Saýlanan şäher
20 awgust 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
arheologiýa
Baş sahypa
/
Habarlar
/
arheologiýa
Filtr
Kategoriýa
Ählisi
Peýdaly maglumat
Syýasat we ykdysadyýet
Medeniýet we jemgyýet
Ylym we tehnika
Bilim
Syýahatçylyk
Moda we stil
Sport
Hi-tech
Awto
Biznes
Hadysalar
Saglyk
Nebit we gaz
Teg
Türkmenistan
futbol
filmler we multfilmler
ylym
ABŞ
ykdysadyýet
awtoulag dizaýny
emeli aň
saglyk
tebigat
düýn 18:35
6k+
Apollonyň Kritdäki gadymy ybadathanasynda 450 syçanyň galyndylary tapyldy
Arheologlar Krit adasyndaky gadymy Gortina şäherinde ýerleşýän Apollon ybadathanasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde, 450-den gowrak syçanyň süňk galyndylaryny tapdylar.
düýn 08:27
9.7k+
Maňgyşlakda altyn köwüşli zenanyň 1500 ýyllyk gubury tapyldy
Gazagystanyň günbatarynda arheologlar ýerli asylzada maşgaladan bolan ýaş zenanyň 1500 ýyllyk guburyny tapdylar. Onuň öz döwrüniň ýokary gatlagyna degişlidigini owadan hem kaşaň lybasy, şol sanda altyn şaýly...
18.08.2026 12:27
12k+
Belgiýada işçiler 9 million ýewrolyk altynyň üstünden bardylar: özlerine aldylarmy?
Belgiýanyň Sint-Gillis-Was şäherinde abatlaýyş işleri geçirilen mahaly gurluşykçylar gizlenip goýlan altyn tapdylar. Onuň deslapky bahasy 9 million ýewro barabar.
17.08.2026 21:00
2.7k+
Bürünç eýýamynyň modasy: Gadymy Ýunan begzadalary meteorit ýüzük dakynypdyr
Adamzat magdandan demir eretme tehnologiýasyny özleşdirmänkä bu metal örän seýrek duş gelip, altyn bilen deň görülýän ekeni. Onuň ýeke-täk elýeterli çeşmesi bolsa Ýere düşýän meteoritler bolupdyr.
12.08.2026 08:19
7k+
Türkmen alymlary «Uly Altaý: türki miras 2026» ekspedisiýasyna goşuldy
Türkmenistanly alymlar RF-iň Altaý ülkesinde we Altaý Respublikasynda 10-njy awgustda başlanan «Uly Altaý: türki miras 2026» halkara etnografik ekspedisiýasyna goşuldy.
11.08.2026 20:23
21k+
Braziliýada 80 million ýaşly ýylan tapyldy: ol ýeriň astynda ýaşapdyr
Alymlar Braziliýada, takmynan, 80 million ýyl öň ýaşan gadymy ýylanyň seýrek duş gelýän galyndysyny tapdy we onuň ýeriň astynda ýaşamaga uýgunlaşandygyny anyklady. Tapylan jandara «Tametara mirim» diýen ady...
11.08.2026 09:48
8.2k+
Sisiliýanyň kenarynda içi ýüzlerçe amforaly gadymy gämi tapyldy
Sisiliýadaky Mazara-del-Wallo kommunasynyň golaýynda ýüzlerçe amfora (gadymy küýze) ýüklenen gadymy Rim gämisi tapyldy. Bu barada Italiýanyň Medeniýet ministrligine salgylanyp, ANSA agentligi habar berýär.
09.08.2026 09:23
15k+
Türkiýede 2,5 müň ýyllap aýak astynda ýatan ýigit tapyldy
Türkiýäniň Manisa welaýatynda ýerleşýän gadymy Sardy şäherinde arheologlar möhüm açyş etdi. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan, 2,5 müň ýyl öň ýasalan, dik duran ýaş ýigidiň uly mermer heýkeli tapyldy.
