Ýewropa Bileleşigi

Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy
28.01.2026 16:39
3.2k+

Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär
Ýer ýüzüniň 8,2 milliard adamlary planeta boýunça nähili paýlanýar: Infografika
28.01.2026 10:06
8.8k+

Ýer ýüzüniň 8,2 milliard adamlary planeta boýunça nähili paýlanýar: Infografika

Dünýä ilatynyň sany 8,2 milliard adama ýetdi. 1804-nji ýylda planetanyň ilaty ilkinji gezek bir milliarddan geçensoň, geçen asyrlaryň dowamynda bu görkeziji sekiz esse artdy. 2022-nji ýyldan bäri, dogluşyň umumy peselmegine garamazdan, dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy
«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy
27.01.2026 16:31
8.8k+

«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy
ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi
26.01.2026 10:10
941

ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi

Ýewropa guramalary W Social atly täze sosial tory işe girizdiler. Onda ähli ulanyjylaryň şahsyýeti resminamalar we fotosuratlar arkaly hökmany tertipde tassyklanylmak şerti hereket edýär.  Politiken neşiriniň habar bermegine görä, beýle ädim täze platformany botlardan we anonim hasaplardan goramak üçin gerek
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana ekologiýa taslamalary üçin goşmaça €2 mln bölüp berýär
24.01.2026 15:14
6.6k+

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana ekologiýa taslamalary üçin goşmaça €2 mln bölüp berýär

Aşgabatdaky SPECA hepdeligi sebiti ösdürmek boýunça birnäçe möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Hususan-da, «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisinde Brýusseliň ýurduň ekologiýa maksatnamalaryny giňeltmek üçin goşmaça 2 million ýewro bölüp berýändigi yglan edildi
Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
22.01.2026 11:19
925

Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
15.01.2026 23:57
1.8k+

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

14-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy
10.01.2026 11:18
3.8k+

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler
Bolgariýa resmi taýdan ýewro geçdi
03.01.2026 11:19
9.9k+

Bolgariýa resmi taýdan ýewro geçdi

1-nji ýanwardan başlap, Bolgariýa resmi taýdan ýewro pul birligine geçdi. Bir aýyň dowamynda ýurtda iki walýutanyň — ýewronyň we bolgar lewiniň parallel dolanyşygy hereket eder. Şondan soň milli walýuta dolanyşykdan doly çykarylar
Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi
22.12.2025 16:40
4.9k+

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy
Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi
18.12.2025 23:16
4.7k+

Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär
ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär
15.12.2025 07:45
4.1k+

ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi
Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Türkmenistany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
07.12.2025 12:44
6.4k+

Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Türkmenistany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

5-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Mercedes ÝB-niň täze ses talaplary sebäpli käbir AMG modelleriniň önümçiligini bes edýär
20.11.2025 11:43
3k+

Mercedes ÝB-niň täze ses talaplary sebäpli käbir AMG modelleriniň önümçiligini bes edýär

Mercedes-AMG täze Ýewropa talaplary sebäpli uly üýtgeşmelere taýýarlanýar. 2026-njy ýylyň iýul aýyndan başlap, daşky sesiň rugsat berlen derejesini berkidýän UN-R51.03 "Phase 3" kadalary güýje girýär. Kompaniýanyň içki resminamasynyň syzdyrylmagyna görä, AMG modelleriniň käbiri bu parametrlere laýyk gelmeýär
Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek Aşgabatda konsert bilen çykyş eder
14.11.2025 19:12
2.9k+

Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek Aşgabatda konsert bilen çykyş eder

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçegiň konserti geçiriler. Woýseh Waleçek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Artur Rubinşteýn adyndaky halkara ýaşlar bäsleşiginiň, Italiýanyň Parma şäherinde geçirilen F
Türkmenistan Owganystan boýunça ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy
13.11.2025 23:00
2.4k+

Türkmenistan Owganystan boýunça ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy

