Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar
30.07.2025 13:43
3.6k+

Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar

Türkmenistanly ýaş küştçüler 20-29-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen wagta klassiki gözegçilik ulgamy boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.  Türkmenistanyň toparyna 15 küştçi wekilçilik etdi
Angliýanyň milli zenanlar futbol ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatyny utdy
29.07.2025 12:35
5k+

Angliýanyň milli zenanlar futbol ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatyny utdy

Angliýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy. Bazelde geçen ýaryşyň finalynda iňlis topary häzirki dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň toparyny utdy. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa Angliýa has takyk boldy – 3:1
“Maklarenden” Oskar Piastri Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Norris – ikinji
28.07.2025 11:57
1.8k+

“Maklarenden” Oskar Piastri Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Norris – ikinji

“Maklaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň 13-nji tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Spa-Frankorşam awtodromynda geçirildi. Howa şertleri sebäpli ýaryş gijräk başlady
“Arsenal” 73,5 mln ýewro “Sportingden” Wiktor Dýokereşi satyn aldy
27.07.2025 19:48
7.3k+

“Arsenal” 73,5 mln ýewro “Sportingden” Wiktor Dýokereşi satyn aldy

Londonyň “Arsenaly” Lissabonyň “Sporting” klubunyň hüjümçisi Wiktor Dýokereş bilen şertnama baglaşdy. Çeşmeleriň we Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, transfer mukdary 63,5 mln ýewro (goşmaça 10 mln bonus) boldy
Aşgabatdaky Kikboks we Boks zaly çagalar hem ýetginjekler üçin türgenleşikleri guraýar
26.07.2025 17:04
5.8k+

Aşgabatdaky Kikboks we Boks zaly çagalar hem ýetginjekler üçin türgenleşikleri guraýar

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks we Boks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary hem ýetginjekleri sportuň kikboks we boks görnüşleri boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar. Sportuň bu görnüşleri boýunça ussat tälimçiler islendik çaganyň fiziki işjeňligini, tizligini we çydamlylygyny ýokarlanmaklaryna, beden taýýarlygyny taplamaklaryna, urgy tehnikalaryny özleşdirmeklerine ýardam ederler
43 ýaşly şotlandiýaly aýal öz erkek bäsdeşinden 2 sagat öňe geçip, ultramarafonda ýeňiji boldy
26.07.2025 12:23
7.1k+

43 ýaşly şotlandiýaly aýal öz erkek bäsdeşinden 2 sagat öňe geçip, ultramarafonda ýeňiji boldy

43 ýaşly şotlandiýaly aýal Anna Razerford 160 kilometrden gowrak aralygy 17 sagat 23 minutda ylgap geçip, Rat Race ultramarafonynda ýeňiji boldy. Edinburgh Live-iň habar bermegine görä, ol özüniň ýakyn erkek bäsdeşinden iki sagatdan gowrak öňe geçip, täze ýaryş rekordyny goýdy
Aleksandr Usik WBO-nyň guşagyny saklap galmak üçin Jozef Parker bilen duşuşmaly bolar
25.07.2025 17:10
11k+

Aleksandr Usik WBO-nyň guşagyny saklap galmak üçin Jozef Parker bilen duşuşmaly bolar

Agyr agram derejesinde boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony ukrainaly Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasy boýunça dünýä çempiony adyny saklap galmak üçin täze zelandiýaly Jozef Parker bilen söweşmeli bolar
Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar
25.07.2025 17:05
19k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar
FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi
25.07.2025 16:54
5.8k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy
Argentinada geçen awtoýaryşda 4 sürüji  0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi
24.07.2025 17:38
7.1k+

Argentinada geçen awtoýaryşda 4 sürüji  0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi

Argentinada geçirilen Turismo Pista ýaryşynda dört sürüji 0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi. Ýeňijini diňe fotofiniş netijesinde kesgitlemek başartdy diýip, La Dereсha Diario neşiri ýazýar
Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri
24.07.2025 17:34
10k+

Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) emeli aň boýunça hünärmen Çema Alonsony eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) AI meseleleri we innowasiýa boýunça geňeşçisi edip belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi
Dwalişwili, Ankalaýew, Prohazka... UFC 320-de boljak üç esasy söweş yglan edildi
24.07.2025 14:24
12k+

Dwalişwili, Ankalaýew, Prohazka... UFC 320-de boljak üç esasy söweş yglan edildi

UFC-niň metbugat gullugy 4-nji oktýabrda Las-Wegasda UFC 320 ýaryşynyň çäklerinde geçiriljek üç uly söweşi yglan etdi. Söweşleriň birinde iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony, gruziýaly söweşiji Merab Dwalişwili bilen amerikaly Kori Sendhagen duşuşar
Kilian Mbappe “Realda” 10-njy belgini aldy
24.07.2025 14:21
9.8k+

Kilian Mbappe “Realda” 10-njy belgini aldy

Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Kilian Mbappe täze möwsümde 10-njy belgi bilen çykyş eder diýip, L'Équipe habar berýär. Bu ozal bu belgini göteren horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç klubdan gidenden soň bolup geçdi
UFC soňky ýaryşdan we Porýe gidenden soň ýeňil agramda söweşijileriň reýtingini täzeledi
24.07.2025 14:16
11k+

UFC soňky ýaryşdan we Porýe gidenden soň ýeňil agramda söweşijileriň reýtingini täzeledi

UFC-niň metbugat gullugy 20-nji iýulda Täze Orleanda (Luizina ştaty, ABŞ) geçen UFC 318 ýaryşynyň jemi boýunça söweşijileriň reýtinglerini täzeledi. Ýeňil agramly söweşijileriň täzelenen sanawyndan karýerasyny tamamlan amerikaly Dastin Porýe aýryldy
«Liwerpul» «Aýntrahtyň» hüjümçisi Ýugo Ekitikeni aldy
24.07.2025 12:32
5.1k+

«Liwerpul» «Aýntrahtyň» hüjümçisi Ýugo Ekitikeni aldy

Fransiýaly hüjümçi Ýugo Ekitike resmi taýdan «Liwerpulyň» täze oýunçysy boldy. Klub 23 ýaşly futbolçyny Frankfurtuň «Aýntrahtyndan» bonuslary bilen birlikde €95 milliona satyn aldy. «Mersisaýdlaryň» habar bermegine görä, şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir
Tom Aspinall UFC-niň Abu-Dabide geçiriljek ýaryşynda Siril Gan bilen duşuşar
24.07.2025 10:04
4.9k+

Tom Aspinall UFC-niň Abu-Dabide geçiriljek ýaryşynda Siril Gan bilen duşuşar

25-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 321 ýaryşynda agyr agramda çempion (120 kilograma çenli) britaniýaly Tom Aspinall bilen fransuz Siril Ganyň arasynda söweş bolar. Bu barada X sosial ulgamynda söweş mahabatynyň resmi akkaunty habar berdi
Kamerunly Braýan Mbemo “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy
23.07.2025 15:15
8k+

Kamerunly Braýan Mbemo “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy

Hüjümçi Braýan Mbemo “Brentforddan” “Mançester Ýunaýtede” geçdi. Transfer barada iňlis klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Kamerunly futbolçy bilen şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär
BYD “Interiň” hyzmatdaşy boldy we oýunçylara, tälimçilere hem menejerlere 70 ulag berer
23.07.2025 14:30
8.7k+

BYD “Interiň” hyzmatdaşy boldy we oýunçylara, tälimçilere hem menejerlere 70 ulag berer

Milanyň “Inter” futbol kluby Hytaýyň BYD awtoöndürijisi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. 2028-nji ýyla çenli niýetlenen hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa klubuň oýunçylary, tälimçiler ştaby we top-menejmenti üçin 70 töweregi elektromobil we gibrid hödürlär
EA Sports FC 26 bildiriş edildi: Täze futbol simulýatory barada bilmeli zatlar
23.07.2025 06:47
8.3k+