07.08.2026 16:33
3.1k+
Gadymy türki halklaryň ýene bir syry: Altaýda 1,5 müň ýyllyk hatyra desgalary tapyldy
Altaý Respublikasynyň Gök-Suw aýmagynda (Ust-Koksa etraby) «Katanda-2026» halkara arheologiýa ekspedisiýasy möwsümleýin işlerini tamamlady. Ol ýerde gadymy türki halklaryň hatyra desgalarynyň täze topary ýüze...
05.08.2026 10:29
2.2k+
Ispaniýada 224 müň ýaşly, gurluşy örän geň süňk tapyldy
Merkezi Ispaniýadaky gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, Kastiliýa-La-Mança sebitindäki tebigy seýilgähde paleoantropologlar düýbünden garaşylmadyk zadyň üstünden bardylar. Olar adam kelleçanagynyň iň gadymy we...
05.08.2026 08:01
2.6k+
Germaniýada mamont süňkünden ýasalan guş şekiljikleri tapyldy: olaryň 40 müň ýyllyk taryhy bar
Arheologlar Germaniýanyň Hole-Fels gowagyndan mamont süňkünden ýasalan iki sany kiçijik guş şekiljigini tapdylar. Tapyndylaryň ýaşy takmynan 40 müň ýyl bardyr diýlip çaklanylýar.
04.08.2026 21:00
5.8k+
Sardiniýada ýaşy 3800 ýyla barabar bolan äpetleriň aramgähi tapyldy
Arheologlar Italiýanyň Sardiniýa adasynda äpetleriň aramgähini tapdy. Trahit bloklaryndan salnan iki gatly desga Makomer şäheriniň golaýynda, 740 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu barada ýurduň Medeniýet...
04.08.2026 18:12
7k+
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girýän iň köp desgaly ýurtlar: Türkmenistanda olaryň näçesi bar?
ÝUNESKO medeni, taryhy ýa-da ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýa-da adam tarapyndan döredilen desgalary öz Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizýär.
04.08.2026 17:13
6.3k+
Baky doňaklyk eränsoň, Arktikada gadymy läheňleriň we demirgazyk sugunlarynyň galyndylary ýüze çykdy
Alymlar Frans-Iosifiň Ýeri arhipelagynda baky doňaklygyň eremeginden soň ilkinji gezek gadymy haýwanlaryň süňk galyndylarynyň ýüze çykan 39 sany ýerini tapdylar. Bu barada TASS habar berýär.
29.07.2026 11:17
5.4k+
Alymlar Gyrgyzystanda tapylan gadymy saklaryň dokuzysynyň DNK-syny öwrendiler
Halkara alymlar topary Gyrgyzystanyň Boz-Barmak gonamçylygynda galyndylary tapylan sak medeniýetiniň dokuz sany wekiliniň DNK genetik koduny çözdüler. Bu gözleg olaryň garyndaşlyk baglanyşyklaryny we gelip...
23.07.2026 18:07
16k+
Gözli Atanyň aramgähinde täze yzlar: arheologlar keramatly ýeriň golaýynda näme tapdylar?
Arheologlar Balkan welaýatyndaky Gözli Atanyň aramgähiniň golaýynda täze taryhy ähmiýeti ýeriň üstünden bardylar. Bu hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli...
17.07.2026 10:58
5.9k+
Hytaý-Gazagystan serhedinde 385 million ýaşly dünýäniň iň gadymy ýantar daşlary tapyldy
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň çäginde paleontologlar şu güne çenli Ýer şarynda tapylan iň gadymy ýantar daşlaryny ýüze çykardylar.
15.07.2026 17:09
3.3k+
Luksoryň golaýynda ýaşy 3000 ýyla barabar aramgäh tapyldy
Müsüriň Luksor şäheriniň golaýynda Leýden uniwersitetiniň niderland arheologik ekspedisiýasy ýaşy 3000 ýyla barabar bolan aramgähi ýüze çykardy. Bu barada «CBS» telekanaly Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy...
