Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
emeli aň
Baş sahypa
/
Habarlar
/
emeli aň
18.09.2025 10:07
1.2k+
Rolling Stone-nyň we Variety-niň neşirýatçysy AI gözleg ulgamynyň jogaplary sebäpli Google-y kazyýete berdi
Rolling Stone, Billboard, The Hollywood Reporter we Variety neşirýatlaryna eýeçilik edýän Penske Media amerikan metbugat kompaniýasy Google-y Waşingtondaky federal sebit kazyýetine berdi diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär
16.09.2025 20:04
1.6k+
Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy
Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär. Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar
16.09.2025 18:33
3.9k+
Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler
Wirtual we giňeldilen hakykata, emeli aňa we metaälemine bagyşlanan Meta Connect 2025 ýyllyk konferensiýasyna sanlyja gün galdy. Şu ýyl kompaniýa akylly äýneklerini we EA tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi gönükdirer
16.09.2025 12:21
1.8k+
OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar
ChatGPT-den her hepde peýdalanýan ulanyjylaryň sany 700 million adama, ýagny Ýer şarynyň uly ýaşly ilatynyň 10 göterimine barabar. Bu barada OpenAI kompaniýasynyň çap eden makalasynda aýdylýar. Makalada beýleki gyzykly maglumatlar hem getirilýär
13.09.2025 14:59
1.9k+
OpenAI emeli aňyň kömegi bilen doly metražly multfilm döreder we ony Kannda görkezer
OpenAI-yň döredijilik hünärmeni Çad Nelson özüniň gysga metražly “Ownuk jandarlar” multfilmini doly metražly multfilme öwrer. Taslama DALL-E 2 neýroulgamynyň kömegi bilen döredildi diýip, The Wall Street Journal ýazýar
13.09.2025 13:16
9.6k+
Albaniýada dünýäde ilkinji gezek ministriň wezipesini emeli aňa ynandylar
Albaniýa dünýäde ilkinji bolup ministr derejesindäki wezipäni emeli aňa ynanýan ýurt boldy. Bu barada Politico neşiri habar berdi. Täze modeliň ady Diella diýlip atlandyrylýar. Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama ol barada: «Bu hökümet agzasy fiziki taýdan ýok, emma emeli aň esasynda wirtual görnüşde döredildi» diýip aýtdy
12.09.2025 17:54
1.9k+
Oracle bilen OpenAI 300 mlrd dollarlyk “töwekgelçilikli” şertnama baglaşdy
Oracle amerikan korporasiýasy OpenAI kompaniýasy bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Şertnama bäş ýyla niýetlenýär we ABŞ-nyň çäklerinde 4,5 GWt kuwwatly maglumat merkezleriniň kärendesini göz öňünde tutýar
12.09.2025 17:47
1.6k+
Gemini çat-boty audio ýazgylaryna düşünip, tekste öwürmegi öwrendi
Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň esasyndaky önümleri üçin üç möhüm täzelenme hödürledi. Esasy täzelik Gemini çat-botunyň audio ýazgylaryna düşünip, olary tekste öwrüp bilmegi boldy. Indi ulanyjylar transkribasiýa üçin audiofaýllary ýükläp bilýär
11.09.2025 21:19
1.9k+
ChatGPT dünýäniň çat-bot bazarynyň 80%-den gowragyny eýeleýär
OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT emeli aňly çat-bot bazarynda agdyklyk etmegini dowam etdirýär we şeýle hyzmatlaryň dünýäde ulanylyşynyň bäşden dört bölegini öz içine alýar. Bu barada web-seljeriji StatCounter şereketiniň 2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň awgustyna çenli aralykdaky maglumatlaryna salgylanýan TechRadar habar berýär
11.09.2025 00:17
2.3k+
Tencent bir suratyň kömegi bilen 3D dünýäsini döretmek üçin EA modelini çykardy
Hytaýyň Tencent kompaniýasy bir suratyň esasynda 3D effektli wideolary döretmäge mümkinçilik berýän Hunyuan World-Voyager açyk EA modelini hödürledi. Algoritm bir suraty alyp, 49-a çenli yzygiderli kadr döredýär, bu iki sekuntlyk wideo deňdir
09.09.2025 13:11
5.3k+
Orson Uellesiň filminiň ýitirilen 43 minudyny emeli aňyň kömegi bilen döretmek isleýärler
Showrunner kompaniýasy Orson Uellesiň 43 minudy ýitirilen hasaplanýan “Ambersonlaryň ajaýyplygy” filmini dikeltmegi maksat edinýär. Bu barada Entertainment Weekly neşiri habar berdi. Dikeldiş üçin uzyn we çylşyrymly materiallary döretmäge niýetlenen täze emeli aň modeli ulanylar