12-nji noýabrda Brýussel şäherinde Owganystan boýunça Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa dialogynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow, sebit ýurtlarynyň wekilleri we Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen ASEAN guramasynyň arasynda ulgamlaýyn dialog pikirini goldady
11.11.2025 13:54
1.8k+

Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen ASEAN guramasynyň arasynda ulgamlaýyn dialog pikirini goldady

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Mongoliýanyň we Günorta-Gündogar döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy. Diplomatlar depginli ösýän iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar
Aşgabatda «Türkmenistan - ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi
10.11.2025 12:27
1.5k+

Aşgabatda «Türkmenistan - ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi

7-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk etdi.
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy
08.11.2025 18:15
1.7k+

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi
Dünýäniň haýsy ýurtlarynda bugdaý has köp öndürilýär: infografika
07.11.2025 06:32
13k+

Dünýäniň haýsy ýurtlarynda bugdaý has köp öndürilýär: infografika

Bugdaý adamzat üçin möhüm ekin bolmagynda galýar – ol sarp edilýän ähli kaloriýalaryň, takmynan, bäşden birini üpjün edýär. Ýöne 2025-nji ýyla çenli onuň ähmiýeti adaty bir azyk önüminiň çäginden çykdy – indi ol global azyk howpsuzlygy, klimat durnuklylygy we global söwda durnuklylygy baradaky gepleşikleriň merkezinde durýar
“Ýewropada ýylyň awtomobili-2026” baýragynyň finalçylary yglan edildi
05.11.2025 11:54
6.9k+

“Ýewropada ýylyň awtomobili-2026” baýragynyň finalçylary yglan edildi

Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň emin agzalary 2026-njy ýylyň baş tituly üçin finalçylary yglan etdi. Gysga sanawa eýýäm ÝB-niň bazarynda elýeterli bolan ýa-da tiz wagtdan satuwa çykjak ýedi täze model girdi
ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlary başarnyklar hem-de iş orunlaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
02.11.2025 21:10
5.5k+

ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlary başarnyklar hem-de iş orunlaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

30–31-nji oktýabrda Italiýanyň Turin şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 10 million ýewro býujetlik “DARYA” maksatnamasynyň çäginde dördünji ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümet wekilleri, halkara guramalar we bilermenler gatnaşdylar
Ýewropa Bileleşigi öndürijilerden aýrylýan USB-C zarýad kabellerine geçmegi talap eder
21.10.2025 16:20
7.8k+

Ýewropa Bileleşigi öndürijilerden aýrylýan USB-C zarýad kabellerine geçmegi talap eder

Ýewropa Bileleşigi 2028-nji ýyldan başlap sarp ediş elektronikasyny öndürijilerden zarýad berijileri we daşarky energiýa bloklaryny bir umumy ülňi boýunça – USB-C porty bilen çykarmaga borçlandyrjak kanuny tassyklady
Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Brýusselde «Global Gateway 2025» forumy geçirildi
14.10.2025 21:48
3.1k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Brýusselde «Global Gateway 2025» forumy geçirildi

9–10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen «Global Gateway 2025» atly ikinji foruma gatnaşdy
ÝB möhüm on pudakda EA-nyň ornaşdyrylmagy üçin 1 mlrd ýewro bölüp berer, bu o diýen köp däl
11.10.2025 14:05
2.4k+

ÝB möhüm on pudakda EA-nyň ornaşdyrylmagy üçin 1 mlrd ýewro bölüp berer, bu o diýen köp däl

Ýewropa Komissiýasy ykdysadyýetiň möhüm on pudagynda emeli aňy ornaşdyrmak boýunça başlangyjyň işe girizilendigini habar berdi. Täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin 1 mlrd ýewro bölüp bermek meýilleşdirilýär
ÝB Türkmenistana serhet weterinariýa gözegçiligi üçin niýetlenen täze enjamlary gowşurdy
26.09.2025 11:42
6.7k+

