Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hadysalar
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hadysalar
16.07.2025 12:01
18k+
Ägirt uly aýsberg Grenlandiýanyň obasyna golaý ýüzüp bardy. Ol ýaşaýjylara howp salýar
Grenlandiýanyň günbatar kenaryndaky Innaarsuit obasynyň ýaşaýjylary ägirt uly aýsberg sebäpli ewakuasiýa edildi. Buz iki bölege bölündi we häzir balyk zawodyndan hem azyk dükanyndan birnäçe metr uzaklykda obanyň üstüne abanýar diýip, Bild ýazýar
14.07.2025 16:50
4.2k+
“Jeýms Uebb” “Kosmos baýguşynyň” şekilini surata aldy
“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy haýran galdyryjy wakanyň - iki sany halka şekilli galaktikanyň çaknyşygynyň şekilini düşürdi. Bu takmynan 38 million ýyl ozal, Ýerden milliardlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda bolup geçdi
14.07.2025 10:59
3.2k+
“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy
Hytaýyň “Çane-6” missiýasy tarapyndan Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň seljermesi alymlara, takmynan, 4 mlrd ýyl ozal uly asteroid bilen çaknyşmagyň Aý mantiýasynyň çuň gatlaklarynyň düzümini üýtgedip bilendigini anyklamaga mümkinçilik berdi
12.07.2025 19:29
23k+
Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi
Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatyndaky Siýathi obasynda bäş aýlyk güjük süýşgün wagty 67 adamy ölümden halas etdi. Gahrymana öwrülen itiň taryhyny The Independent gürrüň berdi. 30-njy iýun gijesi birnäçe hepde ozal obada öý tapynan it gaty ses bilen üýrüp, hojaýynyny ukudan oýardy
11.07.2025 14:30
20k+
Tehasdaky suw joşmasynyň ýetiren zyýanlary kosmosdan görkezildi
Maxar Technologies kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky güýçli suw joşmasynyň netijelerine degişli düşüren hemra suratlaryny çap etdi. Suratlar uzak wagtlap ýagan ýagyş sebäpli suwuň derejesiniň birden ýokarlanmagy bilen bagly Gwadelupe derýasynyň uzaboýundaky ýerleriň üýtgändigini görkezýär
10.07.2025 11:35
6.1k+
ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi
Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi
08.07.2025 20:12
7.8k+
Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy
Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy
08.07.2025 10:25
5.4k+
Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi
Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar
07.07.2025 13:30
9k+
Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy
NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär
27.06.2025 20:25
16k+
Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi
Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi
20.06.2025 22:51
5.1k+
16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş
Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar
19.06.2025 09:56
8.9k+
Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy
Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi
18.06.2025 13:57
7.7k+
Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi
Indoneziýada Lewotobi Laki-laki wulkany atylyp başlandy diýip, SindoNews neşiri habar berýär. Ýerli wulkanologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, kül sütüni dagyň çür depesinden 10 müň metre göterildi. Wulkana gözegçilik nokadynyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara we syýahatçylara wulkanyň golaýynda bolmagyň howpludygyny duýdurdy
18.06.2025 13:56
7.1k+
Günde iň ýokary derejeli alawlama bolup geçdi
18-nji iýunda Günde iň ýokary X derejeli kuwwatly alawlama bolup geçdi. Bu barada Gün işjeňligine gözegçilik merkezine salgylanyp, TASS habar berýär. X1.3 derejeli alawlama soňky üç hepdede şeýle derejeli ilkinji alawlama boldy
17.06.2025 13:20
20k+
Hindistanyň iň baý adamlaryndan biri ary ýuwdup aradan çykdy
Hindistanly milliarder Sanjaý Kapur Londonda 53 ýaşynyň içinde geň ýagdaýlarda aradan çykdy. Bu barada The New York Times ýazýar. Bu pajygaly waka polo oýny oýnalýan wagtynda bolup geçdi. Şaýatlaryň sözlerine görä, telekeçi "Men bir zatlar-a ýuwutdym
16.06.2025 14:19
7.8k+
2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy
