Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
04.12.2025 13:15
43k+
Türkmenistanda bikanun ulag belgileri, gadagan edilen ýerlerde durmak we tizlik üçin jerimeler artdyryldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Degişli kanunçylyk namasy "Türkmenistan" gazetinde çap edildi
04.12.2025 11:38
23k+
Serdar Berdimuhamedow etrap prokuraturalarynda wezipe üýtgeşmelerini geçirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda resminamalara gol çekdi. Resminama
04.12.2025 11:28
12k+
Aşgabadyň merkezi şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklediriler
8 – 12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň birnäçe şaýollarynda awtoulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly görülýär
04.12.2025 11:16
12k+
Türkmenistanda kazyýet edaralarynda wezipe üýtgeşmeleri geçirildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda: Döwran Gurbanow Aşgabat
04.12.2025 10:58
15k+
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň prokurorlaryny wezipä bellemek we boşatmak hakynda Permana gol çekdi
3-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda: ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Didar Suhanberdiýewiç
04.12.2025 07:01
15k+
Serdar Berdimuhamedow on bir aýyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy
03.12.2025 12:05
19k+
2026-njy ýylyň önümçilik senenamasy çykdy: Türkmenistanda resmi taýdan işlenilmeýän günler
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi iş, dynç we baýramçylyk günleri barada maglumatlary öz içine alýan 2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasyny neşir etdi. Bu senenama zähmet haklaryny, zähmet rugsatlaryny hasaplamak we kärhanalaryň işini meýilleşdirmek üçin resmi esas bolup hyzmat edýär
03.12.2025 09:43
14k+
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy
02.12.2025 11:57
3.8k+
Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana
02.12.2025 11:50
17k+
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
02.12.2025 11:44
2.2k+
Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady
1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi
02.12.2025 11:28
11k+
Serdar Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady pugtalandyrmak boýunça işler bilen tanyşdy
1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy
02.12.2025 10:55
15k+
Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi
1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Döwlet Baştutany Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň edara binasyna, onuň sanly bölümine baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy
02.12.2025 09:47
7.1k+
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy
01.12.2025 14:03
7.2k+
2026-njy ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýen at Andijana geçirildi
28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aktauda şäherinde (Gazagystan) Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen wekiliýtine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi
01.12.2025 12:31
11k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we beýleki desgalaryň gurluşygyna baryp gördi
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
01.12.2025 12:11
4.6k+
Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň reýtinginde Tokiodan öňe geçdi
Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäheri bolup, Tokiony birinji orundan gysyp çykardy. Indoneziýanyň paýtagtynda 42 mln adam ýaşaýar, bu bolsa beýleki şäherleriň görkezijilerinden köpdür diýip, BMG-niň soňky gözlegine salgylanyp, The Guardian habar berýär
01.12.2025 11:13
11k+
Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri halkara çärelerini geçirmek hakynda resminamalara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriniň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek hakynda kararlara gol çekdi diýip, TDH habar berýär. Resminamalaryň birinjisi Daşary
01.12.2025 11:07
2.2k+
Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidentine gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor Dana we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikuşor Dana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi
01.12.2025 06:51
54k+
Türkmenistanda täze 200 manatlyk banknot dolanyşyga girizildi, 1, 5, 10 manatlyk banknotlar modifisirlendi
Türkmenistanyň Merkezi banky 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär. Bu barada Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berilýär
30.11.2025 22:01
2.7k+
Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Rimde möhüm senelere bagyşlanan çärelere gatnaşdy
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýada ýerleşýän Palasso Walentini köşgünde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň
30.11.2025 09:33
7.2k+
Airbus programma üpjünçiligindäki näsazlyklar sebäpli A320 uçarlaryny yzyna gaýtarýar: bu dünýä awiaparkynyň ýarysyna deň
