KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler
16.12.2025 09:53
11k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär
Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi
15.12.2025 23:17
32k+

Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy
Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi
15.12.2025 17:21
8.8k+

Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar
Repçi Snup Dogg Olimpiada-2026-da ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi boldy
15.12.2025 09:21
5.7k+

Repçi Snup Dogg Olimpiada-2026-da ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi boldy

Snup Dogg (Snoop Dogg) lakamy bilen tanalýan amerikaly repçi Kelwin Kordozar Brodus-kiçi öňümizdäki 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi diýlip bellendi. Bu barada ABŞ-nyň Milli Olimpiýa komiteti habar berdi
The Ring: Fýuriniň Joşua garşy söweşi 2026-njy ýylda Er-Riýadda bolar
15.12.2025 09:14
5.1k+

The Ring: Fýuriniň Joşua garşy söweşi 2026-njy ýylda Er-Riýadda bolar

Super agyr agramda boks boýunça iki öňki dünýä çempiony, britaniýalylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 2026-njy ýylda Er-Riýadda köpden bäri garaşylan söweşi geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Olaryň duşuşygy geçiriljek wagty takyk kesgitlenmedik Riyadh Season ýaryşynyň esasy wakasy bolar
Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi
14.12.2025 10:46
21k+

Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi
Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar
13.12.2025 17:42
17k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar
Boksçy Murat Gassiýew ýedi ýyldan soň WBA-nyň dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy
13.12.2025 17:38
12k+

Boksçy Murat Gassiýew ýedi ýyldan soň WBA-nyň dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

Russiýaly Murat Gassiýew agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) yzygiderli dünýä çempiony titulynyň eýesi boldy. Dubaýda geçirilen «IBA.PRO 13» ýaryşynyň esasy söweşinde ol bolgariýaly boksçy Kubrat Pulewden üstün çykdy
«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy
12.12.2025 16:20
3.3k+

«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

12-nji dekabra geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň 6-njy oýunlary tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça, fransuz «Liony» ýaryş jedweliniň başyndaky ornuny saklady. Topar öýünde Niderlandlaryň «Gou Ehed Iglz» klubuny 2:1 hasabynda utup, 15 utuk bilen ýazky pleý-off tapgyryna çykdy
FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeleri girizdi
11.12.2025 18:31
6.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeleri girizdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlarynda her ýarymyň ortasynda oýunçylaryň suw içmegi üçin üç minutlyk hökmany arakesmäniň girizilendigini habar berdi. Arakesmeler ähli gatnaşyjy toparlar üçin deň şertleri üpjün eder ýaly howanyň nähilidigine garamazdan yglan ediler
Dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Holand Ýamal bilen deňleşdi
11.12.2025 18:26
9.7k+

Dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Holand Ýamal bilen deňleşdi

“Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand 200 million ýewro bahasy bilen dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Transfermarkt-iň täzelenen reýtingine görä, norwegiýaly oýunçynyň transfer bahasy 20 million ýewro ýokarlanyp, “Barselonanyň” we Ispaniýanyň ýygyndysynyň wingeri Lamin Ýamal bilen deňleşdi
Çempionlar ligasy: «Siti» «Realy» utdy, 5 topar pleý-offa çykmagyny kepillendirdi
11.12.2025 16:08
8.4k+

Çempionlar ligasy: «Siti» «Realy» utdy, 5 topar pleý-offa çykmagyny kepillendirdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň altynjy oýunlarynyň netijeleri boýunça, üç futbol kluby – «Pari Sen-Žermen», «Mançester Siti» we «Atalanta» pleý-offa çykmagyny kepillendirdi. Ozal pleý-offa göni ýollamany «Arsenal» we «Bawariýa» alypdy
Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy
11.12.2025 09:33
2.6k+

Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy

Amerikaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Kori Gauff Mercedes-Benz bilen şertnama baglaşyp, nemes awtomobil brendiniň global ilçisi boldy. Bu barada konserniň metbugat gullugy habar berdi. 21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iki titulyň eýesidir: ol 2025-nji ýylda “Roland Garrosda”, 2023-nji ýylda bolsa “US Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy
“Formula-1-iň” sürüjileri näçe näçe gazanýar? Norris çempion bolsa-da, Werstappen bilen Hemiltondan ep-esli az aldy
11.12.2025 09:30
3.7k+

“Formula-1-iň” sürüjileri näçe näçe gazanýar? Norris çempion bolsa-da, Werstappen bilen Hemiltondan ep-esli az aldy