2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy
13.06.2025 12:12
22k+
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi
13.06.2025 09:50
21k+
Müňlerçe ulagly Morning Midas gämisi bir hepde bäri Ýuwaş ummanda ýanmagyny dowam edýär
Bir hepde mundan ozal Alýaskanyň kenarlaryndaky Ýuwaş ummanda ot alan Morning Midas ýük gämisi ýanmagyny we ýüzmegini dowam etdirýär. ABŞ-nyň kenar goragy edarasy tarapyndan alnan surat gämä düýpli zyýan ýetendigini görkezýär
13.06.2025 09:48
22k+
Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy
12-nji iýunda Hindistanyň günbataryndaky Gujarat ştatynda Air India awiakompaniýasynyň Boeing 787-8 Dreamliner ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Ol Ahmadabat şäherinden Londona gatnaw edýärdi. Heläkçilik uçar howa menzilinden uçandan gysga wagtdan soň bolup geçdi
07.06.2025 19:01
15k+
Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse baryp kosmosdan hem görünýär
NASA-nyň Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykdaky Lagranj L1 nokadynda ýerleşýän DSCOVR hemrasy Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykan tüssäni surata aldy. Surat 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda düşürildi. Kanadadaky tokaý ýangynlary birnäçe gün bäri dowam edýär
07.06.2025 12:21
16k+
Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar
Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy
05.06.2025 10:12
10k+
Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady
Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi
05.06.2025 10:05
10k+
Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner
Şu hepde Saharadan uly tozan buludy Atlantik ummanynyň üstünden geçip, Karib basseýnini örtdi we indi ABŞ-a tarap barýar. Tozan bulutlary her ýyl Sahara howa gatlagy diýlip atlandyrylýan atmosfera hadysasynyň netijesinde emele gelýär diýip, Science Alert habar berýär
04.06.2025 16:13
11k+
66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy
1-nji iýunda sagat 5:00 töweregi başlanan magnit tupanlary 3-nji iýunda 23:00 töweregi tamamlandy. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, olaryň umumy dowamlylygy 66 sagat boldy
04.06.2025 10:59
6.9k+
Tibetiň asmanynda ýyldyrymyň seýrek görnüşi bolan "gyzyl spraýt" surata düşürildi
Tebigy hadysaly suratlary bilen tanalýan hytaýly astro suratçy Dun Şuçan seýrek atmosfera hadysasyny - gyzyl spraýty surata düşürdi. Surat Tibet platosynda deňiz derejesinden 5000 metrden gowrak belentlikden düşürildi
04.06.2025 10:51
9.9k+
Kýolnda Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaman galan bombalary tapyldy: 20 müň adam ewakuasiýa ediler
Germaniýada 20 müň töweregi adam Ikinji jahan urşy döwrüniň ok-därileriniň tapylmagy sebäpli ewakuasiýa ediler. Bu barada ýerli administrasiýa salgylanyp, Bild habar berýär. 2-nji iýunda Kýolnyň Doýs sebitinde alnyp barlan geologiki işleriň dowamynda hünärmenler üç amerikan awiabombasyny tapdy
04.06.2025 10:46
6.7k+
Sisiliýada Etna wulkany 2014-nji ýyldan bäri iň güýçli ýagdaýynda atylyp başlandy
Sisiliýada Etna wulkany atylyp başlandy. Bu barada Italiýanyň Milli geofizika we wulkanologiýa institutyna salgylanyp, ANSA agentligi habar berýär. Wulkan atylmazdan öň krateriň bir bölegi opuryldy, bu hem piroklastik akymyna getirdi – bu gyzgyn gazlaryň, külüň we daşlaryň garyndysydyr
04.06.2025 08:06
9.8k+
Ýerden Günüň ozal görlüp-eşidilmedik takyklykdaky wideosy alyndy
Astronomlar Ýerden Günüň iň jikme-jik şekillerini almagy başardy. Munuň üçin olar ABŞ-da ýerleşýän «Uly Aýy» obserwatoriýasyndaky (Big Bear Solar Observatory) «Goode Solar» teleskobynyň kämilleşdirilen adaptasiýaly optika ulgamyndan peýdalandy, diýip «EurekAlert» ýazýar
03.06.2025 13:33
13k+
Türkiýäniň Marmaris sebitinde 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi
3-nji iýuna geçilen gije Türkiýäniň Ortaýer deňzi kenarynda 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Ýerasty sarsgynlar ýerli wagt bilen 02:17-de hasaba alyndy. Associated Press ýertitremäniň merkeziniň Marmaris şypahana sebitiniň golaýynda bolandygyny habar berdi
02.06.2025 17:16
6.8k+