ÝB Türkmenistana serhet weterinariýa gözegçiligi üçin niýetlenen täze enjamlary gowşurdy

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otaglaryna döwrebap enjamlar toplumy gowşuryldy. Serhet gözegçiligini kämilleşdirmek üçin niýetlenen bu enjamlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA 10 maksatnamasynyň çäklerinde berildi
Italiýa ÝB-de ilkinji bolup emeli aňyň ulanylyşy barada kanun kabul etdi
20.09.2025 14:19
1.4k+

Italiýa ÝB-de ilkinji bolup emeli aňyň ulanylyşy barada kanun kabul etdi

Italiýa Ýewropa Bileleşiginde emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada The Guardian habar berýär. Resminamanyň maksady innowasiýalara, kiberhowpsuzlyga we şahsy maglumatlaryň goragyna aýratyn üns bermek bilen, EA-nyň aç-açan we howpsuz ulanylmagyna ýardam etmekdir
ÝB Google-a tas €3 mlrd jerime saldy. Bu Ýewropada kompaniýanyň iň uly jerimeleriniň biri
07.09.2025 19:52
4.7k+

ÝB Google-a tas €3 mlrd jerime saldy. Bu Ýewropada kompaniýanyň iň uly jerimeleriniň biri

Ýewrokomissiýa Google-yň baş kompaniýasy bolan Alphabet-e mahabat tehnologiýalarynyň bazarynda agdyklyk ediji ornundan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin 2,95 mlrd ýewro jerime saldy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
07.08.2025 22:58
4.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy
Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
14.07.2025 18:11
5k+

Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň jemi boýunça Volkswagen konserni Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi. Handelsblatt neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, VW Group-yň düzümine girýän ähli brendleriň batareýa bilen işleýän modelleriniň satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sebitde 89% ýokarlandy we 347 900 birlige ýetdi
Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy
12.07.2025 19:12
3.7k+

Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy

2025-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ilkinji gezek Gün stansiýalarynyň kömegi bilen has köp elektrik energiýasyny öndürdi. Bu barada Ember analitiki kompaniýasyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär
ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
09.07.2025 10:18
6k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär
08.07.2025 17:40
3.8k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär
Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy
20.06.2025 20:06
5.3k+

Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi
19.06.2025 13:02
2.8k+

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi

17-nji iýunda Brýusselde (Belgiýa) Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Mejlisiň çäginde adam
Aşgabatda 500-den gowrak adam «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynda» ylgady
01.06.2025 19:40
13k+

Aşgabatda 500-den gowrak adam «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynda» ylgady

31-nji maýda Aşgabatda 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan köpçülikleýin sport çäresine 517 adam gatnaşdy
Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy
25.05.2025 18:42
6.4k+

Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýene 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin çakylyk haty gowşuryldy. Türkmenistanyň
ÝB ulanyjylaryň maglumatlaryny paýlaşandygy üçin TikTok-a 530 mln ýewro jerime saldy
04.05.2025 19:53
8k+

ÝB ulanyjylaryň maglumatlaryny paýlaşandygy üçin TikTok-a 530 mln ýewro jerime saldy

Irlandiýanyň maglumatlary goramak boýunça komissiýasy ÝB-niň maglumatlaryň goralmagy boýunça umumy düzgünleriniň (GDPR) talaplaryny bozandygy üçin, TikTok-yň eýesi bolan ByteDance kompaniýasyna 530 million ýewro möçberinde jerime saldy
Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi
30.04.2025 11:10
2.2k+

Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi

JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär
Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy
25.04.2025 16:13
3.1k+

Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy

Ýewropa Bileleşigi Apple we Meta kompaniýalaryna Sanly bazarlar hakyndaky kanuny (DMA) bozandygy üçin jerime saldy. Apple 500 million, Meta bolsa 200 million ýewro jerime tölemeli edildi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.