EA Sports FC 26 bildiriş edildi: Täze futbol simulýatory barada bilmeli zatlar

Electronic Arts täze EA Sports FC 26 futbol simulýatoryny bildiriş etdi. Ol 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda çykar. Ultimate Edition neşiriniň eýeleri oýna bir hepde öň, 19-njy sentýabrdan başlap girip bilerler
“Çelsi” maliýe düzgünlerini berjaý etmändigi sebäpli ÇL-de täze oýunçysyz galyp biler
22.07.2025 19:34
8.3k+

“Çelsi” maliýe düzgünlerini berjaý etmändigi sebäpli ÇL-de täze oýunçysyz galyp biler

UEFA maliýe fair-play düzgünlerini bozandygy üçin “Çelsä” Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin täze oýunçylary hasaba almagy gadagan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berdi. Mesele çykdajylaryň ahyrky çäkden geçmegi boldy: klub ýyllyk girdejiniň rugsat berlen 80%-inden köp sarp etdi we soňky üç ýylda 60 mln ýewro möçberde ýitgi çekdi
“Bawariýanyň” öňki goragçysy Rafinýa karýerasyny tamamlady
22.07.2025 19:31
7.2k+

“Bawariýanyň” öňki goragçysy Rafinýa karýerasyny tamamlady

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Mýunheniň “Bawariýasynyň” öňki goragçysy Rafinýa professional karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bu barada ESPN bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Men hünärmen futbolçy karýeramy tamamlaýandygymy resmi taýdan yglan edýärin
"Team Spirit" topary Er-Riýadda Dota 2 boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy
21.07.2025 23:49
5.3k+

"Team Spirit" topary Er-Riýadda Dota 2 boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

Team Spirit topary Riýadda geçirilýän Dünýäniň kibersport çempionatynyň çäklerinde Dota 2 ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada RBK habar berdi. Team Spirit grand-finalda kartalarda Saud Arabystanynyň Team Falcons toparyny 3-0 hasabynda ýeňdi
Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy
21.07.2025 18:50
4.1k+

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär
Ýamalyň 10-luk belgili köýnekçesi “Barselonanyň” dükanlarynda satuw rekordyny goýdy
21.07.2025 11:35
12k+

Ýamalyň 10-luk belgili köýnekçesi “Barselonanyň” dükanlarynda satuw rekordyny goýdy

Lamin Ýamalyň 10-luk belgili köýnekçeleri “Barselonanyň” resmi dükanlarynyň taryhynda satuw rekordyny goýdy. Bu barada Culemania neşiri habar berýär. Şu möwsümde resmi taýdan 10-njy belgini alan winger klub merçiniň taryhynda bir günde iň köp satylan harydyň awtory boldy
Insaýderler: “Barselona” satyn almak mümkinçiligi bilen Markus Reşfordy “MÝ-den” bir ýyl kärendesine alar
21.07.2025 11:31
10k+

Insaýderler: “Barselona” satyn almak mümkinçiligi bilen Markus Reşfordy “MÝ-den” bir ýyl kärendesine alar

“Barselona” “Mançester Ýunaýted” bilen 27 ýaşly hüjümçi Markus Reşfordy satyn almak mümkinçiligi bilen kärendesine almak barada ylalaşdy. Bu maglumaty The Athletic-den Dewid Ornşteýn we Fabrisio Romano ýaly abraýly insaýderler tassyklady
“Real” maliýe ýylyny rekord €1,185 mlrd girdeji bilen tamamlady
20.07.2025 18:15
8.5k+

“Real” maliýe ýylyny rekord €1,185 mlrd girdeji bilen tamamlady

Madridiň “Realy” 2024-2025 maliýe ýyly üçin netijeleri barada hasabat berdi. Resmi metbugat relizine görä, transferleri hasaba almazdan klubuň girdejisi rekord 1,185 mlrd ýewro ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% köpdür
Messi penaltini hasaba almazdan gol sany boýunça Ronaldudan öňe geçdi
20.07.2025 17:10
13k+