Airbus awiakosmos korporasiýasy programma üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek üçin A320 uçarlar toparynyň "aglaba bölegini" yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Airbus awiakompaniýalara iberen beýanatynda programma üpjünçiliginiň indiki meýilleşdirilen uçuşdan öň çalşyrylmalydygyny tabşyrdy
30.11.2025 09:25
1.4k+
Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisinde çykyş etdi
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 28-nji noýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisine gatnaşdy
30.11.2025 09:21
3.4k+
Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi
28-nji noýabrda Almaty şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýardam bermeginde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
30.11.2025 09:16
10k+
Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär
29.11.2025 22:35
3.4k+
Kiýewdäki kitaphanada Magtymgula we ukrain pelsepeçisi Grigoriý Skoworoda bagyşlanan sazly çäre geçirildi
26-njy noýabrda Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap döwlet dolandyryş edarasynyň Medeniýet bölüminiň «Swiçado» merkezi kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ruhy çyraglar: Skoworoda we Magtymguly» atly şygryýet we saz çäresi geçirildi
29.11.2025 22:27
3.1k+
Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi
26-27-nji noýabrda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
29.11.2025 22:21
1.6k+
Raşid Meredow Şri-Lankanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda geçiriljek forumy maslahatlaşdy
27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Şri-Lankanyň daşary işler, daşary ýurtlarda iş üpjünçiligi we syýahatçylyk ministri Widjitha Heratyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
29.11.2025 22:17
1k+
Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar
29.11.2025 22:03
3.3k+
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Er-Riýadda UNIDO-nyň konferensiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi Guramasynyň (ÝUNIDO) 21-nji Baş konferensiýasynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu sammit 23–27-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçdi
29.11.2025 21:42
2.7k+
CESI kompaniýay Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň birinji tapgyryna başlaýar
Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesi (Merkezi Aziýa – Azerbaýjan) atly strategik taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp tapgyry başlandy. Halkara bäsleşigiň netijesinde Italiýanyň CESI S.p.A. kompaniýasy taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň (TYE) birinji tapgyryny ýerine ýetirer
29.11.2025 18:21
14k+
Russiýa 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Baýkonurdaky heläkçilik sebäpli kosmosa adam iberip bilmez
27-nji noýabrda Baýkonur kosmodromyndan kosmonawtlar Kud-Swerçkow, Mikaýew we astronawt Lu Uilýams bilen “Soýuz MS-28” kosmos gämisi HKS-e ugrady. Uçuşdan soň birinji basgançagyň reaktiw akymynyň № 31 uçuş meýdançasyny zaýalandygy belli boldy diýip, The Insider neşiri habar berýär
29.11.2025 18:09
7.7k+
Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulagy pudagynyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri makullady
28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
29.11.2025 10:37
2.7k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy
26-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň saýtynda habar berilýär. Mejlisiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi
29.11.2025 10:16
2.2k+
ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy
2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça jemi 16 sany resminamanyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy
29.11.2025 10:04
9.8k+
Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi aýdyldy
28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-preýmer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň Tertibi barada hasabat berdi
29.11.2025 10:01
9.1k+
5-nji dekabrdan Türkmenistanyň çäginde baýramçylyk söwdalary başlanar
5-nji dekabrdan başlap Türkmenistanyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny amala aşyrmak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar
29.11.2025 09:38
6.3k+
Türkmenistanda banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermek üçin audit barlaglary geçiriler
Türkmenistanyň bank edaralarynda halkara standartlar esasynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada 28-nji noýabrda wise-premýer H.Geldimyradow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi
28.11.2025 12:32
3.5k+
Raşid Meredow Gambiýanyň, Angolanyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi
26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler boýunça daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi
28.11.2025 12:26
8.2k+
Hazarda 2026-njy ýylda bekre balyklaryň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezlik boýunça çözgüt kabul edildi
24–26-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi
«
1
…
22
23
24
…
260
»
«
1
…
19
20
21
22
23
24
25
26
27
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.