili ýerleşdirilen ýadygärlik tylla teňňesini çykarmak baradaky karar tassyklanyldy. Bu barada ABŞ-nyň Inçe sungatlar komissiýasyna salgylanýan RIA Nowosti habar berýär
20.03.2026 13:18
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow uçardan Gazagystanyň gözelligini synlap, K.K.Tokaýewe hat iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň çäkleriniň üstünden uçup barýarka, bu ýurduň tebigat gözelligini synlap, dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýene bir gezek nygtamak bilen, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hat ýollady
20.03.2026 11:40
4.8k+
Türkmenistan hytaý atşynaslaryny Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy
Hytaýyň «Equuleus» halkara atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklarynyň öňünde çykyş eden Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda atçylygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi we hytaý tarapyny halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy
20.03.2026 11:17
3.5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda ahalteke bedewleriniň muşdaklary bilen duşuşdy
Hytaýa saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
20.03.2026 10:58
4.9k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda «Equuleus» atçylyk toplumyna baryp gördi
19-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplumyň girelgesinde ony Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we atçylyk toplumynyň wekilleri garşylady
19.03.2026 16:04
2.3k+
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy täze mümkinçiliklere ýol açdy
Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly II halkara forum geçirildi. Çäre 18-nji martda ýurduň Söwda-senagat edarasynda boldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde guraldy
19.03.2026 15:51
3.3k+
Pekinde Raşid Meredow bilen Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi
18-nji martda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde geçirildi
19.03.2026 10:26
15k+
Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowy wezipesine girişen güni bilen gutlady
Şu gün — 19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan gyzgyn gutlaglaryny ýollady
19.03.2026 10:21
8.5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy
19.03.2026 07:33
1.9k+
Türkmenistanyň DIM-inde UNHCR-iň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili kabul edildi
18-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarly bilen duşuşyk geçirdi
19.03.2026 07:21
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentiň adyndan Si Szinpine ahalteke bedewini sowgat berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa saparynyň çäklerinde Si Szinpin bilen geçirilen duşuşykdan soň, onuň bilen dostlukly gezelenç etdi. Bu waka iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýokary derejeli ynamyň aýdyň nyşanyna öwrüldi
19.03.2026 06:51
6.2k+
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna (HHR) amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi
19.03.2026 06:40
2.2k+
Türkmenistanda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
17-nji martda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarly bilen duşuşyk geçirdi
18.03.2026 19:51
1.4k+
Türkmenistanyň DIM-inde Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana şäheri) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi
18.03.2026 14:27
1.8k+
Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar
Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer
18.03.2026 00:27
7.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
18.03.2026 00:11
2.2k+
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi
17.03.2026 16:36
4k+
Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy
Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi
17.03.2026 15:58
7.9k+
Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi
17.03.2026 09:21
4.8k+
Belgiýaly dizaýner köne harby ýatakhanalary kaşaň myhmanhana öwürdi
Belgiýaly dizaýner Lionel Žado B2Ai binagärlik firmasy we Jam Hotels myhmanhana brendi bilen hyzmatdaşlykda Gent şäherindäki öňki harby ýatakhanany 108 otagly myhmanhana öwürdi. Taslama Studio Lionel Jadot tarapyndan işlenip düzüldi
17.03.2026 09:14
3.9k+
Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar
Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär
17.03.2026 08:01
9k+
Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03.2026 17:19
2.6k+
Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär
16.03.2026 16:23
1.4k+
Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy
16.03.2026 14:48
11k+
Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady
Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir
16.03.2026 14:21
2.8k+
Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi
Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär
15.03.2026 09:38
8.4k+
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi
14.03.2026 20:47
10k+
Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar
Hytaýyň TikTok sosial ulgamynyň ABŞ-daky işini kanunlaşdyrmak zerurlygy bilen bagly mesele Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri dowam edip gelýärdi. Köp sanly yza süýşürmelerden soň, taraplar ahyrynda TikTok-yň amerikan biznesini «oturtmak», ýagny hyzmata gözegçiligiň bir bölegini amerikan maýadarlaryna bermek barada şertnama baglaşdy
14.03.2026 15:33
3.3k+
Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy
Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar
«
1
…
9
10
11
…
260
»
«
1
…
6
7
8
9
10
11
12
13
14
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.