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen we “Ferrariniň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Maklarenden” täze çempion Lando Norrisiň titul üçin uly bonus alandygyna garamazdan, 2025-nji ýylda “Formula-1-iň” sürüjileriniň gazanç reýtinginde ilkinji iki orny eýeledi
Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy
10.12.2025 16:47
16k+

Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda meýilleşdirilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýaryşynda dokuz çempionlyk söweşiniň geçiriljekdigini aýtdy. «Ak tamda UFC ýaryşy 14-nji iýunda geçer
"Barselonada" Kundeniň dubly, "Liwerpulyň" penalti bilen ýeňşi: UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlaryna syn
10.12.2025 12:13
9.3k+

"Barselonada" Kundeniň dubly, "Liwerpulyň" penalti bilen ýeňşi: UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlaryna syn

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. «Barselona» öz öýünde «Aýntrahtdan» üstün çykdy, «Atalanta» «Çelsi» bilen oýnuň gidişini üýtgetdi, Angliýanyň «Liwerpuly» bolsa duşuşygyň ahyryndaky penaltiniň netijesinde Milanyň «Interini» utdy
Garagumuň içi bilen 206 km: Türkmenistanyň Ralli-reýd boýunça çempionaty geçirildi
10.12.2025 10:57
12k+

Garagumuň içi bilen 206 km: Türkmenistanyň Ralli-reýd boýunça çempionaty geçirildi

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topary T2 synpyndaky wnedorožnikleriň hasabynda Türkmenistanyň ralli-reýd boýunça çempionatynyň ýeňijisi boldy
Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar
10.12.2025 10:49
3.8k+

Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar

Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 21–34 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «şahsy kumite» boýunça iki medal gazandylar
Balkan welaýaty boýunça Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň finalyna çykanlar belli boldy
10.12.2025 10:31
3.4k+

Balkan welaýaty boýunça Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň finalyna çykanlar belli boldy

Awazada küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry tamamlandy. Oňa 138 adam gatnaşdy. Ýaryş ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekund goşmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi
Afrika milletleriniň kubogynyň tumary hödürlendi. Ol Assad atly ýolbars boldy
09.12.2025 22:14
3.4k+

Afrika milletleriniň kubogynyň tumary hödürlendi. Ol Assad atly ýolbars boldy

Afrika milletleriniň kubogynyň guramaçylary Marokkoda geçiriljek geljekki ýaryşyň resmi tumaryny hödürledi. Ol Assad atly ýolbars boldy. «Tumar Marokkonyň iň belli milli nyşanlarynyň biri we Afrika yklymynda birleşdiriji hem kuwwatly keşp bolan Atlas ýolbarsyndan ylham aldy
«F-1-iň» Mercedes-AMG topary Waltteri Bottasy zibile zyňdy
08.12.2025 17:52
13k+

«F-1-iň» Mercedes-AMG topary Waltteri Bottasy zibile zyňdy

Abu-Dabiniň Gran-prisi tamamlanandan soň, finlýandiýaly ýaryşa gatnaşyjy Waltteri Bottas «Mercedes-AMG» toparyny resmi taýdan terk etdi. Ol bu ýerde 2025-nji ýylyň dowamynda ätiýaçlykdaky sürüji bolupdy. Türgeniň degişgenligini we göwnaçyklygyny göz öňünde tutup, topar onuň bilen degişme äheňinde hoşlaşmak kararyna geldi
«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy
08.12.2025 14:19
7k+

«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy

«Maklaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris «Formula-1» möwsüminiň soňky tapgyrynyň – Abu-Dabiniň Gran-prisiniň jemi boýunça karýerasynda ilkinji gezek çempion boldy. Ýaryş ýekşenbe güni tamamlandy. Ýiti dartgynlylyk ahyryna çenli saklandy, çünki 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek titula birbada üç gatnaşyjy dalaş etdi
UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi
07.12.2025 21:24
14k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy
ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  
07.12.2025 11:59
4.5k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy
Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy
07.12.2025 11:48
3.1k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär
Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider
07.12.2025 11:45
5.9k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar
“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy
07.12.2025 11:25
5.9k+

“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy

“Inter Maýami” futbol kluby Major League Soccer (MLS) Kubogyny gazandy. Ol finalda “Wankuwer Uaýkepsi” utdy. Florida ştatynyň “Fort-Loderdeýl” şäherinde geçirilen duşuşyk Maýami toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy
Ýohannes Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda 100 ýeňşe ýeten ilkinji lyžaçy boldy
07.12.2025 09:24
1.7k+

Ýohannes Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda 100 ýeňşe ýeten ilkinji lyžaçy boldy