Messi penaltini hasaba almazdan gol sany boýunça Ronaldudan öňe geçdi

“Inter Maýaminiň” 38 ýaşly argentinaly hüjümçisi Lionel Messi penaltini hasaba almazdan geçiren gollarynyň sany boýunça rekord eýesi boldy. Messi bu görkeziji boýunça “Al-Nasryň” hüjümçisi we kapitany, portugaliýaly Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi
Tim Szýu WBC-niň çempiony tituly üçin söweşde Sebastýan Fundoradan ýeňildi
20.07.2025 14:08
10k+

Tim Szýu WBC-niň çempiony tituly üçin söweşde Sebastýan Fundoradan ýeňildi

19-njy iýuldan 20-nji iýula geçilen gije Las-Wegasdaky “Ti-Mobaýl Arenada” birinji orta agramda WBC-niň çempiony tituly üçin Tim Szýu bilen Sebastýan Fundoranyň arasynda boks söweşi geçirildi. Söweş ýedi raund dowam edip, amerikaly boksçynyň ýeňmegi bilen tamamlandy
Menni Pakýao bilen Barriosyň arasyndaky titul söweşi deňme-deň tamamlandy
20.07.2025 14:04
6.7k+

Menni Pakýao bilen Barriosyň arasyndaky titul söweşi deňme-deň tamamlandy

Sekiz agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao Las-Wegasda amerikaly Mario Barrios bilen söweşdi. Söweş 12 raund dowam edip, deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde, 46 ýaşynda karýerasyny dikelden Pakýao 30 ýaşly Barriosdan ýarym orta agramda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempiony titulyny alyp bilmedi
Rio-de-Žaneýroda Winisiusyň mumdan ýasalan heýkeli peýda boldy
20.07.2025 13:51
10k+

Rio-de-Žaneýroda Winisiusyň mumdan ýasalan heýkeli peýda boldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň “Realynyň” wingeri Winisius Žunior Rio-de-Žaneýroda özüniň mumdan ýasalan heýkeliniň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy. Heýkel futbolçyny milli ýygyndynyň eşiginde şekillendirýär
Dastin Porýe karýerasyndaky soňky söweşinde Maks Holloueýden ýeňildi
20.07.2025 13:29
9.8k+

Dastin Porýe karýerasyndaky soňky söweşinde Maks Holloueýden ýeňildi

Amerikaly Dastin Porýe Täze Orleanda geçirilen UFC 318 ýaryşynyň esasy söweşinde watandaşy Maks Holloueýden ýeňildi. Ýeňil agramda geçen söweş tutuş bäş raund dowam etdi. Eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen Holloueý ýeňiş gazandy
Usik Dýubuany nokauta gidirip, absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy
20.07.2025 12:51
13k+

Usik Dýubuany nokauta gidirip, absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik agyr agramda absolýut dünýä çempiony ady üçin söweşde britaniýaly Daniel Dýubuany ýeňdi. Londonyň Uembli stadionynda geçen söweş bäşinji raundda nokaut bilen tamamlandy. Usik Bütindünýä
Adidas 3D çap krossowkalarynyň giň köpçülik üçin niýetlenen görnüşini çykardy
19.07.2025 06:57
4.6k+

Adidas 3D çap krossowkalarynyň giň köpçülik üçin niýetlenen görnüşini çykardy

Adidas kompaniýasy Climacool Laced 3D çap krossowkalarynyň täzelenen modelini hödürledi. Ol has giň köpçülik üçin niýetlenýär diýip, The Verge ýazýar. Aýakgap 3D çap usuly bilen taýýarlanan gözenekli gurluşyny saklady, ýöne başga materiallardan klassyky aýakgap diline we bagjygyna eýe boldy
Müşderiniň islegi bilen 2 mln dollarlyk Pagani giperkary “haraplanan” görnüşde reňklediler
19.07.2025 06:43
7.5k+