09.09.2025 09:55
3.6k+
Warner Bros. Discovery öz gahrymanlaryny ulanandygy üçin Midjourney-i kazyýete berdi
Warner Bros. Discovery awtorlyk hukuklaryny bozandygy barada Midjourney neýroulgamynyň işläp düzüjisiniň üstünden kazyýet arzasyny berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Resminamada ulanyjylaryň awtorlyk hukugy bilen goralýan kult gahrymanly şekilleri we wideolary döredip biljekdigi bellenýär
06.09.2025 16:55
1k+
Apple kompaniýasy Siri üçin hususy EA gözleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar
Apple geljek ýyl emeli aňyň esasynda gözleg ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Agentligiň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň içinde taslama World Knowledge Answers adyny göterýär
05.09.2025 10:43
2.3k+
Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady
1-nji sentýabrdan Hytaýyň WeChat (Tencent Holdings) we Douyin (ByteDance) ýaly uly sosial ulgamlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen onlaýn kontentleriň ählisine bellik goýup başlady. Muny täze kanun talap edýär diýip, South China Morning Post habar berýär
05.09.2025 10:35
1.3k+
OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär
OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär
03.09.2025 23:30
2k+
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tizlige we işjeňlige gönükdirilen programmirlemek üçin Grok Code Fast 1 emeli aň modelini hödürledi. Model täze arhitektura esaslanýar we giň maglumatlar toplumy bilen okadyldy. Bu işde taýýar çözgütler, programmirleme boýunça meseleler we kody üýtgetmek üçin hakyky ýüz tutmalar ulanyldy
03.09.2025 12:23
2.4k+
OpenAI ChatGPT bilen alşylan hatlary barlaýar we howply mazmuny polisiýa habar berýär
OpenAI kompaniýasy öz blogunda ChatGPT-niň ulanyjylarynyň hat alyşmalarynyň indi zyýanly mazmun taraplarynyň derňelýändigini habar berdi. Potensial howply habarlar gözden geçirmek üçin işgärlere iberilýär we käbir ýagdaýlarda polisiýa iberilip bilner
31.08.2025 20:37
3.4k+
Hünärmenler EA bilen işleýän ilkinji kompýuter wirusyny ýüze çykardy
ESET Research Labs-yň hünärmenleri emeli aňyň kömegi bilen işleýän zyýanly wirusy tapdy. Ol şeýle görnüşli ilkinji mälim bolan wirus boldy we PromptLock adyny aldy. Wirus taýýar promptlaryň toplumyny ýerli EA modeline iberýär, bu model hem jogap hökmünde Lua dilinde skriptleri döredýär (1993-nji ýylda döredilen dil programmirlemesi bolup, köplenç, oýunlary döretmekde ulanylýar)
31.08.2025 08:47
8k+
Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi
Samsung korporasiýasy X sosial ulgamynda mahabat wideosyny hödürledi we onda degişme äheňinde özüniň eplenýän Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň iPhone-dan artykmaçlygyny görkezdi. Sýužet boýunça basseýniň gyrasynda dynç alýan iki adam iPhone bilen eplenýän Samsung smartfonyny deňeşdirýär
30.08.2025 18:10
1k+
Microsoft ilkinji hususy EA modellerini görkezdi: biri sözleýiş, beýlekisi tekst döredýär
Microsoft ilkinji gezek özüniň emeli aň modellerini hödürledi. Mundan öň kompaniýa, esasan, OpenAI-iň çözgütlerini ulanyp, olary Azure infrastrukturasyna we Copilot önümlerine goşýardy. Indi bolsa onuň öz ulgamlary – MAI-Voice-1 we MAI-1-preview bar
27.08.2025 15:44
5.1k+
Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar
Hytaý emeli aň üçin dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurýar. Bu desga Şanhaýyň kenaryndan 10 km uzaklykda ýerleşip, golaýdaky deňiz ýel elektrostansiýasyndan energiýa alar diýip, Live Science habar berýär
27.08.2025 11:12
7.7k+
Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi
Milliarder Ilon Maskyň X we xAI kompaniýalary Apple we OpenAI (ChatGPT çat-botuny dörediji) kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasy bilen Tehasdaky kazyýete ýüz tutdy. Bu barada 25-nji awgustda Bloomberg agentligi habar berdi
26.08.2025 14:37
4.6k+
Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?
Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar
26.08.2025 13:50
1.3k+
OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar
OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär
23.08.2025 18:35
3.6k+
Weýmarda ChatGPT-niň pýesasy boýunça “FaustX” spektakly görkezildi
Nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň ýaşan we işlän ýeri bolan Germaniýanyň Weýmar şäherindäki sungat festiwalynda “FaustX” spektaklynyň premýerasy boldy. Ol günorta afrikaly režissýor Brett Beýli we onuň garaşsyz teatry Third World Bunfight tarapyndan sahnalaşdyryldy
22.08.2025 18:51
7.1k+
Forbes: Ilon Maskyň Grok çat-boty ulanyjylar bilen ýüzlerçe müň söhbetdeşligi internete ýaýratdy
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tötänleýin ýüzlerçe müň ulanyjynyň Grok çat-boty bilen ýazyşan söhbetlerini açyk elýeterlilige hödürledi. Köp ulanyjylar öz söhbetdeşliginiň köpçülige ýaýrap biljekdigini bilmeýärdi diýip, Forbes žurnaly habar berdi
22.08.2025 08:10
1.2k+
Google "Gemini" emeli aňyna resminamalary sesli okamak funksiýasyny goşdy
Google kompaniýasynyň işläp düzüjileri «Google Dokumentler» hyzmatyna teksti ses formata öwürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany girizdiler. Bu gurallar emeli aňyň Gemini modeliniň esasynda işleýär. «Audio» atly täze gural iş meýdançasynyň ýokarky bölegindäki «Gurallar» menýusynda peýda boldy
21.08.2025 16:21
1.8k+
Kosmosdaky ilkinji EA kömekçisi: Hytaý orbita “Ukun” ulgamyny çykardy
“Týangun” stansiýasyndaky hytaý astronawtlary ilkinji emeli aň kömekçisini aldylar. Ýerli açyk modeliň esasynda döredilen “Ukun” atly ulgam täze skafandrlar, miweler we beýleki ätiýaçlyklar bilen “Týançžou-9” ýük gämisi arkaly stansiýa eltildi
18.08.2025 19:32
3.1k+
ChatGPT goşundysy OpenAI-e $2 mlrd getirdi – bu bäsdeşleriň umumy girdejisinden 30 esse köp
OpenAI-iň ChatGPT ykjam goşundysy 2023-nji ýylyň maý aýynda işläp başlany bäri 2 milliard dollar gazandy. Bir ýükläp gurnamadan ortaça girdeji 2,91 dollar boldy. Bu barada Appfigures kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch ýazýar
18.08.2025 09:58
3.3k+
OpenAI Neuralink-iň çägine girýär. Kompaniýa beýni çiplerini döretmäge maýa goýýar
Amerikanyň OpenAI kompaniýasy we ony esaslandyryjy Sem Altman beýni implantlary üçin interfeýsleri döredýän Merge Labs başlangyjyna maýa goýmagy meýilleşdirýärler. Bu barada üç sany anonim çeşmä salgylanyp, Faýnansial Taýms habar berdi
16.08.2025 23:38
4.4k+
EA-nyň ornaşdyrylmagy lukmanlaryň düwnük keselini anyklamak başarnygyny peseltdi – The Lancet
Lukmanlar ençeme aýlap emeli aň tehnologiýalary ulanylandan soň düwnük keselini özbaşdak anyklamak başarnygyny ýitirýär. The Lancet iňlis žurnalynda neşir edilen ylmy gözlegde alymlar şeýle netijä geldi. Ylmy gözleg 2021-nji ýylyň ahyrynda – 2022-nji ýylyň başynda Polşada dört sany endoskopiýa merkezinde geçirildi
16.08.2025 17:45
2.3k+
YouTube görýän wideolaryna esaslanyp, ulanyjynyň ýaşyny kesgitlemek ulgamyny synagdan geçirýär
13-nji awgustda YouTube ABŞ-da ulanyjynyň ýaşyny barlamak boýunça täze ulgamyny synagdan geçirip başlady. Tehnologiýa görýän wideolarynyň häsiýetine baglylykda uly ýaşly we kämillik ýaşyna ýetmedik tomaşaçylary tapawutlandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanar
15.08.2025 14:57
4k+
Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär
Ford öz AI ulgamyndan iki sanysyny – AiTriz-i we MAIVS-i öz zawodlaryna ornaşdyrýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, olar häzirki wagtda iň ownuk önümçilik kemçiliklerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Dirborn şäherindäki zawod her ýylda dürli konfigurasiýaly 300 müňden gowrak F-150 pikabyny ýygnaýar
13.08.2025 07:32
1.9k+
OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy
OpenAI-iň o3 EA modeli Kaggle AI Exhibition küşt ýaryşynyň final oýnunda Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok 4-i 4:0 hasabynda utdy. Bu barada The Independent habar berýär. Ýaryşa Anthropic, DeepSeek, Google we Moonshot AI ýaly kompaniýalaryň hem EA modelleri gatnaşdy
13.08.2025 07:28
2.6k+
Google-dan täze Genie 3 daş-töweregi ýatda saklap, wirtual dünýäleri döredýär
Google kompaniýasy öz emeli aň modeliniň täze Genie 3 wersiýasyny hödürledi. Neýroulgam ulanyjynyň islegi boýunça 720p durulykda hakyky wideolary döredip bilýär. Öňki wersiýalardan tapawutlylykda, EA ulanyjy wirtual dünýäde öwrülen ýagdaýynda-da daşky dünýäni ýatda saklaýar
12.08.2025 14:15
2k+
DeepSeek neýroulgamynyň işinde global näsazlyk bolup geçdi
11-nji awgustda agşam DeepSeek neýroulgamyny ulanyjylar hytaý hyzmatynyň işinde köpçülikleýin bökdençlik barada habar berdi. Näsazlyklar hem web wersiýada, hem ykjam goşundyda ýüze çykdy. Çat-botuň saýtyndaky habarda meseläniň bardygy tassyklandy: “Hyzmat elýeterli däl
11.08.2025 01:07
3k+
WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär
The Wall Street Journal neşiri kähalatlarda ChatGPT ýaly emeli aňly ulgamlaryň adama nädogry ýa-da geň pikirleri berýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ulanyjylarda alada döredýändigini habar berdi. Neşiriň berýän maglumatlaryna
10.08.2025 21:45
3.3k+
Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar
Microsoft 2030-njy ýyla çenli adamlar kompýuterleri sesi, gözi we hatda pikirleri bilen dolandyrar diýip hasaplaýar. Windows operasion ulgamynyň geljegi baradaky garaýyşlaryny kompaniýanyň wise-prezidenti Dewid Ueston paýlaşdy
10.08.2025 14:19
2.8k+
Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi
Microsoft korporasiýasy Bing Image Creator hyzmatynda GPT-4o modelini mugt elýeterli etdi. Indi ulanyjylar bu emeli aň modeliniň kömegi bilen surat döredip biler. GPT-4o tekst beýanlaryna has takyk düşünip, ýazgylary surata goşup, olary üýtgedip ýa-da ýüklenen faýllaryň esasynda täze surat döredip bilýär
09.08.2025 18:18
5.8k+
ChatGPT-nip täze modeli çykandan soň, Mask Grok 5-iň hacan çykjakdygyny aýtdy
Ilon Mask xAI kompaniýasynyň “şu ýylyň ahyryna çenli” Grok 5 modelini çykarjakdygyny aýtdy. Bu OpenAI-iň täze GPT-5 modeli tanyşdyrylandan soň belli boldy. Maskyň aýtmagyna görä, xAI-iň emeli aňynyň häzirki wersiýasy Grok 4 OpenAI-iň soňky modelinden “has üstün gelýär”
«
1
…
9
10
11
…
28
»
«
1
…
6
7
8
9
10
11
12
13
14
…
28
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.