12.07.2026 09:51
4.9k+
Özbegistandaky Isgender Tepa ýadygärligi gadymy grek harby düşelgesi bolup çykdy
Özbegistanyň Surhandeýe welaýatyndaky Isgender Tepa ýadygärligi 2200 ýyllyk grek harby düşelgesi bolup çykdy. Öňler barlagçylar bu ýerde diňe kiçeňräk oturymly ýeriň bolandygyny çaklapdyrlar. Bu barada...
08.07.2026 14:48
5.2k+
Tailandda ýaşy 2000 ýyla barabar iki sany altyn ýüzük tapyldy
Tailanddaky Don Ýaý Thong ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar iki sany altyn ýüzük tapdy. Olar adam galyndylarynyň golaýyndan ýüze çykaryldy. Bu tapyndylaryň ýaşy 2000 ýyla...
08.07.2026 00:07
4.4k+
Müsürde gadymy Wizantiýa şäheri tapyldy
Müsüriň Günbatar çölünde Wizantiýa döwrüne degişli şäher tapyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.
04.07.2026 15:43
7.7k+
Ýuliý Sezaryň gaýyn atasynyň köşgünden tapylan gadymy golýazma okaldy
Kentukki uniwersitetiniň alymlary Gerkulanum şäherindäki bir köşkde tapylan gadymy papirus golýazmasynyň bir bölegini okamagy başardylar. Bu köşk hem, edil tutuş şäher ýaly, biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda...
19.06.2026 19:49
5.3k+
Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy
Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy.
13.06.2026 12:29
6.2k+
Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi
Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi.
07.06.2026 20:06
3.8k+
Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy
Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar.
05.06.2026 11:37
4k+
Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy
Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki...
04.06.2026 18:07
7.6k+
Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy
Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş...
04.06.2026 11:11
3.4k+
Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy
Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny...
23.05.2026 10:34
2.3k+
Arheologlar Şotlandiýada altyndan ýasalan iň gadymy diş protezleriniň birini tapdylar
Aberdin uniwersitetiniň alymlary Şotlandiýada altyn simden ýasalan seýrek diş protezini tapdylar. Çaklamalara görä, bu protez baryp XVI asyrda ulanylypdyr. Bu tapyndy Aberdindäki Keramatly Nikolaýyň...
22.05.2026 15:41
4.2k+
Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy
Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi.
21.05.2026 20:16
3.5k+
Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar.
20.05.2026 17:37
3.3k+
Mohenjo-Daronyň syry: gadymy megapolis sosial deňsizligi nädip ýeňipdir
Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we...
20.05.2026 11:33
4k+
Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheriniň täze yzlary tapyldy
Arheologlar Meksikanyň jeňňelliklerinde tapylan ýeriň maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheri bolup biljekdigine degişli täze subutnamalary hödürledi. Bu ýeriň ispan basybalyjygyndan soňra garşylyk görkezilen...
15.05.2026 11:33
3.6k+
Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy
Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar.
14.05.2026 14:30
5.8k+
EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi
Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen...
13.05.2026 23:26
5.4k+
Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy
Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy.
10.05.2026 10:31
6.2k+
Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy
Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we...
04.05.2026 18:22
3.3k+
Gruziýada bugdaýyň 8000 ýyllyk yzlary tapyldy
Gruziýada geçirilen arheologik barlaglar mundan 8000 ýyl ozal ýaşap geçen adamlar tarapyndan ekilen bugdaý yzlaryny ýüze çykardy. Bu tapyndy dünýäde çöreklik bugdaýyň gelip çykyşy baradaky ylmy garaýyşlara...
01.05.2026 15:59
4.8k+
Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy
Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
01.05.2026 11:25
4.1k+
Drezdeniň golaýynda 3300 ýyllyk bürünç hazyna tapyldy
Drezdeniň golaýyndaky Wilsdorf sebitinde taryhy 3300 ýyla barabar bolan bürünç şaý-sepler tapyldy. Bu gymmatly tapyndyny Ronald Meissner atly höwesjeň arheolog ýüze çykardy.
«
1
2
…
10
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.