Norwegiýaly lyžaçy, bäş gezek Olimpiýa çempiony Ýohannes Klebo lyža ýaryşlary boýunça dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda karýerasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Türgen Norwegiýanyň Tronheým şäherinde geçirilen möwsümiň ikinji tapgyrynda klassyk stildäki sprint ýaryşynyň finalynda ýeňiji boldy
Donald Tramp FIFA-nyň täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy
06.12.2025 16:22
8.4k+

Donald Tramp FIFA-nyň täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan esaslandyrylan täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy. Ak tamyň ýolbaşçysyna baýragy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gowşurdy
Futbol boýunça DÇ-2026-nyň final tapgyrynyň bije çekilişigi geçirildi
06.12.2025 16:19
13k+

Futbol boýunça DÇ-2026-nyň final tapgyrynyň bije çekilişigi geçirildi

Waşingtonda (ABŞ) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ahyrky böleginiň bije çekilişigi geçirildi. Çärä ABŞ-nyň we Meksikanyň Prezidentleri Donald Tramp we Klaudiýa Şeýnbaum, şeýle-de Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni gatnaşdy
Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy
06.12.2025 10:52
5.1k+

Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy

Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy. Hazar deňziniň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagy «Gran-pri 2025» atly ýaryşyň 5-nji tapgyryny kabul edýär. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden iň güýçli küştçüler ýygnandy
Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady
05.12.2025 16:56
10k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi
UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan
05.12.2025 16:42
11k+

UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan

7-nji dekabrda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçiriler we onuň çäginde iki titul söweşi bolar. Agşamyň esasy wakasynda has ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili (Gruziýa) 2025-nji ýylda eýýäm dördünji titul goragyny geçirer
Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi
05.12.2025 11:47
1.5k+

Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi

Formula 1-iň Mercedes topary Amerikanyň transmilli korporasiýasy bolan PepsiCo bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlyk korporasiýanyň üç brendi: Gatorade, Sting we Doritos bilen amala aşyrylar. Mercedes
«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar
04.12.2025 23:51
2.4k+

«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar

2026-njy ýyl möwsümi üçin «Formula-1-iň» toparlarynyň ählisiniň doly düzümi kesgitlendi. Geljekki çempionatda 11 topar, şol sanda täze gatnaşyjy – «Cadillac» çykyş eder. Toparlaryň düzümi 2-nji dekabrda «Red Bull» indiki möwsümde Maks Werstappeniň ýoldaşynyň Isak Hajar boljakdygyny tassyklandan soň yglan edildi
Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar
04.12.2025 16:29
6k+

Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar

Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär
Ronaldu emeli aňly robot derwezebana gol geçirmek üçin 12 gezek synanyşmaly boldy
02.12.2025 11:18
19k+

Ronaldu emeli aňly robot derwezebana gol geçirmek üçin 12 gezek synanyşmaly boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu meşhur ylmy bloger Mark Roberiň topary tarapyndan döredilen emeli aňly robot derwezebana garşy gol geçirmek synanyşygyndan kynlyk bilen baş çykardy
Belgiýaly ýeňil atletikaçy adamkärçilikli hereketi üçin baýrak aldy
02.12.2025 09:29
9k+

Belgiýaly ýeňil atletikaçy adamkärçilikli hereketi üçin baýrak aldy

Belgiýaly ýeňil atletikaçy Tim Wan de Welde Tokioda geçirilen dünýä çempionaty-2025-de görkezen asylly hereketi üçin Feýr Pleý halkara baýragyna mynasyp boldy. Päsgelçilikli 3000 metr aralyga ylgawda onuň garşydaşy, kolumbiýaly Karlos San Martin pellehana golaýda nobatdaky päsgelçilikden geçende agyr şikes aldy
Dýuplantis we Maklaflin-Lewron ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip yglan edildi
01.12.2025 14:58
3.2k+

Dýuplantis we Maklaflin-Lewron ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip yglan edildi

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis we amerikaly ylgawçy Sidni Maklaflin-Lewron Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) tarapyndan ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy ýekşenbe güni Monakoda geçirildi
Kriştianu Ronaldu garyşyk başa-baş söweş promouşeninde paý satyn aldy
01.12.2025 12:08
17k+

Kriştianu Ronaldu garyşyk başa-baş söweş promouşeninde paý satyn aldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu Ispaniýanyň garyşyk başa-baş söweş (MMA) promouşeni WOW FC-niň paýdary boldy. Bu barada ol X sosial ulgamynda habar berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.