Magnit tupany Ýerde 3-nji iýuna çenli saklanar
Ýerde 1-nji iýunda başlanan magnit tupany azyndan 3-nji iýuna çenli dowam eder. Bu barada Amaly geofizika institutynyň wekiline salgylanyp, TASS habar berýär. “Geomagnit tupanlary, esasan, G1-G2 derejesinde, ýöne koronal massanyň zyňyndylarynyň dowamly täsiri sebäpli käwagt G3-G4 derejesiniň bolmagyna garaşylýar
02.06.2025 12:17
5.6k+
Ýere rekord temperaturaly Gün plazmasynyň bulutlary ýetdi
Ýere alawlama wagtynda Gün tarapyndan zyňylan rekord häsiýetli plazma bulutlary ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär
02.06.2025 08:09
5.2k+
Buzluklaryň möçberi 50 ýylda 9 trillion tonna azaldy
1975-nji ýyldan bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň dowamynda, buzluklaryň umumy möçberi 9 trillion tonnadan hem köp azaldy. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň wekili Kler Nullis Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi
01.06.2025 19:18
7.1k+
Ýeriň ilatynyň tas ýarysy bir aýa barabar goşmaça yssy howany başdan geçirdi
ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda ýerleşýän «Climate Central» garaşsyz ylmy-barlag toparynyň hasabatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda Ýeriň ilatynyň tas ýarysy aşa yssy howalaryň uzaga çekmegi bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr
31.05.2025 10:57
5.5k+
29-30-njy maýda 2024-nji ýyldan bäri iň dowamly magnit hadysasy boldy: ol 27 sagatlap dowam etdi
29-njy maýda 05:00-dan 30-njy maýda 08:00-a çenli (Aşgabat wagty) Ýer magnit hadysasynyň täsirine düşdi. Ol 2024-nji ýylyň maý aýynda bolup geçen rekord hadysadan soň iň dowamlysy boldy diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda habar berilýär
28.05.2025 12:32
8.7k+
Şu hepdede Ýeriň deňinden köp gatly jaýyň göwrümindäki birnäçe howply asteroidler uçup geçer
Şu hepdede NASA tarapyndan potensial howply (howp salmak mümkinçiligi bar) diýlip kesgitlenen dört sany asteroid Ýeriň deňinden geçer diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär. Birinji asteroid — 2025 KT1 — 12,8 metr diametrli bolup, 26-njy maýda Ýeriň ýanyndan howpsuz aralykda geçdi
28.05.2025 08:24
9.4k+
Gawaidaky Kilauea wulkany atylyp başlady: ol 300 metr beýiklige lawa zyňýar
Dünýäniň iň işjeň wulkanlarynyň biri bolan Gawaidäki Kilauea wulkany atylyp başlady. Bu barada ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň Gawaý wulkanologiýa obserwatoriýasy habar berýär. Atylma 25-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:15-de başlady
27.05.2025 12:07
17k+
Günüň golaýynda Ýer şaryndan 10 esse uly «guş» göze ildi: alymlar düşündiriş gözleýärler
24-nji maýda «LASCO» teleskoplarynyň biri Günüň golaýynda «alawly yzy» bolan guşa meňzeş jisimi bellige aldy. Ol Günüň ýüzünden, takmynan, 2 million kilometr beýiklikdedi. Onuň «ganatynyň» uzynlygy, takmynan, 150 müň kilometre ýetýär
24.05.2025 12:36
13k+
Iki gara girdabyň birleşmeginden dörän güýç Älemdäki ähli ýyldyzlaryň saçýan ýagtylygynyň jeminden geçdi
Ilon Mask iki gara girdabyň birleşmeginiň simulýasiýasyny görkezýän wideony teswirledi. Şol wideoda gara girdaplaryň birleşmesi wagtynda radiasiýanyň iň ýokary güýji 36 septillion ýottawatta ýetýär. «Ynha, hakyky generator
24.05.2025 12:25
10k+
Awstraliýada akulalar zäherli suwotylar sebäpli telbeläp, adamlara hüjüm edýär
Zäherli suwotylaryň aşa köpelmegi Günorta Awstraliýada akulalaryň adamlara hüjüm etmeginiň hem-de kenara zyňylmagynyň sebäbi hökmünde görkezilýär diýip, news.com.au habar berýär. Ştatyň wise-premýeri Sýuzen Klouzyň sözlerine görä, bu suwotylaryň aşa köpelmegi akulalary gorkuzýar, şeýle-de olaryň zäherlenmegine sebäp bolýar
22.05.2025 12:19
10k+
Merkezi Aziýa ýurtlarynda temperatura rekordlary hasaba alynýar
Ýaz pasly başlany bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda birnäçe sebitlerde gurakçylyga getiren aşa yssy howa hasaba alynýar. Maglumatlara görä, soňky 30 ýylda sebitde temperatura 1,5°С ýokarlandy – bu ortaça global görkezijiden iki esse ýokarydyr
«
1
…
6
7
8
…
34
»
«
1
…
3
4
5
6
7
8
9
10
11
…
34
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.