Müşderiniň islegi bilen 2 mln dollarlyk Pagani giperkary “haraplanan” görnüşde reňklediler

Pagani Automobili kompaniýasy Utopia giperkarynyň ýörite sargyt boýunça döredilen özboluşly aýratynlyklary bolan wersiýasyny çykardy. The Coyote atly nusga üýtgeşik bezegi bilen tapawutlanýar – onuň kuzowynda “Le-Manyň 24 sagady” ýaly çydamlylyk ýaryşlaryna gatnaşan, haraplanan ýaly edip görkezýän ýörite çyzyklar we sypjyryklar bar
Federiko Walwerde 2024/25 möwsüminde meýdançada iň köp wagt geçiren futbolçy boldy
18.07.2025 06:51
6.4k+

Federiko Walwerde 2024/25 möwsüminde meýdançada iň köp wagt geçiren futbolçy boldy

Federiko Walwerde geçen möwsümiň iň köp hereket eden oýunçysy boldy. Madridiň “Realynyň” we Urugwaýyň milli ýygyndysynyň oýunçysy meýdançada 72 oýunda 6116 minut sarp etdi. Ikinji orunda “Mançester Ýunaýtediň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş ýerleşdi
Futbol boýunça DÇ-2026 üçin petek satuwy 10-njy sentýabrda başlar
18.07.2025 06:49
6.4k+

Futbol boýunça DÇ-2026 üçin petek satuwy 10-njy sentýabrda başlar

FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin petek satuwynyň ilkinji tapgyrynyň 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda başlajakdygyny habar berdi. Şol günden başlap janköýerler petek satyn almak üçin ýüz tutup biler
FIFA-nyň ilkinji resmi senasy hödürlendi: ony Robbi Uilýams ýazdy
17.07.2025 17:32
5.1k+

FIFA-nyň ilkinji resmi senasy hödürlendi: ony Robbi Uilýams ýazdy

Britaniýaly aýdymçy Robbi Uilýams Halkara Futbol Federasiýasynyň taryhda ilkinji resmi senasyny hödürledi. Desire atly aýdym italiýaly aýdymçy Laura Pauzini bilen bilelikde ýazyldy. Aýdymyň awtorlary Karl Brazil, Ouen Parker we Erik Ýan Grob hem-de Uilýamsyň özi boldy
“Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy
17.07.2025 17:13
12k+

“Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy

“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal 10-njy belginiň täze eýesi boldy. Bu barada ol sosial ulgamlarda habar berip, suratlary bilen paýlaşdy. “Meniň belgim. Meniň taryhym. Meniň syýahatym. x10” – diýip, futbolçy ýazdy
“Real” Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Lukas Waskesiň gidýändigini yglan etdi
17.07.2025 10:30
8.5k+

“Real” Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Lukas Waskesiň gidýändigini yglan etdi

Madridiň “Realy” 34 ýaşly goragçy Lukas Waskesiň klubdan gidýändigini habar berdi. Ol toparyň düzüminde 23 titul gazandy. “Men “Real Madridi” terk edýärin, ýöne “Real Madrid” meni hiç haçan terk etmez. Men nirä gitsemem, maňa dünýäniň iň gowy toparynda oýnamak miýesser etdi diýip buýsanç bilen aýdaryn
Barselona we Kongo DR 44 mln ýewrolyk hemaýatkärlik şertnamasy barada ylalaşýar
17.07.2025 10:26
7k+

Barselona we Kongo DR 44 mln ýewrolyk hemaýatkärlik şertnamasy barada ylalaşýar

“Barselona” futbol kluby Kongo Demokratik Respublikasy bilen dört ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşmaga ýakyn. Bu barada Mundo Deportivo neşiri habar berýär. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, klub her ýyl 11 mln ýewro alar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.